logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Täsirli söhbetdeşlik

Kitaphanalar

02.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň – daýanjy» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eseri, ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşantlaryndan söz açýan gymmatly eser bolup, ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de geljegimiz bolan ýaşlaryň ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gürrüňdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

02.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda ahalteke bedewleriniň taryhy, olaryň bütin dünýädäki şan-şöhraty we türkmen halkynyň durmuşyndaky, medeniýetindäki orny giňden beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, türkmen bedewleri barada aýdylýan atalar sözleriniň we nakyllaryň many-mazmuny hakynda talyplar bilen sowal-jogap alyşdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi

Kitaphanalar

01.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda “Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi” atly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli pudakda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we etrap kitaphanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýaşuly nesiller pähim-paýhas, görelde mekdebidir. Ähli döwürlerde olaryň sözleri diňlenilipdir. Watansöýüjilikde, zähmetsöýerlikde nusgalyk görelde görkezipdirler. Halkymyzyň ýaşuly nesillere hormat goýmagy gadymdan gelýän asylly ýörelgedir. Çäräniň dowamynda çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Çemen Pirnazarowa, Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.

No image
BAŞ SALDY DÄBI

Medeni miras

30.09.2026

#### Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan “Dünýä nusgalyk miras” atly gepleşikde türkmeniň baş saldy däbi barada söhbetdeşlik geçirildi Durmuşymyzy dabaralandyrýan toýdur tomaşalarymyz, olaryň şüweleňli geçmeginde uly orun eýeleýän däp-dessurlarymyz türkmeniň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ömürlik hemrasyna öwrülip dowam edip geldi. Toýlaryň içinde täze maşgalanyň döremeginiň alamaty bolan durmuş toýy möhüm orun tutýar. Halkymyzyň agzybirlik baradaky garaýyşlary, garyndaşlyk gatnaşyklaryndaky mizemez ýörelgeler tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar. Türkmen halkynyň asylly, terbiýeçilik ähmiýetli, ruhuňy göteriji däplere baýdygyna baş saldy däbiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Toý tutulan gününiň ertesi goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar ýygnanyşyp gelne baş salýarlar. Muňa, esasan, gelin-gyzlar, orta ýaşlaryndaky zenanlar gatnaşýarlar. Has ýaşuly zenanlar, ýaşajyk gyzlar oňa tomaşa edýär. Gelne baş salnanda iki topar bolup göreşilýär. Gyzlar gelni aldyrmaly däl, gelinler topary bolsa ony hökman alaýmaly. Baş saldyda üç gezek göreşilip, gelni üç gezek almak bu däbiň esasy şerti bolup dowam edýär. Bu göreş ahyry gelniň alynmagy bilen tamamlanýar. Şol bir zenan üç gezek gelne ýetmegi başaran bolsa oňa bu “göreşiň” ýeňijisi hökmünde baýrak berýärler. Şonuň ýaly hem üç gezekde aýry-aýry zenanlar gelni alan bolsa, olaryň hem hersine ýörite baýraklar berilýär. Ondan soňra gelniň başyndaky şaýly tahýany alyp “abraý bilen durmuşa çykmak saňa-da nesip etsin” diýen arzuw-niýet bilen ony täze gelniň baldyzynyň başyna geýdirýärler. Beýleki gyzlar hem şeýle derejelenip, abraý bilen durmuşa çykmagy arzuwlap, gezekli-gezegine ony başlaryna geýip görýärler. Ondan soňra täze gelniň gelinlik dünýäsine gadam basmagynyň aňlatmasy hökmünde onuň başyna gyňaç daňýarlar. Gyňaç daňylandan soň, gelinlik dünýäsine salmagyň aňlatmasy hökmünde täze gelniň iki örüm saçyny arka atmagyň däpleri ýerine ýetirilýär. Gyňaç daňan zenan gelniň saçyny emaý bilen arkasyna geçirmekçi bolýar. Ýöne gelin saçlaryny eline dolap, berk saklap oturýar. Töwerekdäkiler gelniň gaýynenesine “Gelniňiz-ä saçyny berenok, hany näme sowgat berjek” diýenlerinden soň, gaýynene gelnine niýetläp taýýarlan sowgadyny berýär. Şondan soň gelin saçyny berýär, ony yzyna atýarlar. Häzirki döwürde gaýynene gelnine köýneklik, gyňaç ýaly zatlary sowgat berýär. Öňki döwürlerde gaýynene gelnine hökman saçlyk bermeli eken. Bu gaýyn-gelniň arasynda dowam edip gelýän gadymy däplerimiziň biridir. Käbir ýerlerde bu däp häzirki günlere çenli saklanyp gelýär. Eneler köplenç “gelnime bererin” diýen ýagşy niýet bilen, gyzyl çaýylan kümüş şaý-sepleri öňünden ýygnap goýupdyr. Gelinler bolsa “gaýnymyň beren sowgady” diýip, gymmatbaha şaý-sepleri hemişe aýawly saklapdyr. Ogultäç HOJANAZAROWA, Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
Aýdym-sazly çykyşlara beslenen dabaraly çäre

Muzeýler

30.09.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaş nesliň döredijilik ukyplaryna baha bermek hem-de medeni-sungat gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň saz toparynyň ýerine ýetirmeginde "Çaga kalbymyň owazy" atly aýdym-sazly çykyşlar hem gurnaldy.

No image
Medeni mirasymyz halkara giňişliginde

Halkara gatnaşyklary

26.09.2026

ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebit edarasynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde maddy däl medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara okuw merkeziniň (CRIHAP) bilen bilelikde gurnamagynda, 2026-njy ýylyň 8-10-njy sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Merkezi Aziýa sebitinde maddy däl medeni mirasy goramakda muzeýleriň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Gazagystandan gelen öňdebaryjy muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre, Merkezi Aziýa halklarynyň asyrlar boýy kemala gelen däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, senetçiligini, saz we ýerine ýetirijilik sungatyny geljekki nesillere ýetirmekde muzeýleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň döwrebap usullaryny öwrenmäge gönükdirildi. Maslahatyň işine gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar. Horwatiýaly kulturolog, antropolog we maddy däl medeni miras boýunça halkara hünärmen, doktor (Dr.sc.) Tamara Nikolić Đerić tarapyndan geçirilen okuw-amaly maslahatynyň barşynda ÝUNESKO-nyň 1972, 2003 we 2005-nji ýyllardaky Konwensiýalarynyň deňeşdirilmesi, maddy we maddy däl medeni mirasyň özara baglanyşygyna seredildi. Şeýle hem, halkara syýasatyndaky täze özgerişler, ýagny medeniýet pudagyndaky hukuklar, sanly sowatlylyk, durnuklylyk hem-de muzeý pudagynda täze hünär başarnyklaryny özleşdirmek barada amaly mysallar arkaly tanyşdyryşlar geçirildi. Söhbetdeşliklerde muzeýleriň diňe bir eksponatlary saklaýan mekan bolman, eýsem, degişli jemgyýetçilikler bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan medeni merkeze öwrülmelidigi bellenildi. Maslahatyň çäginde gatnaşyjylar halkyň dilden dile geçirilen mirasyny, aýdym-sazlaryny, senedini we milli oýunlaryny muzeý gaznalarynda sanly ulgam arkaly goramak, däp bolan milli sungaty köpçülige (master-klasslar arkaly) ýetirmek, inwentarizasiýa we gözleg işlerini geçirmek ýaly amaly ädimleri kesgitlediler. Çärä gatnaşyjylar 3 topara bölünip, maddy däl medeni mirasy goramak boýunça meýilnamalary düzmek, goraglylyk derejesine baha bermek, serişdeleri çekmek strategiýalaryny we monitoring amallaryny taýýarlamak boýunça amaly ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Bu sebitleýin seminar-trening Merkezi Aziýa halklarynyň medeni gymmatlyklaryny bilelikde öwrenmäge, muzeý işgärleriniň halkara derejedäki amaly tejribesini içgin ösdürmäge hem-de medeni mirasymyzy halkara giňişliginde giňden tanatmaga uly goşant goşdy. Käkilik Öwezberdiýewa, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary.

No image
Dilleriň senasy, buýsanjym Watan

Kitaphanalar

26.09.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça gazanylan beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, onuň türkmen halkyna beren baky bagtyny wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 64-nji orta mekdebinde “Dilleriń senasy, buýsanjym Watan” Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli edebi-duşuşyk geçirildi. Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk – Bagtymyz» atly kitabynda «Garaşsyz diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk – barlygymyz, Garaşsyzlyk- bagtymyz» diýen jümleleriň türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge, okamaga ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen belledi. Garaşsyzlyk – baýramy ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bagtyýar durmuşynyň aýdyň dabaralanmasydygy hakynda hem täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
«KURULTAI 2026» HALKARA MASLAHATY

Halkara gatnaşyklary

25.09.2026

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Buharest şäherinde (Rumyniýa) Rumyniýanyň ÝUNESKO baradaky Milli komissiýasynyň binasynda hem-de onlaýn görnüşde «KURULTAI 2026» halkara maslahaty geçirildi. Çäre gibrid görnüşde guraldy, çykyşlar iňlis we rumyn dillerinde alnyp baryldy. Çäriniň açylyşynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň düzümindäki Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Milli komissiýanyň başlygy Ioana Baskerwille, Tatar Demokratik Bileleşiginiň başlygy Naim Belgin we Rumyniýanyň ÝUNESKO baradaky Milli komissiýasynyň medeniýet boýunça hünärmeni Kodrin Taut söz aldylar. Ýurdumyzdan maslahatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligiň hünärmeni Güljan Igdirowa «Türkmenistanda maddy däl medeni mirasy goramak» (“Safeguarding Intangible Cultural Heritage in Turkmenistan”) temasy boýunça çykyş edip, müdirligiň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Öz çykyşynda ol ýurtda maddy däl medeni mirasy goramagyň hukuk esasy (milli maddy däl medeni mirasy goramak baradaky kanunlar), ekspedisiýalar, taýarlanan gollanmalary we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk ugurlary beýan edildi. Türkmenistan bilen bir hatarda dürli ýurtlaryň we guramalaryň wekilleri çykyş edip, dürli temalar boýunça öz işlerini tanyşdyrdylar. Adem Kaýa ABŞ-da sport we milli oýunlaryň jemgyýetleri nähili özgerdýändigi barada, olaryň taryhy köklerinden başlap, häzirki döwürdäki ähmiýetine çenli gürrüň berdi. Meksikadan Arturo Sançez “Ulama” oýnunyň dikeldilişini gürrüň berip, bu oýnuň ýaş nesle nähili geçirilýändigini gyzykly mysallar bilen düşündirdi. Debora Baržu “Gorkut ata” mirasy türki halklaryň milli özboluşlylygyny beýan etmekdäki ähmiýetini nygtady. Şeýle hem beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlary gyzykly we many-mazmunly boldy. «KURULTAI 2026» halkara okuw maslahatyna gatnaşmak Türkmenistanda maddy däl medeni mirasy goramak boýunça alnyp barylýan işleri halkara hünärmenlerine tanyşdyrmaga we dürli ýurtlaryň tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Güljan Igdirowa Maddy däl medeni miras müdirligi

No image
UZEÝIR GAJYBEKOWYŇ HALKARA FESTIWALY

Halkara gatnaşyklary

25.09.2026

Ýaňy ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde meşhur azerbaýjan kompozitory Uzeýir Gajybekowyň XVIII halkara festiwaly geçirildi. Bu ýyl saz festiwalynyň maksatnamasy Nyzamy Genjewiniň 885 ýyllygyna, Alyşir Nowaýynyň 585 ýyllygyna, şeýle-de Birinji Türkologik Kongresiň 100 ýyllygyna bagyşlanýardy. Festiwalyň maksatnamasy dürli duşuşyklary, ylmy pikir alyşmalary we sazly çäreleri öz içine aldy. Üç günüň dowamynda birnäçe sergiler, tegelek stollar, şeýle hem simfoniki, kamera we milli sazlarynyň konsertleri geçirildi. Kongresiň esasy netijeleriniň biri Türki dünýäsiniň kompozitorlar bileleşiginiň (TUC) döredilmegi boldy. Dabara gatnaşan Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Özbegistandan hem-de Wengriýadan gelen saz dünýäsiniň tanymal wekiller festiwalyň birinji gününde Uzeýir Gajybekowyň ýadygärliginde gül goýluş dabarasyna gatnaşdylar. Soňra Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasynda halkara saz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Konsertde Uzeyir Gajybekow adyndaky Azerbaýjan döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirilmeginde türki dünýäsi kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Festiwalyň ikinji güni Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň merkezi edarasynda Türki dünýäsi kompozitorlar bileleşiginiň ilkinji resmi duşuşygy geçirildi, şeýle hem täze halkara professional platformasynyň Düzgünnamasynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşyldy. Çäräniň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Murad Hüseýinow, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň prezidenti Aktoty Raimkulowa, Azerbaýjan kompozitorlar bileleşiginiň başlygy Frangiz Alizade hem-de türki dünýäsiniň beýleki kompozitorlarynyň çykyşynda döwrebap kompozitorcylyk mekdeplerini goldamak, döredijilik alyş-çalşygyny ösdürmek we türki dünýäsi sazyny halkara derejesinde wagyz etmek ýaly meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy. Halkara saz festiwalynyň üçünji güni Türki dünýäsiniň kompozitorlaryň we sazşynaslaryň arasynda “Türki halklaryň kompozitorçylyk mekdepleriniň döremegi we ösüşi: medeni özboluşlylygyň gözleginde” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda medeni gymmatlyklaryň we saz mirasynyň bilelikdäki döredijiligi üçin giň mümkinçilikleriň döredýändigi bellenildi we türki dünýäsiniň umumy medeni mirasy hökmünde görkezmegiň möhümdigi nygtaldy. Bakuda geçirilen Türki dünýäsiniň kompozitorlarynyň birinji kongresi we Türki kompozitorlar bileleşiginiň döredilmegi türki dünýäsinde saz diplomatiýasynyň taryhynda täze sahypa açýar. Bakuda Türki dünýäsiniň kompozitorlarynyň birinji kongresiniň döredilmegi çuňňur simwoliki many-mazmuna eýedir. Birinji kongres uzak möhletli halkara maksatnamasynyň başlangyjyny alamatlandyrýar. Türki dünýäsi kompozitorlarynyň Birinji gurultaýyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Röwşen Nepesow hem-de sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa gatnaşdy.

No image
Şanly Garaşsyzlygymyzyň şa serpaýynyň eýeleri

Täzelikler

25.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy özüniň mynasyp toý-baýramlaryna, şanly dabaralaryna beslenýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, hünär ussatlylygyny artdyrmakda Gahryman Arkadagymyz «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip, aýdan sözleri döwrüň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdymyzyň döredijilik işgärlerine we ýaş zehinlere berýän goldawlary bimöçberdir. Ýaş zehinli talyplarymyzyň, mugallymlarymyzyň döreden ajaýyp sungat eserleri milli gymmatlyklarymyzyň ebediliginiň we çeperçilik mekdebimiziň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, yglan edilen medeniýet we sungat işgärleriniň, edebiýat, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hemde zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işlerine özleriniň iň kämil, çeperçilik taýdan iň naýbaşy döredijilik eserleri bilen gatnaşyp sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Maksat Hudaýberdiýew, «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Zergärçilik sungaty» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Kömekgeldi Orazdurdyýew, «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Dawutmuhammet Maksatmuhammedow, «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Annageldi Şageldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly altyn zynjyry bilen sylaglandylar. Biz ajaýyp Watanda - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşaýarys, oňa guwanýarys we tüýs ýürekden buýsanýarys. Çünki biz ajaýyp Watanymyzda eşretli durmuşda ýaşap, ýeňişlerden-ýeňişlere, belentliklerden-belentliklere tarap ynamly öňe barýarys. Bu günki gün bize hormatly Prezidentimiziň ýörän ýoly ýörelge, nusgalyk işleri görelde, çuň manyly öwüt-ündewleri dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ebedi, Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hemişe gülläp össün! Jennet ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.