logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN-GAZAK HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

Täzelikler

26.11.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY 25-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gazagystana döwlet sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, gazak Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpaladylar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Gazagystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Gazagystana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanda Türkmenistana doganlyk goňşy döwlet we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýar. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk, taryhyň, diliň, medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Gazagystan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär. Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. _____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 28-30-NJY NOÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

25.11.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 29.11.2025ý. «Mejbury tebip bolan» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Nadaranyň nogtalanyşy» sagat 19:00 ________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 28.11.2025ý. «Balzaminowyň öýlenişi» sagat 19:00 29.11.2025ý. «Toýumyza gel toýumyza» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Öýlenmek» sagat 19:00 ________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 28.11.2025ý. «Böwenjik» sagat 11:00 28.11.2025ý. «Söýgi duralgasy» sagat 19:00 29.11.2025ý. «Ak gämi» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Gyzyl alma» sagat 19:00 ________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 28.11.2025ý. «Сад без земли» sagat 19:00 29.11.2025ý. «Колобок» sagat 12:00 29.11.2025ý. «Пять вечеров» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Золушка» sagat 11:00 30.11.2025ý. «Золушка» sagat 13:00 30.11.2025ý. «Пришел мужчина к женщине» sagat 19:00 ________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 29.11.2025ý. «Sakawyň soňuna seret» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 29.11.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 ________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 29.11.2025ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» sagat 17:00 29.11.2025ý. «Aşyklar» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Böwenjik» sagat 12:00 30.11.2025ý. «Böwenjik» sagat 17:00 30.11.2025ý. «Şadyýan şow» sagat 19:00 ________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 29.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Söýgi bizi halas eder» sagat 19:00 ________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 29.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Her çemenden bir gunça» sagat 19:00 ________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 22.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Täze gelin» sagat 19:00 ________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 29.11.2025ý. «Garaşaryn saňa men» sagat 19:00 30.11.2025ý. «Dowamat» sagat 19:00

No image
«BITARAP TÜRKMENISTAN–PARAHATDYR BU MEKAN» ATLY AÝDYM-SAZLY KONSERTI

Konsertler

25.11.2025

Gün-günden özgerýär, gül açýar Diýar, Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň! Bedew bady bilen has öňe barýar, Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň! _____________________ Bitaraplyk–abadançylygyň, parahatçylygyň aýdyň ýoludyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Häzirki günde bolsa dünýäde dostlugyň we parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, ynsanperwerligiň mekany hasaplanýan Türkmenistan Watanymyz uly ösüşleriň ýolunda barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni bolsa aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Parahat we asuda ýurdumyzda şanly senelere bagyşlanan toý-dabaralar ýokary okuw jaýlarynda-da giňden dabaralanýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we Bitaraplygyň 30-ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde gurnamagynda Kamera orkestriniň we aýdymçy talyplarynyň “Bitarap Türkmenistan–parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konserti geçirildi. Konsertde bagtyýar talyp ýaşlaryň we zehinli mugallymlaryň ýerine ýetirmeginde daşary ýurt hem-de türkmen kompozitorlarynyň naýbaşy eserleri ýaňlandy. K. Esenowyň ýerine ýetirmeginde “Ýatla meni”, H. Kakaýewanyň ýerine ýetirmeginde “Sary gelin” azerbaýjan halk aýdymy, M. Hudaýbergenowanyň ýerine ýetirmeginde “Love story”, N. Garaýewiň ýerine ýetirmeginde “Iki agaç”, G. Taýlyýewa bilen B. Moşşyýewiň ýerine ýetirmeginde “Saraý Kui”, M. Gurbandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde “Käkilik”, G. Akyýewiň ýerine ýetirmeginde “Gitme sen” ýaly aýdym-sazlar ýaňlandy. “Bitarap Türkmenistan–parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konsert şowhunly we täsirli geçdi. Ýaňlanan ussat kompozitorlaryň eserleriniň tomaşaçylarda galdyran täsirleri bolsa ýerine ýetirijileriň çeken irginsiz zähmetiniň ýerine düşendiginiň nyşanydyr. Şunuň ýaly konsertleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi üçin alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin. Parahat ata Watanymyzda şanly senelere bagyşlanýan konsertler, toý-dabaralar dowamly bolsun. _____________ Arzygül ÝAGMYROWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
«TÜRKMENISTAN–PARAHATLYK MEKANY, BITARAPLYK–WATAN ŞÖHRATY-ŞANY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Täzelikler

25.11.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan–parahatlyk mekany, Bitaraplyk – Watan şöhraty-şany» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu okuw-usuly maslahatynyň umumy mejlisi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilip, soňra ol alty bölüme bölündi. Okuw-usuly maslahatyň üçünji bölümi «Milli medeniýetimiziň we mirasymyzyň hazynalary» ady bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň okuw binasynda dabaraly ýagdaýda geçirildi. Maslahatyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhyny, meşhur şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada aýdylyp geçildi. Şeýle hem çykyş edenler döwrebap ösüşli medeniýetimiz, sungatymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, jemgyýetiň ruhy bitewiligini kemala getiriji güýje eýe bolýandygyny, şonuň netijesinde hem türkmen medeniýeti häzirki döwürde milli mirasy we jemgyýetiň häzirki zaman ösüşini özünde jemleýän döwlet durmuşynyň depginli ösýän ulgamyna öwrülýändigi barada belläp geçdiler. Bulardan başga-da maslahatyň dowamynda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşi, Magtymguly Pyragynyň filosofik garaýyşlarynyň ylmy taýdan öwrenilişi, kitap okamak we kitaplaryň gadyr-gymmaty bilim özgertmeleriniň rowaçlanyşy giňden beýan edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary watansöýüjiligiň, milli mertebeliligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň beýik nusgasyny özünde jemleýändigi, bu bolsa ýaşlaryň terbiýesinde möhümdigi hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Okuw-usuly maslahatyň dowamynda mekdebiň agzybir döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazly folklor çykyşyna tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda bolsa, maslahata gatnaşan wekiller, mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY WE MEDENI MIRASY» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Muzeýler

25.11.2025

2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdy. «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, gatnaşyjy talyplar muzeý gymmatlyklary boýunça referat ýazdylar. Bäsleşik Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, ol örän täsirli we çekeleşikli geçdi. Oňa gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary öz ukyp başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýlelikde, bäsleşigiň Baş baýragyna Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Ýusupowa Aýjemal Hezretmämmedowna mynasyp boldy. Şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Mämmetweliýewa Orazgül Hydyrmämmedowna II orna mynasyp boldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlar Hormat hatlar bilen sylaglandy. Bulardan başga-da bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE WATANSÖÝÜJILIGIŇ WASPY

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watansöýüjiligiň waspy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň düýbini tutujy, görnükli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasyň belentden tutulýandygyny, çünki akyldaryň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda ynsanperwerlik, umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýol görkeziji şamçyragdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri nesilleri ruhy, ahlak we medeni taýdan terbiýeleýändigini, onuň paýhasa, parahatçylyga, berkararlyga bolan ynamy häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYK, YNSANPERWERLIK WE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGESI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen birek–birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, ata–babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatçylyk baradaky ýol–ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝER ÝÜZÜNDE ÝAŇLANÝAR PARAHATLYK AÝDYMY

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ýer ýüzünde ýaňlanýar, parahatlyk aýdymy» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Çärede çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde parahatçylygy ösdürmek, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, umumyadamzat bähbitlerini öňe sürmek asylly maksatlarymyza öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylygy asylly ýörelge edinýän halkymyz bu günki günde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylyk söýüjilik ýoluny dünýä ýaýýan beýik gymmatlygydygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY–SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy–sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ählumumy we sebit meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylmagy, hususan-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedigini, bu bolsa parahat ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň hoşniýetli gatnaşyklaryň dostlugyň we ynsanperwerligiň ähli umumy ösüş maksatlaryna hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak Medeniýet öýi, 137-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmatynyň bahasyzdygy, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan, ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyz aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimiziň çelgisine öwrülendigini, türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, ösüşleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyrdylar we sergide goýlan birnäçe ajaýyp kitaplaryň many-mazmuny barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.