logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PYRAGYNYŇ ARZUW EDIP ISLÄNI, PARAHATLYK GURŞAP ALSYN DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen “Aşgabat” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuw edip isläni, parahatlyk gurşap alsyn dünýäni» ady bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýan, döredijilik mirasy bilen halkyny tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlanan beýik şahsyýet bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň eserlerinde parahatlygy, agzybirligi, mertligi-edermenligi ussatlyk bilen beýan edýän parasatly goşgulary bu gün ýaşlary batyrlyk, gaýduwsyzlyk ruhunda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
IL SAGLYGY ÝURT BAÝLYGY

Kitaphanalar

25.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Il saglygy ýurt baýlygy» ady bilen geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplaryndan kitap sergisini gurnadylar. Maslahatyň dowamynda hassahananyň lukmanlary gurnalan sergä syn etdiler, olar serginiň özlerinde galdyran gyzykly täsirleri barada öz ýürek buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler. Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
YHLASLY ÝÜREK-HÜNÄRLI ELLER

Kitaphanalar

25.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde gurnamagynda «Yhlasly ýürek-hünärli eller» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çagalar otaglaryny özleriniň kagyzdan ýasan “sungat eserleri” bilen bezemek has-da täsirli bolýar. Kagyzdan dürli zatlary ýasamak çagalar bilen bir hatarda ulular üçin hem gyzykly güýmenjedir. Eýsem, kagyzdan nämeler ýasap bolar? Kagyzdan dürli görnüşli diwardan asylýan bezegleri, kebelek, gül, ösümlikdir jandarlaryň şekillerini, howa şaryny, we ş.m zatlary ýasamak mümkin. Zähmetiň bu görnüşi çagalarda has uly täsir galdyrýar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpeje nesillerimiziň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG

Kitaphanalar

25.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýolumyza şamçyrag» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp eserleri Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen aýdyň maksatlaryň jemi bolup, biziň üçin mizemez ýol ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamynyň ýiti, janynyň sag, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY

Täzelikler

25.11.2025

24-nji noýabrda Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde 2025-nji ýylyň“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Hazaryň ajaýyp kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere geldi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä derejeli syýahatçylyk we dynç alyş şertlerini özünde jemleýän zolaga öwrüldi. Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde giňden ykrar edilýär. Gaznanyň şahamçasynyň ýerleşmegi teklip edilýän binany oňlap, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döredilen şertler we şahamçanyň netijeli işini ýola goýmakda möhüm ähmiýeti bolan mümkinçilikler bilen içgin tanyşdy. Bu ýerde öňde durýan wezipeleri kesgitlemek, täze başlangyçlary öňe sürmek boýunça iş alyp barjak hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri R.Bazarowa we O.Atabaýewa ýüzlenip, halkara maslahatyň öňüsyrasynda gaznanyň şahamçasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda maslahatlaryny berdi. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirer hem-de gaznanyň işini köptaraply esasda alyp barmaga mümkinçilik döreder. Şunda bu işleriň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmeginde ähmiýetlidigine üns çekildi. Häzirki döwürde haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän düzüme öwrüldi. Munuň özi ýaş nesilleriň sagdyn ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Soňky ýyllarda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalaryň saglygy dikeldildi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine höwesli bolmaklary ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunda olaryň saglygyny bejermek işiniň bedenterbiýe we sport bilen utgaşdyrylmagyna zerur üns berilýär. _______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN-GAZAGYSTAN: DOSTLUK WE KÖPUGURLY STRATEGIK HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

Täzelikler

25.11.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY 24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Dünýäniň energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan wagtyndan bäri köp sanly ylalaşyklary öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassyklaýan esasy resminama bolup durýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli dialogy saklaýarlar. Ýurtlarymyz halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Gazagystan Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini üýtgewsiz goldap, oňa sebitde durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň netijeli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurtlarymyz özara haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmagy maksat edinýärler. Uglewodorod serişdelerini iri eksport ediji Türkmenistan hem-de Gazagystan nebitgaz ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň bazarlaryny baglanyşdyrýan we ählumumy energetika ugurlaryna çykýan turba geçiriji infrastrukturasy bu hyzmatdaşlykda wajyp orny eýeleýär. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistan hem-de Gazagystan Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny Pars aýlagy we Hind ummany bilen baglanyşdyrýan Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça işjeň tagalla edýärler. Bu ulag geçelgesiniň düzümine girýän Gazagystan—Türkmenistan—Eýran demir ýoly iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga ýardam berýän taslamadyr. Ýurtlarymyz kenarýaka döwletler hökmünde Hazar deňziniň biodürlüligini goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. 2018-nji ýylda Aktau şäherinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa bu hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Türkmen hem-de gazak halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär. Milli sungaty, däp-dessurlary wagyz etmäge gönükdirilen özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki maslahatlaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, akademiki, ylmy alyşmalar munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. _____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«YNSAN ÖMRÜNIŇ GORAGYNDA» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Täzelikler

24.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda «Ynsan ömrüniň goragynda» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda adamlaryň saglygynyň we abadan durmuşynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgit¬lenilýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň ta¬gallalary esasynda has-da rowaçlanyp, ýetilen beýik sepgitler dogrusynda yzygiderli çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de, ynsan saglygyna bagyşlanan sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän çykyşlar beýan edildi.

No image
ÇAGALARYŇ KÖŇÜLLERINDE ORUN ALAN ŞAHYR

Kitaphanalar

24.11.2025

Mähriban okyjylar ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdepde “Çagalaryň köňüllerinde orun alan şahyr” atly ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirowyň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli edebi duşuşyk geçirdi. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, biz mekdep partasynda oturyp, hat ýazmagy öwrenip, kitaplary okap başlaýarys. Munuň üçin biz ilkinji galam tutmagy öwreden mugallymymyza minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Kitap okamagy öwreninemizden soň gyzykly ertekileri, goşgulary okap bilýäris. Elbetde körpe okyjylara tebigatyň täsinligini, haýwanlar hakynda gyzykly wakalary, çagalyk dünýäsiniň durmuşyny beýan edýän goşgulary ýazyp sowgat berýän biziň şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz. Ine şol gyzykly goşgularyň awtorynyň biri çagalary söýýän şahyr Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalyň eýesi bolan tanymal türkmen ýazyjysy, dramaturg, şahyr, Hemra Şirow. Halypa Hemra Şirow ýaş okyjylar bilen ýygy-ýygydan duşuşyklarda bolýar. Ol hemişe çagalaryň ýürekden küýseýän myhmany. Ýazyjy indi ömrüniň 40 ýyldan gowrak wagtyny çagalar bilen döredijilik duşuşyklaryna uly höwes bilen gatnaşyp gelýär. Çagalaryň şahyra sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary tötänden däldir, çünki ýazyjynyň eserleriniň köpüsi çagalara bagyşlanýar. Şahyr Hemra Şirowyň Türkmen döwlet gurjak teatrynda 2009-njy ýylda “Ýartygulak” 2010-njy ýylda “Alýaňak”, 2013-nji ýylda “Öweý eje” atly eserlerini režisýor Ylýas Durdyýew sahnalaşdyryp halk köpçüligine ýetirildi. Şahyryň goşgularynda goşa mazmunly–hem çagalara, şonuň bilen birlikde-de, ulular üçinem ýazylan goşgular az däl. Edebi gözleglere baý döredijiligi bilen okyjylaryň söýgüsini gazanan halypa Hemra Şirow elmydama edebiýat meýdanynyň tämizligi ugrunda barlyşyksyz göreşýän ýazyjy. Çagalaryň şahyra sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary tötänden däldir, çünki ýazyjynyň eserleriniň köpüsi çagalara, bagyşlanýar. Çagalyk–bu biziň her birimiziň gelip çykan mekanymyzdyr. Bu ýurt nä derejede ýagty we mährem bolsa, şonda ulaljak çagalar hem şonça mähirli we gowy adamlar bolup ýetişerler. Şahyr çaganyň aň-bilime bolan höwesini oýarjak, tebigaty söýmeklige we töweregindäki adamlara düşünmeklige eltjek ýagşylyga çagyrýan çagalar üçin kitaplarydygyny aýdýar. Halypa şahyryň gelmegine çäksiz begenen 51-nji orta mekdebiň 4-nji “B”, “Ç” synpyň göreldeli okuwçylary Hemra Şirowyň goşgular ýygyndysyndan “Ýyrtylan kitap”, “Ýalta oglanjygyň arzuwy” atly goşgularyny sahnalaşdyryp ýerine ýetirdiler. Şahyr okuwçylar bilen geçirilýän duşuşykda olaryň aň-düşünjesini barlamak üçin düzen matematika dersi boýunça tapmaça goşgulary, edebi dilde arassa ýalňyşsyz gürläp bilmegi üçin edebiýat sapagy bilen bagly ýaňlytmaç görnüşli goşgulary okap çaglar bilen sorag-jogap alyşýar. Çagalar öz gezeginde begenip şowhun bilen tapmaça goşgularyň jogaplaryny berýärler. Halypa şahyr kitaplary köpräk okamagy, diňe kitap bilen dostlaşsaň köp zady öwrenip boljakdygyny wagtyňy bisarpa tutmazlygy okuwçylara tabşyrýar. Geçirilen çärede kitaphananyň hünärmenleri şahyryň birnäçe tomdan ybarat bolan tomluk kitaplary we irki döwürlerde çap edilen kitaplardan kitap sergisini gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda gün-günden gülleýän, bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
«HALK SAZ GURALLARY» KAFEDRASYNYŇ ÝAŞ MUGALLYMY RAHYMBERDI HOJAGELDIÝEWIŇ TALYPLARYNYŇ KONSERTI

Konsertler

24.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde edýän atalyk aladalary çäksizdir. Ýakynda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň ýaş mugallymy Rahymberdi Hojageldiýewiň talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertiň başynda Çarlz Manýanteniň “Wenesiýa karnawaly” eserini V ýyl talyby Aşyr Sadulaýew ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Soňra II ýyl talyby Amangeldi Baýramgeldiýew meşhur daşary ýurt kompozitory Astor Piazzollanyň “Libertango” eseri bilen çykyş etdi. Onuň yzysüre II ýyl talyby Didar Jumadurdyýew kompozitor Konstantin Mýaskowyň dost-doganlyk sazy bolan “Özbek tansy” eserini örän täsirli ýerine ýetirdi. Ussat kompozitor Waleriý Kowtunuň “Fantaziýa” uly göwrümli eserini hem-de “Kubinskiý karnawal” eserleri bilen IV ýyl talyby Jangeldi Hümmedow çykyş etdi. Bu çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy. Meşhur türkmen kompozitory Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Tokkata” eserini V ýyl talyby Rüstem Haýytow ýerine ýetirdi. Bu çykyş tomaşaçylar üçin täsirli çykyş boldy we gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy. Konserti II ýyl talyby Ylham Şerdalyýew ussat daşary ýurt kompozitorlary Wiktor Wlasowyň “Bossa-nowa”, Astor Piazzollanyň we Wladimir Zykiniň belli eseri “Libertango” eserleri bilen jemledi. Bu eserler tomaşaçylarda örän täsirli ýatlamalary galdyrdy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Halk saz gurallary” kafedrasynyň ýaş mugallymy Rahymberdi Hojageldiýewiň talyplarynyň konserti örän gyzykly we täsirli geçirildi. Konsert tamamlanandan soňra konsertde çykyş eden talyplar we tomaşaçylar ýadygärlik surata düşdiler. Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň kämil derejede ylymly-bilimli bolmagy, öz zehinimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin edýän atalyk aladalary üçin sagbolsunymyzy aýdýarys. _____________ Osman Sapargeldiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň V ýyl talyby

No image
DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ ÝAŇY TÜRKMENISTANDA: ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY KONSERTI

Konsertler

24.11.2025

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda edilýän işler çuňňur hoşallyga mynasypdyr. Bu hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň geçirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu çäre ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi, gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşigi bilen özara deňhukukly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarlydygyny we bu ýörelgäniň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigini belleýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurtda durnukly ösüşiň esasyny hökmünde medeniýetiň, bilimiň we ylmyň ähmiýetini berkidýän ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyklar has-da giň gerime eýe boldy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýärler. Şeýle hem bu gurama bilen dürli taslamalar we bilelikdäki maksatnamalar ençeme üstünlikli amala aşyrylýar. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açyp berýär. Bu çäreleriň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar, konsertler, ykdysady sapaklar, Ýewropanyň milli festiwallary we beýleki köp sanly çäreler iki tarap üçin hem täsirli bolýar. Türkmenistanyň medeniýet işgärleri Ýewropa Bileleşiginiň “Gerasimus” maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuwlaryň we iş duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, özleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy mynasybetli geçirilen konsert hem bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly boldy. Mukamlar köşgünde guralan bu ajaýyp saz agşamynda Polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçek, saz äleminiň dürli döwürleriniň kompozitorlarynyň eserlerini ýaňlandyrdy. Konserte dürli ýaşdaky tomaşaçylar höwesjeň gatnaşyp, ussat ýerine ýetirijiniň dünýä belli saz eserleriniň kalplara siňen täsirinden lezzet aldylar. Dabaraly konsertiň dowamynda W.A.Mozartyň 40-njy simfoniýasy, L.Wan Bethoweniň 5-nji simfoniýasy, F.Listiň “Söýgi düýşleri”, F.Şopeniň fortepiano üçin 1-nji konserti, N.Paganiniň №24 “Kapriz” ýaly nusgawy eserler bilen birlikde, K.Debýussiniň “Aý şöhlesi” we Isaak Albenisiň “Tango” ýaly impressionist döwrüniň eserleri hem ýaňlandyryldy. Konsertiň dowamynda dirižýor Rasul Klyçýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen Döwlet simfoniki orkestri hem Woýseh Waleçek bilen bilelikde konsert eserlerini ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetiriji ussat sazandalar tomaşaçylara dürli döwürleriň ajaýyp saz keşplerini ýaňlandyrdylar we gyzgalaňly el çarpyşmalar bilen garşy alyndylar. Ajaýyp saz agşamynyň soňunda meýilnamadan daşary Woýseh Waleçek ruhy buýsançly joşguny bilen Beýik Polýak kompozitory F.Şopeniň saz eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň kalbyna siňdi. Bu konsert, Ýewropa we Türkmen medeniýetleriniň sazlaşygynyň ajaýyp beýany bolup, gatnaşyjylaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu ýaly çäreler, iki halkyň medeniýetleriniň has-da ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegine we hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere ýetmegine uly goşant goşýar. Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleri, diňe bir sungat çäresi bolman, eýsem syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam berýän möhüm ähmiýetli forumdyr. Bu günleriň dowamynda geçirilýän dürli duşuşyklar we gepleşikler, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy syýasatynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalanmagyna hem öz goşandyny goşýar. Bu ugurda edilýän tagallalar, geljekde hem dowam etjekdigine we has-da rowaçlanjakdygyna ynanýarys. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. ______________ Ahmet Jumakulyýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji