logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TEATR ARTISTLERINIŇ ÜSTÜNLIGI

Teatr we kino dünýäsi

29.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli köklere daýanýan medeniýetini we sungatyny täze belentliklere götermekde, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem mukaddes Garaşlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, watanperwerligine, parahatsöýüjigine, halkymyzyň bagtyýarlygyna, üýtgewsiz ruhy gymmatlyklar bolan ýokary ahlaklylyga, adamkärçilige, hoşniýetlilige şeýle hem täze zamanamyzda gazanylýan beýik zähmet üstünliklerini belentden wasp edýän, gündelik durmuşyň şanly wakalaryna bagyşlanan, halkymyzyň milli ruhuna mahsus täze sahna eserleriniň döredilmegini gazanmakda hem-de ýurdumyzyň teatr artistlerini höweslendirmekde yzygiderli geçirilýän halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň hem ähmiýeti uludyr. Golaýda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwaly geçirildi. Bilşimiz ýaly, Aktau şäheri 2025-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň –TÜRKSOÝ-yň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini aýratyn bellemek gerek. Çünki TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreleri türki halklaryň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwalyna Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary gatnaşdy. Festiwalyň çäklerinde türkmenistanly teatr artistleri Ç.Işangulyýewiň hem-de A.Berdiýewiň pýesasy esasynda Ö.Galandarowyň sahnalaşdyran «Baýram han Türkmen» atly drama eserini görkezdiler. Bu sahna oýnunda XVI asyrda Hindistanda Babyr soltan tarapyndan esaslandyrylan Mogollar şadöwletinde «Hanlar hany» hormatly döwlet derejesine eýe bolan Baýram hanyň başdan geçiren gahrymançylyklary, ussat serkerdäniň öz şygyrlarynda beýan edýän maglumatlaryň esasynda janlandyryldy. Baýram hanyň ýaş nesillere bagyşlan watanperwelik şygyrlaryny teatr muşdaklary orunlaryndan ör turup, dowamly el çarpyşmalary bilen kabul etdiler. Netijede teatryň döredijilik topary halkara teatr festiwalyň ýokary baýragyna «Sahna oýnunda milli medeniýeti iň gowy dabaralandyrandygy üçin» atly baýraga, festiwalyň Kubogyna hem-de TURKSOÝ-yň Hormat hatyna mynasyp boldular. Halkara teatr festiwalyna Azerbaýjan Respublikasynyň Seki welaýatynyň döwlet teatry «Dar agajy», Wengriýanyň Bekeşçaba şäher döwlet drama teatry «Segsen bedre howa», Gazagystanyň Mangistau oblastynyň H.Žanturin adyndaky sazly drama teatry «Görogly», Gyrgyz Respublikasynyň T.Abdymamunow adyndaky baş akademiki drama teatry «Soňky hat», Türkiýe Respublikasynyň Bursa döwlet drama teatry «Rawy we Jellat», Özbegistanyň milli akademiki sazly drama teatry «Abyl we Kabyl» atly sahna oýunlary bilen gatnaşdyrlar. Festiwalyň çäginde mundan başga-da Türki medeniýetiniň halkara guramasyna–TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III teatr festiwalynda türki halklaryň teatr sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmakda, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli boljak ussatlyk sapaklary, tejribe alyş maslahatlary geçirildi. Olara ýokardaky ady agzalan döwletleriniň sungat we medeniýet işgärlerinden başga-da Täjigistanyň, Gagauziýanyň belli režissýorlary hem-de dramaturglary, teatr sungatyny öwreniji alymlary gatnaşdylar. Festiwalyň çäginde görkezilen teatr egin-eşikleriniň, dekoratiw-bezeg gymmatlyklarynyň, milli saz gurallarynyň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlaryna degişli eserleriň sergilerine-de giň orun berildi. Halkara festiwalynyň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew gatnaşdy hem-de ol TURKSOÝ-yň Hormat haty bilen sylaglandy. Ýurdumyzdan wekilçilik eden sungat we medeniýet işgärleri festiwalyň çäklerinde Hazar deňziniň gazak kenarynda ýerleşýän Aktau şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler. Şäheriň gözellikleri sungat ussatlarynyň döredijilik ylhamyny has-da joşdurdy. Bu halkara teatr festiwalynyň ýokary baýragyna mynasyp bolan balkanly teatr artistleri dostlukly döwletleriň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu sungat baýramynyň köňülleri birleşdirýändigini, birek-birekden sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga ýardam berýändigini aýratyn belläp, özlerine şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarlar. ___________________ Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy

No image
WATAN GORAGÇYLARYNA SYLAGLAR GOWŞURYLDY

Täzelikler

29.09.2025

28-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi. Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlaryň dakylmagy hem-de hünär derejeleriniň berilmegi olaryň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna ýokary bahadyr. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, üçünji müňýyllygyň öň ýanynda-34 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygymyz bütin dünýä jar edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýol-Türkmenistanyň özygtyýarly, özbaşdak hem-de erkin ösüş ugry saýlanyp alyndy. Bu şöhratly döwürde biziň ýurdumyz özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlete öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitläp, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýär we halkymyzyň parahat, abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün edýär. Harby gullukçylara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem olaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle-de Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Berkarar Watanymyza, halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli berlen ýokary döwlet sylaglaryny uly buýsanç bilen kabul eden harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri mundan beýläk-de gulluk borçlaryny birkemsiz berjaý etjekdikleri barada harby kasamy kabul etdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz türkmen döwletiniň sarsmaz daýanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň üns merkezinde saklanylýar. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglaryny kabul edip, Watana ebedi wepalylygyň, türkmen halkynyň parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Harby gullukçylar türkmen halkyna mahsus bolan watansöýüjilik, wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeleri dowam etdirjekdiklerini nygtap, ýokary döwlet sylaglary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna, Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler. Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy babatda ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berkidilmegine, döwletimiziň çäk bitewüliginiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny subut edýär. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «IGNFI» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

29.09.2025

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň baş baýramy-Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary baha mynasypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň şu saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumy ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar. Ilatyň durmuşy we maddy hal-ýagdaýy köp babatda bu pudagyň ösüşine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz pudagy ösdürmäge, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Oba hojalyk toplumyny kämilleşdirmek, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary, ilkinji nobatda, baý tejribesi we kämil tehnologiýalary bolan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, “IGNFI” kompaniýasyny hem şolaryň hatarynda belledi. Nygtalyşy ýaly, pudagyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk we agronomiýanyň durnukly usullary ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy. Işewür Türkmenistanda oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “IGNFI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirip, kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «TOYO ENGINEERING CORPORATION» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

29.09.2025

28-nji sentýabrda baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýapon-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, maýa goýumlar üçin döredilen oňyn şertler gatnaşyklary giňeltmäge esas berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň, şol sanda “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň möhüm ornuny belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Ýapon kompaniýalary iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uly goşant goşýarlar. “Toyo Engineering” kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu düzümiň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň-polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça has-da ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy. Eiji Hosoi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
BITARAP TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANYNA

Täzelikler

29.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygynyň döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri bu ýerde şanly seneler mynasybetli dürli at çapyşyklary geçirilip gelinýär. Munuň özi halkymyzyň geçmiş taryhyna, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryndan orun alan ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we tutuş dünýäde ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ajaýyp netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi-de munuň bir mysalydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde «Taýçanak» binasynyň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. ______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISLER MERKEZINDE GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERTI GEÇIRILDI

Konsertler

27.09.2025

26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Mejlisler merkezinde baýramçylyk ruhunda bezelen sahnada emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününi täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň buýsanç duýgularyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hemme baýramçylyklar we dabaraly çäreler sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Olar milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak we täze zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredilen döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara aýratyn öwüşgin çaýýar. Munuň şeýledigine bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýene bir gezek göz ýetirdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «BUIG» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY KABUL ETDI

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar. Fransuz işewürleri wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz myhmanlary mähirli mübärekläp, “Buig” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol döwürde kompaniýa halkara hil we durnukly ösüş standartlaryna laýyk gelýän taslamalary amala aşyrýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işewürleriň şu gezekki saparynyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, kompaniýanyň Türkmenistandaky işiniň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, her ýyl medeni-durmuş we jemgyýetçilik maksatly täze desgalar bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň üsti ýetirilýär. Aşgabat halkara hem sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde ornuny pugtalandyryp, okgunly ösmegini dowam etdirýär. “Buig” kompaniýasy 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kompaniýanyň jogapkärçiligiň ýokary derejesini görkezip, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigini nygtady. Bilelikde amala aşyrylan taslamalar Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, şol sanda ýurdumyzyň gurluşyk, inženerçilik-senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşdy. Kompaniýa öz işinde innowasiýalary, milli özboluşlylyk bilen sazlaşykly utgaşýan döwrebap binagärlik çemeleşmelerini işjeň ulanýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, ýurdumyzyň “Buig” kompaniýasynyň täze tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Marten Buig bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga ygrarlydygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. _____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «BUIG» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Marten Buig ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda işlemegiň ýolbaşçylyk edýän düzümi üçin uly mertebedigini belläp, daşary ýurt kompaniýalaryna, şol sanda “Buig” kompaniýasyna türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin hoşallygyny beýan etdi. Marten Buig şu gün hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen duşuşygyň örän netijeli bolandygyny, onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki täze ugurlary barada pikir alşylandygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz myhmanlary mähirli mübärekläp hem-de gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Buig” kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär we şol döwürde paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdiren köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi. Kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, Aşgabat halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidip, okgunly ösmegini dowam etdirýär. Her ýyl hil we gözellik babatda ýokary standartlara laýyk gelýän täze, döwrebap desgalar bilen paýtagtymyzyň binagärlik infrastrukturasynyň üsti ýetirilýär. “Türkmenistan abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Elbetde, şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda “Buig” kompaniýasy hem bar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Marten Buig bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de öz şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz berjaý etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. ___________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «RÖNESANS HOLDING» KOMPANIÝASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de Erman Ylyjak Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk pudagynda gazanýan üstünliklerine ünsi çekip, ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde Milli Liderimiziň uly goşandyny aýratyn nygtady. Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol ýyllaryň dowamynda kompaniýa özüne ynanylan taslamalary halkara standartlara laýyk ýerine ýetirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Erman Ylyjak kompaniýanyň ýerine ýetirýän gurluşyk işlerinde Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryndan ugur alynýandygyny aýdyp, munuň üçin hormatly Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. Halkarymyzyň taryhy, medeni, dil babatda umumylyklary munuň şeýle bolmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hususy pudakdaky netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny aýdyp, kompaniýanyň alyp barýan işine ýokary baha berdi. Işewür bildirilýän uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny mundan beýläk-de öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň oňyn tejribäni nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. _______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ DOLANDYRYJYLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de işewür Gahryman Arkadagymyzdan şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimize gutlaglaryny ýetirmegini haýyş etdi. Ahmet Çalyk Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny belledi. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem işewür mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz işewüri mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde Türkiýäniň Türkmenistanda işleýän kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň goşandyny belledi. Häzirki wagtda kompaniýa senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Şeýle-de bu düzümiň Türkmenistanyň energetika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda alyр barýan işlerine üns çekildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň we ykdysady taýdan netijeli çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. Işewür bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de berk ygrarly boljakdygyna ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. _____________________ «Türkmenistan» gazeti