logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Söz mülküniň bossany

Kitaphanalar

06.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň döredijilik topary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň many-mazmuny, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy ýadygärliklerini, dünýä ýurtlary bilen söwda aragatnaşyklaryny ýaşlara giňişleýin wagyz etmek maksady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet hem-de sungat ussatlary, halypa mugallymlar gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy, gadymy galalar, ýadygärlikler, olar baradaky rowaýatlar barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň gurnan sergisi duşuşyga gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri hem-de taryhy ýadygärliklerimiz baradaky dürli neşirler orun aldy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, şöhratly taryhymyzy, gadymy ýadygärliklerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Sähra meňzeş şahyr

Kitaphanalar

06.07.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri atly çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny hoş geçirýän çagalar bilen şahyr Halyl Kulyýewiň “Sähra meňzeş şahyr” atly ady bilen şahyr Halyl Kulyýewiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp, çeper okaýyş geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda şahyr Halyl Kulyýewiň şygyrýetini baharyň bütin barlygyny özüne siňdirip, şahyrana bahary kemala getiren döredijilikdir, şypalydyr, şirindir, diýip muny diňe bahar hakyndaky goşgulary däl-de, eýsem, şahyryň bahar tebigatyna dahylly bolmadyk şygyrlaryny, tutuş şahyrlyk labzyny nazara alyp aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlygy bagyşlan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Täsirli sergi

Muzeýler

06.07.2026

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan Gökderede ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi we ýerasty baýlyklary» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Muzeýiň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Serginiň dowamynda ýurdumyzda gazylyp alynýan ýer asty baýlyklar, olaryň halk hojalygynda ähmiýeti we gazylyp alynýan ýerleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Bu sergi çagalarda uly täsirleri galdyrdy.

No image
Watan – biziň başymyzyň penasy, Watan – nesilleriň ýürek senasy

Kitaphanalar

06.07.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Watan – biziň başymyzyň penasy, Watan – nesilleriň ýürek senasy” atly brifing geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlyklarynda bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurup we döredip, innowasiýalary özleşdirip, ösüş ýoly bilen öňe barýar. Gelejege nurana gapylary açýan şol ýollarda ýaşlara uly orun degişlidir. Watan mukaddesligine düşünip, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize buýsanýan hem-de nurana geljegimize ynanýan ýaşlar ýurduň geljegidir. Bu barada Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda aýratyn nygtap, ýurdumyzyň häzirki wagtda dürli ugurlarda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Çärä gatnaşyjylar gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Şeýle bagta ýetiren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ÇAGA – NESIL DOWAMATY

Muzeýler

03.07.2026

2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çaga – nesil dowamaty» atly sergi guraldy. Sergide XIX–XX asyrlara degişli bolan muzeýiň gaznasynda saklanylýan çaga bezeg şaýlary, taryhy fotosuratlar, milli çaga egin-eşikleri, çaga oýnawaçlary, aşyk we aşyk torbalary, horjunjyklary görkezildi. Bulardan başga-da gyz we oglan çagajyklara niýetlenip sünnälenip örän inçeden nepis keşdelenen başgaplar, tahýalar, çaga donlary, begres dony, kürtekçeler, ezýaka köýnekler, agar çäkmen we aýakgaplar görkezilýär. Eneleriň mähir-yhlasy siňen gadymy çaga köýnekleri, tahýalar hem-de donjagazlar reňkleriň özboluşly dünýäsini emele getirýär. Çaga egin-eşiklerini bezemek we göz-dilden goramak maksady bilen, ok-ýaý, bäzbent, goçbuýnuz, ýelpewaç, ýazma, eginlik, aýak bukow, burma ýaly çaga şaýlary hem sergide ýerleşdirildi. Bu milli gymmatlyklar türkmen halkynyň durmuşynda çaganyň ornuny, çaga lybaslarynyň we milli esbaplarynyň köpdürlüligini görkezýär.

No image
Halypa sarpasy

Kitaphanalar

03.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň döredijiligine bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň baý ruhy mirasyna, aýratyn-da nusgawy edebiýatyna uly sarpa goýýandygy, söz ussatlarynyň döredijiliginiň ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi barada söhbet etdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň birnäçe eserleri ýazandygy, şol eserleriň dürli ýaşly okyjylara niýetlenip, olaryň birnäçesiniň daşary ýurt dillerine terjime edilendigi we dürli halklaryň okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanandygy hakynda giňişleýin durup geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy sazlaşykly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Türkmen halk ertekileri

Kitaphanalar

03.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmen halk ertekileri kitabyndan sesli okaýyş geçirildi. Geçirilen sesli okaýyşda ýaş nesillere Türkmen halk ertekileri kitabyndan dostluk-doganlyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik bilen baglanşykly ertekileri sesli okap berdiler we many-mazmuny hakynda giňişleýin düşündirdiler. Şeýle-de kitapda beýan edilen rowaýatlar çagalarda we ýetginjeklerde ynsanperwer duýgularyny we düşünjelerini artdyrmakda uly ähmiýetiniň bardygy hakynda bellediler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Biz Watanyň gunça güli

Kitaphanalar

03.07.2026

Lebap welaýat kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň 4-nji bakja bagynda “Biz Watanyň gunça güli” ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Watanymyz çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýar. Körpeleriň çagalar bagyndan başlap döwrebap tehnologiýalara erk etmegi, öwrenmekligi baradaky başlangyçlar muňa aýdyň subutnamadyr. Körpeler ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza goşgularyň üsti bilen özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

No image
Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletiň abatlygy

Kitaphanalar

03.07.2026

Ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminde ösüp gelýän ýaş nesliň kadaly dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin dürli şertler döredilen sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda “Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletiň abatlygy” atly sport medeni çäresi geçirildi. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary bu medeni çäräniň dowamynda kitap sergisini gurap, çagalara gyzykly kitaplary okap, sorag-jogap alyşdylar we olaryň arasynda çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirdiler. Dynç alyş merkeziniň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza goşgularyň üsti bilen özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

No image
Türkmen sungaty halkara derejesinde dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

03.07.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde, Birinji türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny – 1-nji iýuly aralygynda Baku şäherinde geçirilen medeni çärelere ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy. Haýdar Aliýew adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen ylmy-amaly döredijilik duşuşygynda giň many-mazmunly täsirli çykyşlar edildi hem-de sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor topary meşhur «Küştdepdi» tansyny joşgunly ýerine ýetirdiler. Şeýle hem, dabara gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki kompozisiýasyna goşulyşyp çykyşlary etdiler. «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň artist-wokalisti Atajan Kakaýew TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň aýdymçylary bilen bilelikdäki çykyşlarda hem sungatymyzy giňden dabaralandyrdy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşiýew «Çapyksuwaryň aýdymyny», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artist-wokalisti, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Joraýewa «Gel, Türkmenistana!» aýdymlaryny ussatlyk bilen aýtdylar. Hazar deňziniň kenarynda geçirilen konsertde ýaňlanan aýdym-sazlar, halk döredijiliginden «Halk nagmalarynyň» ýerine ýetirilmegi, türkmen sungatynyň köpöwüşginlidigini açyp görkezdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sdtgujhdjdj.jpg) TÜRKSOÝ-a agza ýurtlary medeniýetleriniň, sungatlarynyň hem-de däp-dessurlarynyň ýakynlygy birleşdirýär. Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.