logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ertekiler dünýäsine syýahat

Kitaphanalar

14.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 2-nji “Bagtly nesil” çagalar bagynda “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde körpeje nesillere türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän gahrymanlaryň ýagşylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, dostluk-doganlyk ýaly gowy häsiýetleri hakynda ertekileriň üsti bilen çagalaryň sowal bermek, netije çykarmak we ugurtapyjylyk ukybynyň kemala gelýändigi barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitaplar – terbiýäniň gözbaşy

Kitaphanalar

14.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary “Kitaplar – terbiýäniň gözbaşy” atly gezelençde boldular. Gezelenjiň çäklerinde talyp ýaşlary Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen tanyş boldular hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we öz gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar. Talyp ýaşlary kitap okamaga höweslendirmek we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gezelençde talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryny okadylar. Bu bolsa, bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba we kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň subutnamasy boldy. Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Üzümli topragyň berekedi

Kitaphanalar

14.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Üzümli topragyň berekedi” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da ýurdumyzda üzümçiligi ösdürmäge, üzüm baglarynda arassa sortly üzümleri ösdürip ýetişdirmek şeýle hem üzümleriň hil derejesini ýokarlandyrmak barada ýazylan edebiýatlar hem goýuldy. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli sowallaryna jogap tapdylar. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Dürler hazynasy – bossany kitap, döwürleň aýnasy dessany kitap

Kitaphanalar

14.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde gurnamagynda “Dürler hazynasy – bossany kitap, döwürleň aýnasy dessany kitap” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy bolan kitabyň, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň bimöçberdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, kitabyň gymmatly hazyna we bilimiň açary hasaplanýandygy, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, dünýägaraýşyny giňeldýändigi barada durup geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň ruhy baýlygyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmen alabaýy-wepadarlygyň hem batyrlygyň nusgasy

Kitaphanalar

14.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy-wepadarlygyň hem batyrlygyň nusgasy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen alabaýlaryny goramak we köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak hem-de ýaş nesillere pederlerimizden miras galan itşynaslyk sungatyny öwretmegiň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigi barada täsirli söhbet etdiler. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin “Edermen türkmen alabaýy” atly kitap sergisinde, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň üç dilde ýerleşdirilmegi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
“Ertekiler çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary” atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

14.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda ýakynda Aşgabat şäherindäki 20-nji çagalar bagynda “Ertekiler çagalaryň ruhy açary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphananyň hünärmeni körpelere erteki barada gürrüň berip, çagalaryň halaýan ertekileriniň gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen hereketlendirip kiçijik sahna oýunlaryny görkezdi. Çagalar oýna uly höwes bilen gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller barada uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Milli däp-dessurlarymyz nesillere dowamat

Kitaphanalar

13.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy tarapyndan, Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň hem-de “Miras” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Milli däp-dessurlarymyz nesillere dowamat” atly “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler ene-mamalarymyzdan gelýän milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokap, keçe basmak, keşde çekmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleriniň irki döwürlerden bäri dowam edip gelýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle hem, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden dörän keşdeçilik sungaty türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýandygy we dünýäni haýrana goýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, nesilden-nesle geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

13.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly täze kitabynyň many-mazmunyny ýaşlara ýetirmek boýunça kitaphana syny geçirildi. Çykyş edenler kitapda ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolup durýar diýip belläp geçdiler. Şular dogrusynda we kitaby dost tutunmak hakynda ýaşlara birnäçe maslahatlary hem berdiler. Bu syna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halk bähbidi üçin işleýän galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Ýaşlar bilen – kämillige tarap!

Kitaphanalar

13.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi we Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersiteti bilen bilelikde “Ýaşlar bilen – kämillige tarap!” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlar we olaryň bagtyýar durmuşy, nurana geljegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnygyny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmek maksady bilen giň möçberli işler alnyp barylýar diýip buýsanç bilen söhbet etdiler. “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler döwletimizi ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

13.10.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäher häkimliginiň Medeniýet toplumynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmekliginde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Zenanlar dialogy: parahatçylyk, durnukly ösüş, röwşen geljek” atly söhbetdeşlik geçirdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeginde ýerleşýän Kongresler merkezinde geçirilen “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogynda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly garalan meseleler we olaryň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Forumda maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak boýunça beýan edilen tekliplerdir, başlangyçlar barada hem buýsançly gürrüňlere orun berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlar baradaky, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda deňligi üpjün etmeklikde beýik işleri amal edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.