logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary – ýaşlara nusgalyk mekdep

Kitaphanalar

16.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi Ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary – ýaşlara nusgalyk mekdep” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary köp öwüşginli many-mazmuny bilen gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Bu eserler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin dünýä okyjylarynyň uly gyzyklanmasyna, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, parahatçylyk we medeni gatnaşyklara eýe bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çeper okaýyş

Kitaphanalar

16.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň gurnamagynda, Aşgabat şäheriniň 46-njy çagalar bagynda “Bal süýji, baldan bala süýji” atly çeper okaýyş geçirildi. Çagalara gyzykly ertekiler okalyp, olaryň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bakja bagynda terbiýelenýän çagalar okalan ertekiler barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin.

No image
"Tölegli hyzmatlaryň görnüşleri barada" atly sapagy geçirildi

Kitaphanalar

15.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, halkymyzyň ruhy baýlygy bolan neşir önümlerini aýawly saklamak, kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, "Kitaphana – rowaçlyklara badalga" atly gurnagy alnyp barylýar. Gurnagyň bu sapagynda Hyzmat ediş bölümi tarapyndan "Tölegli hyzmatlaryň görnüşleri barada" atly sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda talyplara resminamalaryň nusgalaryny almak, çap etmek we elektron görnüşe geçirmek hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi düşündirildi. Şeýle hem, “E-kitap” programmasy arkaly zerur edebiýatlary gözlemegiň we olardan peýdalanmagyň usullary görkezildi. Özara sorag-jogaplar bilen dowam eden sapak talyplaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen berkitmeklerine ýardam berdi. Sapaga gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi hem-de kitaphana hyzmatlaryndan giňden peýdalanmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Halk lukmançylygynyň genji-hazynasy

Kitaphanalar

15.10.2026

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden we dabaraly bellenilen günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVIII tomunyň halkymyza gowuşmagy ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХVIII tomy boýunça söhbetdeşlik geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň juda baý ösümlik dünýäsi, ajaýyp tebigaty bar. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, söhbetleriniň başynda şular hakynda nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVIII tomunyň many-mazmuny hakynda söhbet etdiler. Türkmen topragynda bitýän köp dürli ösümlikleriň her biriniň dermanlyk häsiýetleri bar. Bular hakynda Alym hem Lukman Arkadagymyz ensiklopedik kitabynyň her tomunda aýratynlykda düýpli nygtap geçýär. Söhbetdeşligiň dowamynda “Halkyň saglygy-döwletiň baş baýlygy” atly kitap sergisi hem gurnaldy.

No image
Çagalar – ýurdumyzyň geljegi

Kitaphanalar

15.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bagynyň bilelikde guramagynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, ýurdumyzyň geljegi bolan kör¬pe¬ler¬de go¬wy gy-lyk-hä¬si¬ýet¬le¬riň ke¬ma¬la gel¬me¬gin¬de ki¬tap¬la¬ryň, milli oýun¬la¬ryň ter¬bi¬ýe¬çi¬lik äh¬mi¬ýe-ti örän ulu¬dyr. Ça¬ga¬lar ki¬çi¬li¬gin¬den er¬te¬ki diň¬le¬mä¬ge hö¬wes¬li bol¬ýar¬lar. Ata-ene¬ler, ter¬bi¬ýe¬çi¬ler ça¬ga¬nyň bu is¬le¬gi¬ni na¬zar¬da tu¬tup, oňa ter¬bi¬ýe, öwüt-ün¬dew be¬ri¬ji er¬te-ki¬le¬ri okap ber¬me¬li¬dir. Olar en¬tek köp za¬da dü¬şün¬me¬se-de, er¬te¬ki¬de be¬ýan edil¬ýän wa¬ka¬la¬ry ýa¬dyn¬da sak¬la¬ýar¬lar. Ça¬ga¬lar üçin ki¬tap saý¬la¬nyp al¬nan¬da su¬rat¬lar bi¬len be¬ze¬li¬şi¬niň aý¬ra¬tyn äh¬mi¬ýe¬ti bar. Çünki ça¬ga eli¬ne ki¬tap alan¬da, il¬ki bi¬len, onuň için¬dä¬ki su¬rat¬la¬ra se¬red¬ýär. Şol şe¬kil¬ler ça¬ga¬nyň ün¬sü¬ni özü¬ne çek¬ýär we ki¬ta¬by oka¬ma¬ga bo¬lan gy¬zyk¬lan¬ma¬sy, hö¬we¬si art¬ýar. Ola¬ra oka¬ýan ki¬tap¬la¬ry¬nyň sa¬ny¬nyň gün-gün¬den art¬ýan¬dy¬gy¬ny gör¬ke¬zip, hö¬wes¬len¬di¬rip dur¬ma¬ly. Şun¬da ça¬ga¬la¬ryň bel¬li bir wagt¬dan soň ki¬tap oka¬ma¬ga bo¬lan en¬di¬gi kä¬mil¬leş¬mä¬ge baş¬la¬ýar. Şo¬nuň ýa¬ly-da, ki¬tap¬la¬ryň üs¬ti bi¬len ça¬ga¬nyň söz baý¬ly¬gy art¬ýar, aň-dü¬şün¬je¬si gi¬ňel¬ýär, köp zat¬la¬ra akyl ýe¬tir¬ýär. Esa¬san hem, bi¬li¬miniň, edep-ter¬bi¬ýe¬siniň ýo¬kar¬lan¬ýandygy barada körpe okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler.

No image
Dal bedewler menzilleri geçende, göwün ganatlanýar Garaşsyz Watanda

Kitaphanalar

15.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda “Dal bedewler menzilleri geçende, göwün ganatlanýar Garaşsyz Watanda” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Garaşsyzlyk ýyllar içinde owazasy dünýä dolan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň köňlüniň täjine deňelip, toý-baýramlarymyzyň bezegidigi, çünki türkmen halkynyň taryhynda bedewiň tutýan orny örän uly bolup, akyllylygy, çydamlylygy, gözelligi we ýyndamlygy bilen dünýä ýüzünde meşhurlyga eýedigi hem-de milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar çagalar ak ertirlerimiziň eýeleri

Kitaphanalar

15.10.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak esasy üns merkezine öwrüldi. Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 165-nji çagalar bagynda “Bagtyýar çagalar ak ertirlerimiziň eýeleri” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi, söhbetdeşlikler geçirildi we kitap sergisi gurnaldy. Kitaphana işgärleri ýaş nesilleriň arasynda watansöýüjilik hakynda, terbiýe hakynda, kitaba bolan söýgi temasynda giňişleýin wagyz etdiler. Kitap sergisindäki ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Guralan söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Berkarar diýarymyzy jenneti mekana öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

15.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan kitaphana täze gelen metbugat neşirlerden kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygy babatda durmuşa geçirilýän işler, saglyk ulgamynyň ösüşi barada gürrüň berdiler. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak, Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir diýip - belläp geçdiler. Halkymyzy bagtyýar, asuda, parahat durmuşda ýaşadýan, okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

15.10.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde Aşgabat teleýaýlymynyň “Ak şäherim Aşgabat” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Ähliumumy ösüşde zenanlaryň orny” atly söhbetdeşlik geçirdi. Ene hüwdüsine siňen parahat durmuş, asuda asman arzuwunyň hasyl bolan ýurdunda geçirilýän forumlardyr, dialoglarda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny, ony has hem berkitmekligiň mümkinçilikleri dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Türkmen gelin-gyzlary telekeçilikde mynasyp hyzmatlary bilen dünýä çykýarlar. Saglygy goraýyşda, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekde yhlasly zähmeti bilen tapawutlanýarlar. Ine şular dogrusynda hem söhbetler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlaryň hukuklarynyň ilerlemeginde, olaryň döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde halkara guramalar bilen möhüm forumlary geçirmeklikde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Ýaşlar – Watanyň röwşen geljegi

Kitaphanalar

15.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Ýaşlar – Watanyň röwşen geljegi” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň eşretli, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, il-güne peýdaly, belent ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzy watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, ruhunda terbiýelemek üçin durmuşa geçirilýän işleriň barha rowaçlanýandygy we özüniň netijelerini berýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.