logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

ENE KALBY MEŇZEŞ GÖZEL ÝAZLARA

Kitaphanalar

05.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene kalby meňzeş gözel ýazlara» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

PARAHATÇYLYK–BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

05.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda «Parahatçylyk–bagtyýarlygyň binýady» atly kitap sergi gurnaldy.

GELIŇ DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYŇ TÄZE NEŞIRLERI BILEN TANYŞ BOLALYŇ!

Kitaphanalar

05.03.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminde «Geliň dünýä edebiýatynyň täze neşirleri bilen tanyş bolalyň!» atly kitap sergisi gurnaldy.

TÜRKMENISTAN BAGY-BOSSAN

Kitaphanalar

05.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Türkmenistan bagy-bossan» ady bilen wagtlaýyn kitap sergisini gurnady.

BIZ ARKADAG SERDARLY WATANYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

Kitaphanalar

05.03.2025

Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebinde Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan «Biz-Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly göçme sergi gurnaldy. Sergide serilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döreden eserleri we çeper eserleri mekdep okuwçylara bagyşlandy.

ŞAHYR GURBANNAZAR EZIZOWYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Kitaphanalar

04.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň dogulan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli

ENE MUKADDESLIGI–KERAMATYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

04.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mukaddesligi–keramatyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

OKUWÇYLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

04.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna «Bäşim Nuralyýew adyndaky çeperçilik mekdebiniň» okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gezelenji guraldy we olar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar.

No image
«HALYPANYŇ ÝOLY-ŞÄGIRTLERE ÝÖRELGE»

Kitaphanalar

04.03.2025

«HALYPANYŇ ÝOLY-ŞÄGIRTLERE ÝÖRELGE» Şeýle at bilen 27-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Medeniýet öýünde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde geçiren maslahaty Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň «Halypa hatyrasy belentdir», Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezowyň «Ärsary ýolunda ýerine ýetirilýän aýdymlar», mekdebiň mugallymlary Umyt Mustakowyň «Mustak Aýmedowyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary», Humaý Döwranowanyň «Mustak Aýmedowyň döredijiligi», Mährem Jumaýewiň «Ärsary ýolunyň aýratynlyklary» atly ýörite taýýarlan çykyşlary bilen dowam etdi. Maslahatda ussat bagşa bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Ussat bagşynyň nebereleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat onuň ýoluny dowam edýän Ö.Atakow, J.Orunow, G.Öwezow, T.Atakow, U.Mustakow, L.Resulowa ýaly bagşylar «Mama sen», «Getirdim», «Kylan işime», «Sazy bagşynyň» ýaly aýdymlary belent heňde ýerine ýetirdiler. Mekdebiň dutarçylar ansambly «Öwez jan», «Gözüm düşdi», «San bolsaň», «Mala seretmez», «Zöhre nalyşy» ýaly türkmen halk aýdym-sazlary bilen bezediler. Bu ýerde guralan sergide milli bagşyçylyk sungatymyzyň ärsary ýolunyň ussady Mustak Aýmedowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan döwürleýin neşirlere we fotosuratlara uly orun berildi.

ENELERE TAGZYM

Kitaphanalar

04.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi «Siz Diýaryň, siz dünýäniň bezegi!» atly kitap sergisini gurady we «Enelere tagzym» atly söhbetdeşlik geçirdi.