logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Sagdynlyk - bagtyýarlyk

Kitaphanalar

09.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Sagdynlyk – bagtyýarlyk” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan kemal tapan saglyga degişli eserleriniň “Il saglygy-ýurt baýlygy” ady bilen giňişleýin sergisi gurnaldy. Mundan başga-da kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň ähli ajaýyp eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy kitaplaryny saglygy goraýyş işgärleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň okamaklary üçin hemişelik sergiler hem hereket edýär. Gatnaşyjylar sergidäki kitaplara syn berilende Gahryman Arkadagymyzyň göniden-göni ýolbaşçylyk etmeginde işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ilatyň saglygyny goramakda we saglygy goraýyş edaralaryň işini kämilleşdirmekde alnyp barylýan giň möçberli işleriň berk binýady bolup durýandygyny uly buýsanç bilen nygtaldylar.

No image
Pederleri hatyralap

Kitaphanalar

09.10.2026

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlamak, watansöýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlary has-da rowaçlandyrmak, nesillerde watansöýüjilik we ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmek maksady bilen, Hatyra güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher orta hünär okuw mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Bize şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, edermen gahrymanlarymyzy ýatlamaga mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
“Türkmen milli göreşi” hakynda söhbetdeşlik

Kitaphanalar

09.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmen sporty” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen milli göreşi” hakynda halypa kitaphanaçylar bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde milli göreşiň döreýşi, gadymy döwürlerden bäri toý-baýramlaryň bezegi bolan pälwanlaryň gurnaýan ýaryşlary, olaryň geçiriliş düzgünleri barada söhbet etdiler. Mundan başga-da, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen milli göreşi boýunça geçirilýän ýaryşlar we ýeňiji bolan pälwanlar hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

08.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi tarapyndan kitaphana täze gelen neşirlerden kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly ajaýyp kitaby bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçen umumy okuw sapagyndaky, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakyndaky çykyşy ýerleşdirilen. Kitaphana synyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
“Dünýäniň ýedi täsinligi” atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

08.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakyna 76-njy orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň arasynda “Dünýäniň ýedi täsinligi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gizanyň Beýik piramidasy, Wawilonyň asma baglary, Olimpiýadaky Zewsiň heýkeli, Efesdäki Artemidanyň ybadathanasy, Galikarnas mawzoleýi, Rodosyň äpet heýkeli we Aleksandriýanyň maýagy barada gyzykly maglumatlar aýdyldy. Şeýle hem okuwçylara dünýäniň gadymy we häzirki zaman täsinlikleri, olaryň taryhy, ähmiýeti we adamzat medeniýetindäki orny barada giňişleýin gürrüň berildi. Okuwçylar söhbetdeşlige işjeň gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler we dünýäniň täsinlikleri barada öz pikirlerini paýlaşdylar. Şeýle çäreler ýaş nesliň taryha, medeniýete we dünýä halklarynyň baý mirasyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Söhbetdeşligiň ahyrynda okuwçylara kitap okamaklyga, taryhy öwrenmeklige we medeni mirasy gorap saklamaklyga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

No image
“Senagat we gurluşyk önümçiligi ösüş ýolunda” atly sergi gurnaldy

Kitaphanalar

08.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Senagat we gurluşyk önümçiligi ösüş ýolunda” atly sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri, gurluşyk ulgamyna degişli neşirler ýerleşdirildi. Sergä gatnaşyjy okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sowal- jogap alyşdylar.

No image
Sergi gurnaldy

Kitaphanalar

08.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollarynyň orny” atly sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollary diňe bir ulag ulgamynda däl, eýsem tutuş milli ykdysadyýetde möhüm orny eýeleýär. Ýurduň geoykdysady ýerleşişini netijeli peýdalanmakda hem-de içerki we halkara söwda ýollaryň gurluşygynyň döwrebaplaşdyrylyşy ilkinji hatardaky wezipeleriň biridir. Döwrebap awtomobil ýollarynyň Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrýan durnukly ösüşi üpjün edýän we ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornuny berkidýän möhüm strategiýa bolup durýandygy barada sergi bilen gyzyklanan okyjylara gürrüň berildi. Sergä gatnaşanlar bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Kitaphanalar

07.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan yglan edilen «Türkmenistan ösüşleriň diýary – ganatly bedewleriň mekany» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Kitaphanalardan öňdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmek, kitaphana işini dürli ugurlaryň üsti bilen wagyz etmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyrynda şowly çykyş edip, saýlanan hünärmenler 1-nji, 2-nji, 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem, çykyş eden kitaphana hünärmenlerine höweslendiriji baýraklar we Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlarda gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Pederleri hatyralap

Kitaphanalar

07.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Hatyralamak mukaddes dessur» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilýändigi, halkymyzyň bu günki ajaýyp durmuşy üçin Watan ogullarynyň hatyrasyny belentden tutup, olaryň ýadygärliklerine tagzym edip, gerçekleriň synmaz ruhuna sarpasyny bildirýändigi barada gürrüň berdiler. Gerçekleriň gahrymançylyklaryna çäksiz hormat goýulýandygy, olaryň edermenlikleriniň sarpalanýandygy hakynda belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Hünär bäsleşigi

Kitaphanalar

05.10.2026

Golaýda Lebap welaýatynyň etrap kitaphanalarynyň arasynda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramaklarynda “Türkmenistan ösüşleriň diýary-ganatly bedewleriň mekany” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. I-nji orna Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Çemen Pirnazarowa, II-nji orna Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Agagül Jumagulyýewa, III-nji orna Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Lälegül Annamyradowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşyjylar kitaphana ulgamyny ösdürmekde ähli şertleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.