logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

05.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan ýakynda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra gününe bagyşlanyp, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Bakylyk bu – halkyň hakydasynda” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar, ata Watan, mukaddes toprak, häzirki nesilleriň bagtyýar we erkana durmuşda ýaşamagy üçin şirin janyny pida edip gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gerçekler ýatlanylýar. Watanyň azatlygy, asudalygy ugrundaky söweşlerde gahrymançylygyň nusgasyny görkezen mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylyk ýoly ebedidir. Bu gün ähli şehitlerimiziň ruhuna sadakalar berlip, aýat-dogalar okalýar. Ine, şular hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, milli däp-dessurlarymyzy sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Pederleriň hatyrasy

Kitaphanalar

05.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra gününe bagyşlanyp, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Pederleriň hatyrasy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly däplerimize we ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, olaryň mynasyp dowam etdirilýändigini bellemek bilen, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda tebigy betbagtçylyk-ýertitremäniň bir pursatda paýtagtymyzy weýran edendigini, emma halkymyzyň ykbalyň agyr kynçylyklaryna ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başarandygyny nygtadylar. Şeýle hem, häzirki wagtda Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň paýtagtyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.

No image
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Kitaphanalar

02.10.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň we «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Bedew batly Türkmenistan-dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry welaýat kitaphanasynda üstünlikli geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça tapawutlananlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

No image
Täsirli söhbetdeşlik

Kitaphanalar

02.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň – daýanjy» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eseri, ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşantlaryndan söz açýan gymmatly eser bolup, ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de geljegimiz bolan ýaşlaryň ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gürrüňdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

02.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda ahalteke bedewleriniň taryhy, olaryň bütin dünýädäki şan-şöhraty we türkmen halkynyň durmuşyndaky, medeniýetindäki orny giňden beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, türkmen bedewleri barada aýdylýan atalar sözleriniň we nakyllaryň many-mazmuny hakynda talyplar bilen sowal-jogap alyşdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi

Kitaphanalar

01.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda “Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi” atly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli pudakda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we etrap kitaphanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýaşuly nesiller pähim-paýhas, görelde mekdebidir. Ähli döwürlerde olaryň sözleri diňlenilipdir. Watansöýüjilikde, zähmetsöýerlikde nusgalyk görelde görkezipdirler. Halkymyzyň ýaşuly nesillere hormat goýmagy gadymdan gelýän asylly ýörelgedir. Çäräniň dowamynda çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Çemen Pirnazarowa, Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.

No image
Dilleriň senasy, buýsanjym Watan

Kitaphanalar

26.09.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça gazanylan beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, onuň türkmen halkyna beren baky bagtyny wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 64-nji orta mekdebinde “Dilleriń senasy, buýsanjym Watan” Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli edebi-duşuşyk geçirildi. Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk – Bagtymyz» atly kitabynda «Garaşsyz diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk – barlygymyz, Garaşsyzlyk- bagtymyz» diýen jümleleriň türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge, okamaga ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen belledi. Garaşsyzlyk – baýramy ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bagtyýar durmuşynyň aýdyň dabaralanmasydygy hakynda hem täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Halk Maslahaty – halkymyzyň döwletlilik ýoly

Kitaphanalar

24.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Halk Maslahaty – halkymyzyň döwletlilik ýoly» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi esasynda, milli demokratik ýörelgeleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini alamatlandyryp, her bir raýatyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetimizde halkymyzyň tekliplerini diňläp, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek ugrunda birnäçe işleriň amala aşyrylýandygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyz Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Geljek siziň bilen-bagtly çagalar

Kitaphanalar

24.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 179-njy çagalar bagynda “Geljek siziň bilen-bagtly çagalar” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, watansöýüji, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem körpe nesilleriň terbiýesinde ertekileriň, tapmaçalaryň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalar köp kitap okamak bilen gözýetimleriniň, dünýä garaýyşlarynyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri esasynda sorag-jogap alyşdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz hakynda edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Täze gelen kitaplara syn geçirildi

Kitaphanalar

24.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplygymyzyň ähmiýetini we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny beýan edýän “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabyny okyjylar köpçüligine giňişleýin gürrüň berdiler. Synyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.