logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
WATAN WASPY GOŞGULARDA ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

08.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebinde şol mekdebiň kitaphanaçysy hem başlangyç synp okuwçylary bilen bilelikde «Watan waspy goşgularda» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen okuwçylara Watan hakynda türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň, birnäçe ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň üsti bilen gyzykly gürrüň berdi. Ata-babalaryň mesgen tutan Watanynda dünýä inmekden, ýaşamakdan belent bagt ýokdur. Ata Watanymyza, ene topragymyza wepaly gulluk etmek bu biziň Watanymyzy söýmekdir! Mekdep okuwçylary höwes bilen Ata Watanymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-hem göçme kitap sergi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
HALYPA ŞÄGIRTLIK-YHLAS HEM YNAMYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

08.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Halypa şägirtlik-yhlas hem ynamyň ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizdir sungatymyza, mirasymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Täze taryhy döwrümizde şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi, döredijilikde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi ýatlamaga çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açyldy. Biz kitaphanaçylar hem halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni, ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesillerimizi, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, geçmişimiziň gymmatlyklaryny olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyz bolup durýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda halypa-şägirtlik ýörelgelerini ýöretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN-BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY

Kitaphanalar

08.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş syýasatynyň netijesinde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde tanalýan Türkmenistanda ýaş nesliň bagtly ýaşamagyny üpjün etmek babatda edilýän uly tagallalar dowam etdirilýär, milli gymmatlyklarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginde jemgyýetçilik ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir işgärleri bolup çagalaryň hem-de ýaşlaryň arasynda birnäçe çäreleri hem-de bäsleşikleri geçirýäris. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleri kitap okamaga höweslendirmäge uly ýardam berýär. Çagany ýaşlykdan haýsy ugra gönükdirseň, ol ulalanda hem şoňa ýykgyn edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem çykyşlarynda:”Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alyp barýarys” diýip, döwletimizde bilimli, ylymly, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işleriň amala aşyrylýandygyny belleýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýan, geljekki nesillere berilýän bilimiň çuňňur bolmagy barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun.

No image
WAGTYŇY OKAMAGA SARP ET!

Kitaphanalar

08.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna paýtagtymyzyň körpeje ýaşaýjylary esasy derslerinden boş wagtlary çagalara degişli kitaplary okamaga yzygiderli gelýärler. Hemişelik okyjylarymyz diňe bir çagalar edebiýaty bilen gyzyklanman, eýsem kitaplara jübijikleri ýelmemäge, kitap belliklerini goýmaga kömekleşýärler. Bu bolsa olaryň kitaphana we kitaphanaçylar bilen has ýakyn aragatnaşykda bolmagyna ýardam berýär. Höwesjeň okyjylarymyzyň iň gyzyklanyp okaýan kitaplary türkmen halk ertekileri şeýle-de daşary ýurt dillerinden türkmen diline terjime edilen kitaplary kiçi ýaşly okyjylara hyzmat edýän bölüminde okap bilýärler. Kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edýärler.

No image
TARYHDA GALAN GAHRYMANLAR

Kitaphanalar

07.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 111 nji orta mekdebinde «Taryhda galan Gahrymanlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde mert pederleriň ruhuny kalbynda göterýän halkymyzyň geçmiş taryhyna bolan sarpasynyň beýikdigi, ata Watanymyzyň türkmen halkynyň taryhynda müdimilik yz galdyran wakalaryň mizemez sütüni höküminde bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy nesilleriň arasyndaky özara baglanyşygyň beýanydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak bolsa, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ŞYPALY ÖSÜMLIKLERIŇ YLMY ENSIKLOPEDIÝASY

Kitaphanalar

07.10.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan kemal tapan Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy ensiklopediýasynyň «Şypaly ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy» ady bilen giňişleýin sergisi guraldy. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň ähli ajaýyp eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy kitaplaryny hem saglygy goraýyş işgärleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň okamaklary üçin hemişelik sergiler hem hereket edýär. Şeýle-de sergide ýerleşdirilen ajaýyp ylmy kitaba syn berilende beýleki derman ösümlikleri bilen birlikde ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan buýan we onuň dermanlyk häsiýetleri barada maglumatlaryň berilmegi guwandyryjydygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda welaýatymyzda buýan kökünden alynýan Glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasynyň gurlup ulanylmaga berilendigi, bu bolsa, ýurdumyzyň milli baýlyklaryny halkymyzyň bähbidine, halkymyzyň saglygyna peýdalanmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip buýsanç bilen bellediler.

No image
HATYRALANMAK MUKADDES DESSUR

Kitaphanalar

03.10.2025

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 26-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Hatyra güni mynasybetli «Hatyralanmak mukaddes dessur» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzda edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleri bolup durýandygy hem-de, olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Hatyra güni mynasybetli gurnalan kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bilen tanyşdyryldy. Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HATYRA GÜNI–HAKYDA GÜNI

Kitaphanalar

03.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Hatyra güni –hakyda güni» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzda Watan gerçekleriniň gahrymançylyklaryna çäksiz hormat goýulýandygyny, olaryň edermenlikleri çuňňur sarpalanýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilmegi, şol asylly işleriň aýdyň mysaly bolup durýandygy, bagtyýar halkymyz özleriniň bu günki ajaýyp durmuşy üçin Watan ogullarynyň hatyrasyny belentden tutup, olaryň ýadygärliklerine tagzym edip, gerçekleriň synmaz ruhuna sarpasyny bildirýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

No image
NESILLER BAGTDAN PAÝLY

Kitaphanalar

03.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Arkadag şäheriniň 6-njy bakja bagynyň çagalarynyň gatnaşmagynda ertekili kitaplardan «Nesiller bagtdan paýly» atly çeper okaýyş geçirildi. Biziň her bir günümiz, durmuşymyz, dünýämiz-ýaş nesiller bilen owadan. Ýaş nesiller Watanymyzyň geljegidir, olar buýsanjymyzdyr, guwanjymyzdyr. Ýurdumyzda ýaş nesiller barada uly alada edilýär. Çagalar biziň gelejegimiz. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky okyjylar bilen yzygiderli duşuşyklar, çeper okaýyşlar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler, gezelençler, gürrüňdeşlikler geçirilýär. Bu bolsa kitaphana gelýän her bir okyjyda uly täsir galdyrýar. Çeper okaýyşyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly–bilimli giň dünýä garaýyşly, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
ÝAŞULULAR-GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

03.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda ýaşulylaryň halkara güni mynasybetli «Ýaşulular-görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Ýurdumyzyň her bir işiniň başy başlananda ýaşulularymyza sala salynýandygy, kümüş saçly eneleriň öwüt ündewlerine eýerilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşululara hormat sarpasy örän uludyr. Ýaşulularymyza «Türkmenistanyň il ýaşulusy» diýen adyň berilmegi we mährem enelerimize «Zenan kalby» ordeniň berilmegi, her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýaşulular gününiň bellenip geçilmegi bularyň aýdyň subutnamasydyr. Bu baýramçylyk diňe bir ýaşulularyň, ömür menzillerinde kämillik tapan ynsanlaryň baýramy bolman eýsem, ol paýhaslylygyň, raýat kämilliginiň we ruhy salyhatlylygyň baýramydyr. Toýlarymyzyň gelşigi, öýlerimiziň bezegi bolan ýaşulularymyzyň we mährem enelerimiziň baýramlary gutly bolsun! Halkyny şeýle eşretli, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.