logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GÖR NÄHILI HEZILLIK BAHAR GELSE ILIME, SURATYNY ÇEKEÝIN, GALAM ALYP ELIME

Kitaphanalar

24.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginiň ýazgy etmeginde «Gör nähili hezillik bahar gelse ilime, suratyny çekeýin, galam alyp elime» atly çäre geçirdi. Ýaş nesiller bahar paslynyň ajaýyplyklaryny, tebigatymyzyň gözelliklerini öz çeken suratlarynda ussatlyk bilen beýan etdiler. Kitaphana hünärmenleri Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni barada «Nowruznama» atly kitapdan okap beren maglumatlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Nowruz türkmen halk döredijiliginiň dürdäneleri bolan atalar sözlerinde-de, nakyllarynda-da, yrymlarynda-da, türkmeniň däp-dessurlarynda-da öz beýanyny tapýar. Nowruz bilen baglanyşykly döredilen aýtgylaryň, rowaýatlaryň ähmiýeti dogrusynda hem gürrüňler berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy baky baharyň mekanyna öwürip, ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişmeklerinde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
GARAŞSYZ DÖWLETIMIZIŇ BEDEW BATLY ÖSÜŞLERI

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz döwletimiziň bedew batly ösüşleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji –hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyny aýdyň şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ GELDI ILIME, AÝDYM BOLUP, SAZ BOLUP

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Täze zaman, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi ilime, aýdym bolup, saz bolup» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Nowruz baýramynyň gadymy baýram bolup, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, bu baýramda türkmen halky milli däp-dessurlary ýerine ýetirip, türkmen tagamlarynyň birnäçe görnüşlerinden taýýarlap, aýratynam semeni tagamyny bişirip, uly şatlyk-şowhun bilen belleýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Nowruz baýramy mynasybetli birnäçe şirin aýdym-sazlar ýaňlandy. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy nurly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI MIRAS - BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany” ýylynda döwletimiz bedew bady bilen, belent ruhubelentlik bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýändigi hakynda buýsançly gürrüň berdiler. Şeýle-de her bir halkyň pähim-paýhasa ýugrulan baý hem-de gymmatly medeni mirasy bolup, ol şol halkyň genji-hazynasy hökmünde goralyp saklanyp, nesillerden-nesillere geçirilip, her döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýändigini, türkmen halkynyň hem özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasy bolup, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli mirasymyzyň taryhy kökleri berkarar döwrümiziň ajaýyp şuglasy bolup durýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ GELDI GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi güle besläp dünýäni» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni täze umytlaryň, parahatçylygyň we dostlugyň baýramy hökmünde bellenilýändigi, “Nowruz” sözi “täze gün” diýmegi aňladyp, ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň, bagtyň, berekediň gözbaşy bolup, halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhynda gadymy döwürlerden bäri giňden bellenilip gelinýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň köpüsinde hem giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biridigi barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

No image
GELIŇ ERTEKI OKALYŇ

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 156-njy çagalar bagynda «Geliň erteki okalyň» ady bilen sesli okaýyş geçirildi. Çärede türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekileri nesil terbiýesinde ornunyň örän uludygy barada belläp, ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak, hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk ýaly asylly sypatlaryň ýüzlerçesi eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerindäki dürli häsiýetli gahrymanlaryň türkmene mahsus asylly sypatlary, ýaş nesilleriň aňlarynyň, düşünjeleriniň sagdyn ösmeginde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny aýtdylar.

No image
BAHAR GELDI ZEMINE, LÄLE-REÝHAN GÜL AÇYP

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bahar geldi zemine, läle-reýhan gül açyp» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen tebigatynyň her paslynyň özüne ýeterlik gözelligi bolup, baharda zemine ýyly girip, tebigat janlanyp, Nowruz baýramy ýurt asudalygynda, il agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde, ýurdumyzyň dürli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAGTYÝAR ÝURDUMYZA - NOWRUZ GELDI ÝAZ GELDI

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bagtyýar ýurdumyza - Nowruz geldi ýaz geldi» ady bilen Aşgabat söwda we dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde toýdur-baýramlara beslenen ajaýyp Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyz, toý-baýramlarymyz giňden bellenilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri Nowruz baýramy bolup, bu baýram diňe bir bahar baýramynyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygynyň hem buşlukçysydygy barada beýan etdiler hem-de bu baýram mynasybetli türkmen halky dürli tagamlardan taýýarlap, birek-biregi hoş sözler bilen gutlaýandyklary barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP YLYM-BILIM HAZYNASY

Kitaphanalar

19.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardan kämil bilim almaklary, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary we geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi talyp ýaşlar bilen “Kitap ylym-bilim hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaplaryň jemgyýeti kämilleşdirmekde ilkinji zerurlyk bolup durýandygy, adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, giň gözýetimli bolmagyna, biliminiň artmagyna uly ýardam berýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Mundan başga-da ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylyp, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hereket etmegi bilen kitap söýüjileriň sanynyň barha artýandygy hakynda-da belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy we pursatdan peýdalanyp döwrebap bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.

No image
TERBIÝE SÖZ BILEN, GÖRELDE GÖZ BILEN

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi tarapyndan “Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen” ady bilen Aşgabat şäherindäki 22-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi. Bu ýerde terbiýelenýän çagalara dürli temalara degişli ertekilerden okap berdiler we olar bilen söhbet etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpejeler barada edýän atalyk aladalaryny çagalara düşündirdiler. Söhbetdeşligiň çäginde “Kitap–meniň dostum” atly göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Bu gurnalan sergi olarda kitaba bolan uly gyzyklanma döretdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.