logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«KITAP WE KITAPHANA IŞI HAKYNDA» SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

23.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy tarapyndan “Kitap we kitaphana işi hakynda” söhbetdeşlik geçirildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda kitaba bolan özboluşly garaýyş has-da aýdyň ýüze çykýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamynda alnyp barylýan işler döwrebap guralyp, bu işde dünýä tejribesinden giňden peýdalanylýar. Munuň özi kitaba uly sarpa goýýan halkymyzyň ruhy hazyna deňeýän kitaba bolan gyzyklanmasynyň has-da artmagyna täsir edýär. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphananyň taryhy, geçmişi hem-de şu güni hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen gyzykly gürrüňleri berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
GAÝRATLY OGULLAR WATANYŇ DAÝANJYDYR!

Kitaphanalar

23.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Gaýratly ogullar Watanyň daýanjydyr!» atly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler türkmen halky merdi merdanalyga, watansöýüjilige, adalatlylyga gadyr goýup gelen halk. Ata-babalarymyz bu asylly häsiýetleri özleriniň gahrymançylykly ömür ýollary,ýagşy göreldesi,paýhasly sözleri bilen nesilleriň aňyna guýmagy başarypdyrlar. Hut şonuň üçin-de,türkmen halky,geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagytda hem edermen, gaýduwsyz halk hasaplanýar diýip nygtadylar. Dabaranyň ahyrynda Watan mukaddesligini, keremli topragymyzyň goragyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.

No image
«GERÇEK GAÝRATY DEÝ BELENTDIR TUGUM!» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

23.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Gerçek gaýraty deý belentdir Tugum!» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýazan gymmatly eserleri, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän ajaýyp kitaplary şeýle hem dost-doganlyk, parahatçylyk barada ýazylan edebiýatlar goýuldy. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

No image
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» DIÝLIP ATLANDYRYLAN ÝYLYNDA HASABAT ÝYGNAGY

Kitaphanalar

22.01.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölümi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylynda hasabat ýygnagy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda her bir türkmen zenanlarymyzyň jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryna–syýasy, ykdysady, sosial, medeni ugurlaryna işjeň gatnaşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilen. Bu ugurlarda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle hem Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýänligi barada Arkadag şäheriniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlarymyz ýürek buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen eneleriniň, türkmen zenanlarynyň maşgala bagtyna guwanyp ýaşamaklary ugrunda paýhasly syýasaty bilen uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATY KITABYNDAN

Kitaphanalar

22.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragy halkymyzyň azatlygyny, erkinligini, agzybirligini arzuwlap geçen, her bir şygyrlary halkyň hakydasynda müdümilik galan akyldar şahyrdygy, gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň we edebi mirasynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sarpasynyň arşa göterilýändigi hakynda uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkymyza sowgat eden “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly ajaýyp eserleriniň many-mazmuny hakynda söhbet etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÝURT BERKARAR ÝOLLAR ÝAGTY

Kitaphanalar

22.01.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Watan goragçylaryň güni mynasybetli gezelenç gurnaldy. Gezelenje harby we hukuk goraýjy işgärleri gatnaşdylar. Kitaphananyň döwrebap tekçelerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleri ýerleşdirildi. Kitaplarda Watanymyzyň ykbalyna dahylly pursatlaryň Watan ogullarynyň yhlasy bilen çuň mana beslenýändigi şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz Mertler Watany beýgeldýär kitabynda: «Watanymyzyň edermen gerçekleriniň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine wepaly, batyr hem-de gaýratly, döwrümiziň ylmy öňegidişliklerine eýermegi başarýan zehinli bolmaklaryny arzuw edýärin» diýip belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasata ýugrulan syýasaty Garaşsyzlygymyzyň datly miwelerine öwrülip, bu gün her bir türkmeniň bereketli ojagyna bagt eçilsin.

No image
«BAÝRAMYŇYZ BILEN WATAN GORAGÇYLAR!» ATLY WATAN GORAGÇYLARYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLAP SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

22.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 4-nji «Ç» synp okuwçylary we synp ýolbaşçysy Jennet Orazowa bilen billikde «Baýramyňyz bilen Watan goragçylar!» atly watan goragçylarynyň gününe bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», atly gymmatly eserlerinde beýan edilýän watançylyk ýaly beýik düşünje we olaryň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda gyzykly gürrüňler berdi. Şeýle-hem synp ýolbaşçylary okuwçylary bilen gyzykly sorag jogap alyşdy. Ýurt goragçylarynyň sarpasynyň belentden dabaralanýanlygy barada hem buýsançly söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watan mukaddesligini, keremli topragymyzyň goragyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç arzuw etdiler.

No image
MERT ÝIGITLER–WATANYŇ ŞAN ŞÖHRATY

Kitaphanalar

22.01.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Mert ýigitler–Watanyň şan şöhraty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şan-şöhraty halkymyzyň eşretli durmuşynyň, parahatçylygyň we abadançylygyň, özara ynanyşmagyň hem-de ylalaşygyň kepili bolup, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan halkymyzyň kalbynda Watan beýikligi, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar. Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşgunydyr. Watanyň näderejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine Gahryman Arkadagymyzyň ýürek joşgunyndan, milli buýsanjyndan syzylyp çykan “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitaplaryny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu günki gün Watan goragçylarymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini ýol ýörelge edinip Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryna mynasyp jogap bermek, tertip-düzgüni üpjün etmek üçin mukaddes Watanyň goragynda mynasyp gulluk edýärler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlary işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«SADALYGYŇ ÇATRYGYNDAKY BEÝIKLIK» ATLY ÝATLAMA AGŞAMY

Kitaphanalar

21.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Sungat» bölüminiň guramagynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, sazly komediýa aktýory Akmyrat Arçikowyň doglan gününiň 65 ýyllygyna bagyşlanan «Sadalygyň çatrygyndaky beýiklik» atly ýatlama agşamy geçirildi. Ýurdumyzda ömrüni medeniýete we sungata bagyşlan şahslaryň biri-de özüniň ajaýyp keşpleri bilen adamlaryň ýüreklerinde orun alan, tomaşaçylaryň kalbynda güýçli duýgular döreden Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Arçikowdyr. Aktýor, artist üçin teatr edil öz öýi ýalydyr. Ol teatrda ruhy taýdan ösýär, döredijilik ýolunyň basgançaklaryna galýar. Özüni açýar, barha öz käriniň ussadyna öwrülýär. Aktýorlyk işine öz kärine tüýs ýürekden çyn kalbyndan berlip işlemek bilen öz ýoluny tapýar. Kämilleşýär, ussat artiste öwrülýär. Bu günki ýatlama agşamynyň dowamynda hem Türkmenistanyň at gazanan artistleri Akmyrat Arçikow, Oguljan Bekiýewa, Sülgün Täşliýewa, Gülşat Meňliýewa, Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hanmämmedow şeýle-de Gülöwser Sopyýewa gatnaşyp, olaryň halypanyň döredijiligi bilen bagly gyzykly gürrüňleri we halypanyň ýerine ýetiren sahnalaryndan bölekler ýatlama agşamyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýoly täze keşbe eýe bolýar, döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýar. Halklaryň arasynda dostluk köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

No image
WATANÇY, ŞAHYR ŞALY KEKILOW

Kitaphanalar

21.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde şahyr Şaly Kekilowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap «Watançy, şahyr Şaly Kekilow» atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphana hünärmeni Şaly Kekilowyň ömri we döredijilik ýoly barada hem-de ýazyjynyň döreden eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemeklikdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri berdi. Şaly Kekilowyň “Kareliýa jeňňelinde” poemasynyň tebigatyň üsti bilen adam duýgularyny açyp görkezmekde-de çeperçilik serişdelerini ýerlikli ulanmakda-da ynsanyň watançylyk duýgularyny täsirli şekillendirmekde-de şol döwrüň nusga bolar ýaly ajaýyp eserdigi hakynda hem giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşant şahsyýetleriň eserlerini öwrenmeklige giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.