logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

08.05.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe her bir edara kärhanalarda şol sanda kitaphanalarda hem dürli medeni köpçülik çäreleri geçirilip durulýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary bilen bilelikde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Döwletimizde ýetilen uly sepgitler we ösüşler barada gürrüňdeşlik geçirildi we gezelenç geçirildi. Bize şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
MERT ÝIGITLER GAÝRAT ÜÇIN DOGULÝAR

Kitaphanalar

08.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabyna kitaphana syny geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2025- nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini ýöriteleşdirilen 131–nji orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabyna kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synymyz Beýik ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Synymyza mekdebiň ýokary synyp okuwçylary gatnaşdy we olarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
ÝER ÝÜZÜNDE PARLA ÝAŞYL BAÝDAGYM!

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ýer ýüzünde parla ýaşyl Baýdagym!» ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy, Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň Garaşsyz,baky Bitarap Watanmyzyň buýsanjy bolan mukaddes ýaşyl baýdagymyzyň şeýle hem biziň Bagt Kanunymyz bolan Konstitutsiýamyz hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, olar biziň ýaşyl Tugumyzyň ýer ýüzünde buýsanç bilen pasyrdap, ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny ýer ýüzüne jar edýändigi, Bagt Kanunymyzyň bolsa her bir adamyň bagtyýar durmuşyny goraýandygy barada durup geçdiler. Olar söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
WATAN GERÇEKLERI UNUDYLMAZ!

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Watan gerçekleri unudylmaz!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şu günki baýramçylyk dabarasy çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda we tylda edermenlik görkezenlikleri hakynda söhbet etdiler! Biz olaryň watana wepalylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris diýip giňişleýin gürrüň etdiler. Dabarada çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen Ýeňiş hakynda ýazylan goşgulary okadylar. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HATYRALY HALYPA

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Sungat» bölüminiň guramagynda «Hatyraly halypa» atly Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama agşamyny geçirildi. Türkmenistan döwletimizde milli aýdym-saz sungatymyz halkyň milli mirasynyň aýrylmaz bir bölegi hasap edilýär. Aýdym-saz sungaty milletiň ruhy dünýägaraýyş gymmatlyklarynyň biri bolup asyrlar boýy halka hyzmat edip gelýär. Aýdym-saz türkmen halkynyň şatlygynyň ýarany, toý baýramlaryň bezegidir. Türkmeniň geçmişi, şu güni we ertiri bu sungatymyz bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Ýurdumyzda ömrüni medeniýete we sungata bagyşlan şahslaryň biri-de özüniň hoş owazly aýdymlary bilen adamlaryň ýüreklerinde orun alan, diňleýjileriniň kalbynda güýçli duýgular döreden Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowdyr. Onuň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlaryny türkmen halky häli-häzire çenli söýüp diňleýär. Halypa özüniň ýaşan gysga, emma manyly ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyşlap, türkmen sungatynyň parlak ýyldyzlarynyň hataryna goşulmagy başaran aýdymçylaryň biri bolupdy. Hemmeler tarapyndan uly sarpa goýlup diňlenilen bu bilbil owazly aýdymçy häzir biziň aramyzda bolmasa-da, onuň söýgüden, hasratdan hem şatlykdan doly aýdymlary ýaşamagy dowam etdirýärler. Bu günki ýatlama agşamynyň dowamynda hem halypanyň döredijiligi bilen bagly gyzykly gürrüňler we halypanyň ýerine ýetiren aýdymlaryndan bölekler ýatlama agşamyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýoly täze keşbe eýe bolýar, döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýar. Halklaryň arasynda dostluk köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

No image
KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» atly gurnak geçirildi. Bu gurnaga Döwlet kitaphanamyzyň hünärmenleri hem-de Türkmen Döwlet medeniýet Institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlary Döwlet kitaphanasynyň bölümleriniň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdyryldy. Olara kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünleri hem-de kitaphananyň kitaphana hazynasyndaky kitaplar barada giňişleýin gürrüň berildi. Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen bu gurnak ýaşlarda kitaba bolan söýgini hasam artdyrdy. Gurnaga gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BAÝDAK-MILLI BUÝSANJYMYZ

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 4-nji orta mekdebi bilen bilelikde «Baýdak Watan mertebesidir» atly wagyz nesihat çäresi hem-de «Baýdak türkmeniň abraý-mertebesidir» atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu göçme kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerine uly ähmiýet berildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýaşyl Tugumyzyň Watan mertebesidigi barada giňişleýin gürrüň etdiler hem-de sözleriniň ahyrynda türkmen Tuguny mukaddeslige deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de parahatçylyk hem-de Bitaraplyk baradaky edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen mugallymlardyr-talyplar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mugallymlar hem talyplar bu sergini görüp örän hoşal boldular. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BILIM–BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

07.05.2025

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, «Bilim–bagtyýarlygyň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşir edilen kitaplary we çeper eserler ýerleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini ylmy maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän kitaplary bilen okyjylary özüne çekýän kitaplarynyň mähriban halkymyzyň, aýratynda, ýaşlaryň ruhy baýlygyny, Watana, halkymyza bolan söýgüsini artdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri hem-de Magtymguly Pyragynyň neşir edilen eserlerine bagyşlanyp gurnalan bu sergä kitaphananyň işgärleri hem-de mugallymlardyr, okuwçylar işjeň gatnaşdylar we olarda uly gyzyklanma döretdi. Sergä gatnaşyjylar bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Kitaphanalar

07.05.2025

Aşgabat şäherindäki 74-nji orta mekdebi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde ýylymyzyň ady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri çykyş etdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Watan mukaddesligi barada hem-de ýylymyzyň ady bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlary we goşgulary aýtdylar. Bu aýdylan goşgular mekdep okuwçylarda örän uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.