logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Çagalaryň hoş owazy – durmuşymyzyň bagt sazy

Kitaphanalar

15.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenbaşy dokma toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çagalaryň hoş owazy – durmuşymyzyň bagt sazy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmekleri we ýatda galyjy pursatlara beslenmegi üçin dürli görnüşli medeni-köpçülik çäreleriň, ýagny, sesli we çeper okaýyşlaryň hem-de sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan “Türkmen halk ertekileri” kitabyndaky ertekileriň gahrymanlarynda gören ajaýyp keşpleri, sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolup, olarda ýagşy gylyk-häsiýetleri kämilleşdirmekde ähmiýetiniň örän uludygy hakynda aýdyp berdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen halk ertekilerinden gurnalan kitap sergi bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Biz ertekileri okaýarys

Kitaphanalar

15.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Gökderedäki” “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz ertekileri okaýarys» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan ertekileriň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygyny, ata- babalarymyzyň türkmen halk ertekilerini özleriniň ýaşaýyş-durmuş we edep-terbiýe mekdebine ymykly ornaşdyrandyklary, ertekilerde adalat, hakykat hemişe dabaralanyp, erbet häsiýetli gahrymanlaryň soňynyň şowsuzlyklara barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti

Kitaphanalar

15.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada aýtdylar. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda bagtyýar çagalaryň göwünlerini galkyndyryjy türkmen milli oýunlaryny oýnap, öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin birnäçe medeni gurnaklaryň guralmagy, dynç alýan çagalarda ýakymly täsir galdyrandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Şatlykly günleriň owazy

Kitaphanalar

15.07.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda “Şatlykly günleriň owazy” atly ertirlik geçirdiler. Tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmekleri üçin olara gyzykly kitaplary okap, olar barada sorag- jogap alyşdylar. Çagalaryň şatlykdan doly dünýäsi bizi çagalygyň goýnuna dolady. Olaryň ýürek owazlaryny diňlemek bolsa diýseň gyzykly. Çagalar özleri üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çagalar öýüň bezegi

Kitaphanalar

15.07.2026

Lebap welaýatynyň Çärjew etrap merkezi kitaphanasy etrabyň 13-nji çagalar bagynda ertirlik geçirdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli,sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde boluşy ýaly Türkmenistan döwletimizde hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Çagalar biziň geljegimiz, ata-babalarymyzyň “Çaga –ömrüň dowamaty”, “Çaga–gol–ganatyň”, “Çagany ýaşdan edebi başdan”, “Aklyň bahasy bolmaz terbiýäniň-çägi” ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Çagalar “Türkmen halk ertekileri”, “Akpamyk”,”Akylly Ahmet”, “Ýüz tylla”, “Mämmetjan”, “Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat” “Böwenjik ”- ýaly birnäçe ertekileri söýüp diňleýärler. Durmuşumyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

No image
Jadyly ertekiler

Kitaphanalar

15.07.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri şäheriň 48-nji çagalar bagynda körpejeler bilen “Jadyly ertekiler” atly çagalar ertirligini geçirdiler. Türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Kalby päkize körpeleriň eý görýän zady erteki. Ertekiler körpelerde gowy häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky atalyk aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Taryhyň taryply ýollary

Muzeýler

15.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet cagalar kitaphanasy ýakynda "Arkadag" teleýaýlymynyň "Köňülleriň çyragy" gepleşiginiň ýazgy etmeginde "Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş" muzeýinde "Taryhyň taryply ýollary" atly söhbetdeşlik geçirdi. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň umumyadamzat swilizasiýasyna goşan maddy we ruhy medeniýetiniň aýry aýry ulgamlary dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Muzeý etnografiýa gymmatlyklarynyň kitap gatlarynda şöhlelendirilişi hem-de gadymy tapyndylaryň degişli döwründe ulanyş aýratynlyklarynyň adamzat zähmetine ýetiren ýeňillikli ähmiýeti hakyndaky gürrüňlere hem orun berildi. Söhbetdeşlikli duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmeklige hem-de ýaş nesillere wagyz nesihat etmeklige ylmy döredijilik işlerini alyp barmaklyga giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Aty baryň – ganaty bar

Muzeýler

14.07.2026

Türkmenlerde at bilen baglanyşykly däpleriň, rowaýatlaryň, nakyllaryň ençemesi döredilipdir. Bu bolsa ýaş nesli atçylyk sungaty bilen ýaşlykdan gyzyklandyrmaga höweslendirýär. Toý-baýramlarda at çapyşyklary at üstündäki dürli milli oýunlary guramak asylly däbe öwrüldi. At çapyşygy Türkmenistanyň ähli ýerinde gadymdan bäri meşhurdyr. Her obanyň adygan seýisleri, dabarasy dag aşan bedewleri bolup, olar toýlarda janköýerleriň toý şatlygyny goşalandyrypdyr. Şol sebäpli uludan tutuljak toýlarda at çapyşygynyň we at üstündäki oýunlaryň geçiriljekdigini birnäçe gün öňünden jarçylar habar edipdirler. At çapyşygyna beýleki obalaryň hem ezber seýisleriniň atlary gatnaşdyrylypdyr. At çapyşygyny guramak üçin öňden gelýän kada görä, düz meýdan saýlanylyp alnypdyr. Oňa halk arasynda “Aýlaw” diýlip, atlar bellenilen aýlaw ýoly boýunça çapylypdyr. Munuň üçin aýlawy öňünden taýýarlapdyrlar, ýagny, at çapylanda päsgel berjek ýa-da aty ürküzjek daş, ot we beýleki zatlar aýrylyp, arassalanylypdyr. Aýlaw görnüşindäki çapuw meýdanynda tomaşaçylara at çapyşyklaryny synlamak oňaýly bolupdyr. Uzak aralyga at çapdyrmak boýunça guralan ýaryşlar, adatça, giň sähralyk ýerde, käbir ýerde bolsa iki obanyň aralygynda geçirilipdir. Şeýle ýaryşlar “Dogry tomaşa” diýip atlandyrylypdyr. Ýelden ýüwrük türkmen bedewiniň ýörite eldekileşdirilen elguşlar bilen ýaryşdyrylan pursadynyň bolandygy barada hem halkyň içinde gürrüňler saklanyp galypdyr. Toýlarda geçirilen at çapyşyklarynda baş baýrak hökmünde öküz, düýe, türkmen halysy ýaly baýraklar goýlupdyr. Munuň özi halkymyzyň atçylyk sportuna gyzyklanmasynyň has irki döwürden gözbaş alýandygynyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan Watanymyzyň ösüşleri baky bolsyn! Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap, ony wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

No image
Kim köp erteki bilýär

Kitaphanalar

14.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmen halk ertekileri esasynda «Kim köp erteki bilýär» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Geçirilen çeper okaýyşda körpeje nesillerimiziň öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin gurulan dynç alyş merkezleriniň sany barha artýandygy, diňe bir dynç alyş merkezleri bilen çäklenmän ýurdumyzda gurulýan çagalar baglarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň sany hem gün-günden artýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada beýan etdiler we birnäçe ertekili kitaplardan çeper okap berdiler hem-de ertekilerdäki gahrymanlar barda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalara dynç almaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Körpeleriň kitaba bolan söýgüsi

Kitaphanalar

14.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki 74-nji çagalar bagynda «Körpeleriň kitaba bolan söýgüsi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde körpeje nesillerimize gyzykly ertekili kitaplaryň birnäçe görnüşlerinden eper okap berdiler we ondaky gahrymanlaryň sypatlary hakynda sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de kitaplaryň çaga terbiýesinde ähmiýetiniň ulydygyny, olaryň pikirleniş ukyplarynyň, söz baýlygynyň we döredijilik başarnyklarynyň ösmegine ýardam berýändigi dogrusynda gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky atalyk aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.