logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA» ATLY GURNAGY

Kitaphanalar

27.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, Kitaphanaara abonement bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ahal welaýat birleşmesi, “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen birlikde “Kitaphana rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagymyzyň bu sanynda “Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi,” özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we tejribe üstünde görkezdiler. Kataloglaryň, kartotekalaryň ulgamy hakynda olary nähili ýerleşdirmeli, gerek bolan maglumatyňy dogry we çalt tapmak maksady bilen nähili işleriň alnyp barylýandygyny, kataloglaryň görnüşlerini şeýle-de hünärmenimiz elektron katalogyna maglumaty nähili ýüklemelidigini we gerek bolan maglumatyňy nähili gözlemelidigini tejribe üstünde görkezdiler. Şeýlede talyp-ýaşlaryň arasynda gyzyklandyrmak maksady bilen sorag-jogap alşyldy we birinji, ikinji, üçünji ýerler bellenildi. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
AŞGABAT–GÖZELLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

27.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde «Aşgabat–gözelligiň we ösüşiň şäheri» ady bilen sergi gurnaldy. Bu guralan kitap sergisinde Ak şäherimiz Aşgabadyň gününe bagyşlanyp paýtagtymyzy wasp edýän neşir önümler hem-de Ak şähermiz Aşgabat hakynda ýazylan döwürleýin neşirlerde çykan makalalar ýerleşdirildi. Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň çar künjünde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
OGUZLAŇ KELAMY, TÜRKMEN HALYSY

Kitaphanalar

27.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Oba hojalyk edebiýatlary we medeni-köpçülik işleri bölümleri «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Oguzlaň kelamy, türkmen halysy» atly baýramçylyk duşuşygynyň çäginde «Haly–türkmeniň kalby» atly giňişleýin kitap sergisini hem ýazgy etdiler. Bu giňişleýin kitap sergisinde Döwlet kitaphanasynyň altyn gaznasyndaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de halylar baradaky kitap neşirleri hem ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelenler, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary hem öwrenip bildiler. Kitap sergisini görenlerde halylara bolan gyzyklanma has hem artdy. Mähriban halkymyza işlemäge, döretmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys.

No image
AŞGABADYŇ SEÝILGÄHLERI WE OLARYŇ BINAGÄRLIK AÝRATYNLYKLARY

Kitaphanalar

27.05.2025

AŞGABADYŇ SEÝILGÄHLERI WE OLARYŇ BINAGÄRLIK AÝRATYNLYKLARY Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Aşgabadyň seýilgähleri we olaryň binagärlik aýratynlyklary» ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, onuň bagy-bossanlyklaryny we gözellikleriň suwly görnüşlerini emele getirip, binagärlik keşpleri bilen paýtagtymyzyň gurşawynyň ajaýyplygyny aýratyn bellediler. Aşgabatda dürli-dürli suw çüwdürimlerini hemme ýerde–meýdançalarda we şa ýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň öňünde we şuňa meňzeş beýleki ýerlerde görmek bolýar. Paýtagtymyzda döredilen Garaşsyzlyk binasy, Bitaraplyk binasy, Konstitusiýa binasy, “Ylham” seýilgähi, “Älem” medeni dynç alyş merkezi, we beýlekiler adamlaryň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Paýtagtymyz “Ak şäherim Aşgabat” atly monumentiň hem-de durky täzelenen “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähiniň hem beýleki ady agzalan seýilgählerimiz ýaly gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülendigi barada gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÝAŇLANSYN DÜNÝÄDE ÇAGA GÜLKISI

Kitaphanalar

27.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde. Çagalary goramagyň halkara günine bagyşlap «Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi» ady bilen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Ýaşlyk» hem-de «Altyn asyr Türkmenistan» teleýaýlymlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, erkana Watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Aşyr däde bilen çagalaryň arasyndaky gyzykly gürrüňdeşlik, täsirli pursatlar ýürekleri buýsançdan doly çagajyklarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Baýramçylyk mynasybetli çagalara sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

27.05.2025

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri geçirildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. «Türkmenistan» gazeti

No image
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROWYŇ ÖMÜR ÝOLY

Kitaphanalar

26.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy «Berdinazar Hudaýnazarowyň ömür ýoly» ady bilen «Ylham» seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň eserleri türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyryp, öz mynasyp ornuny tapýandygyny we onuň goşgularynyň hiç wagt öz gymmatyny ýitirmejekdigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de Berdinazar Hudaýnazarowyň eserlerinde halkymyzyň başdan geçiren kynçylyklaryny, gaýgy-hasratlaryny, şatlyklaryny birin-birin beýan edýändigini, ýazyjydan romanlaryň, powestleriň, makalalaryň, ýüzlerçe ajaýyp goşgy setirleriniň miras galandygy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyzy mertebeleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NEPIS SUNGATA SARPA

Kitaphanalar

26.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Nepis sungata sarpa» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek we wagyz etmek asylly ýörelgä öwrülendigi hem-de milli gymmatlyklarymyzyň içinde iň gözel hem nepis sungaty bolan türkmen halylary gadymdan gelýän milli mirasymyz bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmen halysy gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan, umumy adamzat medeniýetiniň genji hazynasyna öwrülen ajaýyp sungat bolup, biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň buýsanjydygy hakynda buýsanç bilen beýan etdiler. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatydygy, şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň el hünäri bolan halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SYRLAR SIŇEN NEPISLIK

Kitaphanalar

26.05.2025

Türkmen haly döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gurnamagynda «Syrlar siňen nepislik» atly baýramçylyk bäsleşigi geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda gelin-gyzlaryň görelde mekdebine öwrülen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbäsi, ussat keşdeçi Ogulabat ejemiziň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbäsi Türkmenistanyň at gazanan halyçysy halypa Ogulgerek Berdimuhamedowanyň amaly haşam sungatyndan ugur alyp Aşgabat şäherimiziň, Arkadag şäherimiziň, hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmen haly birleşigine degişli bolan edara kärhanalarynda zähmet çekýän gelin – gyzlarymyzyň arasynda baýramçylyk bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde türkmen halylarymyzyň dürli görnüşleri sergide giňden ýaýbaňlandyryldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem sergide öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň ahyrynda Milli gymmatlyklarymyz bolan türkmen halylarymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BAGTYÝAR UÇURYMLAR

Kitaphanalar

26.05.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ýaşlaryň, durmuşa bolan gözýetimi barha giňdir. Çünki olar Diýarymyzyň ýagty gelejegini nazarlaýan beýik işleriň, maksatly tutumlaryň tarapdarlarydyr. Ýaşlaryň ylaýtada orta mekdebi tamamlaýan mekdep uçurymlarynyň durmuşynda bu günki gün ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Şeýle bagtyýar uçurymlaryň hatarynda bolan, Arkadag şäheriniň uçurymlary hem özlerine bildirilýän uly ynamy ödemekligi maksat edinýärler. Olar şeýle ajaýyp günlerde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gezelenç etdiler we bu ýerdäki ajaýyp kitaplar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Gezelençli söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň aýdyň gelejegi üçin taýsyz tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.