logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
SYRLY ÄLEM KITAPHANA GURNAGY

Kitaphanalar

15.07.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň obserwatoriýasynda Mary welaýat kitaphanasynyň okyjylarynyň gatnaşmagynda «Syly älem» kitaphana gurnagynyň esasynda «Aý tutulmasynyň sebäbi» atly sapak geçirildi. Sapaga gatnaşan bagtyýar ýaşlar asman jisimleri hakynda birnäçe gyzykly maglumat alyp özleriniň asman jisimleri Aý we onuň tutulmasy barada sowallaryna jogap alyp mawy ekeranyň üstü bilen asman jisimlerine syýahat etdiler. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
ÝURDUMYZYŇ INTELLEKTUAL KUWWATY PUGTALANDYRYLÝAR

Täzelikler

15.07.2025

14-nji iýulda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly-25-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin döwlet gullukçylaryny, magistrleri taýýarlamak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýokary okuw mekdepleriniň zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmelidigini, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmelidigini, jemgyýetçilik gözegçiliginiň ýola goýulmalydygyny nygtady. Bu möhüm möwsümi talabalaýyk derejede guramak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli Buýruga gol çekdi. Döwlet toparyna şu ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

No image
ÇAGA EZIZ EDEBI ONDANAM EZIZ

Kitaphanalar

14.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda çagalar bölüminde “Çaga eziz edebi ondanam eziz” ady bilen çagalar bakja baglarynda terbiýelenýän çagalarda kitaba bolan söýgini artdyrmak maksady bilen dabaraly ertirlik geçirildi. Kitaphanamyzda ýetip gelen çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmek, olarda kitaba bolan söýgini artdyrmak işine hem taýýarlykly barylýar. Kitaphanaçylar dynç alyş möwsüminde çagalar we dynç alyş merkezlerinde göçme kitap sergilerini we gyzykly dabaralary guraýarlar. Kitaphana işgärleri körpeleri çagalar üçin niýetlenen kitaplar, olaryň mazmuny bilen tanyşdyrdylar, gyzykly ertekileri okap berdiler. Şeýle-de çagalar bagynda guralan kitap sergisinde ýerleşdirilen neşirler körpeleriň aýratyn gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary we tanslary, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşplerini janlandyryp ýerine ýetiren sahna oýunlaryny myhmanlaryň baýramçylyk ruhuny artdyrdy. Döwrümiziň ýaş nesillerini okamaga, öwrenmegä uly atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
SPORT-SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

14.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Sport-sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde eziz Watanymyzda sporty ösdürmek, kämilleşdirmek, ilatymyzyň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri sporta höweslendirmek, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlygy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň däplerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportyň dürli görnüşi boýunça türgenleriň ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilip berilýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda mähriban halkymyzy ýeňişli menzillere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ BELENT WASPY

Kitaphanalar

14.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda “Milli medeniýetimiziň belent waspy” ady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle hem gaýtalanmajak medeniýeti, sungaty dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak, halkyň bagtyýar, milli medeni özboluşlylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanjyňa buýsanç, guwanjyňa guwanç goşýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli mirasymyza uly sarpa goýan halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrülendigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN-BEÝIK BAŞLANGYÇLARYŇ ÝURDY

Kitaphanalar

14.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda “Halkara–Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanyp welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda ,,Bitaraplyk-Watan asudalygynyň berkararlygy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çärä gatnaşyjylar ,,Türkmenistan-beýik başlangyçlaryň ýurdy” atly gurnalan kitap sergisine syn etdiler.

No image
KITAP KALBYŇ AÇARY

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Kitap kalbyň açary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz, häzirki ajaýyp döwrümizde täze edebiýatlaryň yzygiderli neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýän eserleriň ähmiýeti we ýaş nesilleriň, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde kitabyň tutýan orny barada gyzykly gürrüňler aýdyldylar. Şeýle hem kitaphanamyzyň öz okyjylaryna ýokary derejede kitap we beýleki neşirler esasynda hyzmat edişi, barada aýtaryn aýdyp geçdiler. Ýaşajyk kitap söýüjileriň kitaba, okamaklyga bolan höwesini has-da aýtdyrmak üçin alnyp barylýan işler barada hem gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitap we kitaphana işine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tomus paslynda çagalara ýatdan çykmajak günleri bagyş edýän Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Serginiň dowamynda wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan bu göçme kitap sergisi ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. Çäräniň dowamynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ PARAHATÇYLYKLY ÝOL BILEN ÖSDÜRILMEGI

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Döwlet ygtyýarlandyryş we hile gözegçilik merkezi, Döwlet kitaphanasy hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen,ynanyşmak parahatçylygyň kepili taglymatyndan ugur alyp, “Halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegi” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenip,parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz dünýä ýaýylýar.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentligini nazarlaýan ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, rowaçlyklaryna buýsanýar.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan ösüşler,belent üstünlikler bagtdan paýly ,päk zähmetden serpaýly ildeşlerimiziň kalbynda ýokary ruhubelentlik döredýär diýip nygtadylar. Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
AWAZADA BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLAR BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNA TAÝÝARLYK GÖRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Täzelikler

14.07.2025

13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda bu iri halkara çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň yzygiderli mejlislerinde agzalan halkara maslahata degişli soraglaryň hem giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň«Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy. Şeýle hem Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we bu resminama Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilendigi bellenildi.