logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
MUZEÝ GYMMATLARYMYZ-MILLI MIRASYMYZYŇ RÖWŞEN ÇYRAGY

Muzeýler

14.05.2025

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşleri bilen özüniň nurana geljegine tarap aýgytly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimiz we sungatymyz gülläp ösýär, belent sepgitlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamyndaky özgertmeleri ajaýyp netijeleri berýär. Milli Liderimiziň: “Merdana watandaşlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerdäki gahrymançylygy hem-de gaýduwsyzlygy häzirki we geljek nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar!” diýip, bellemegi biziň watanymyz üçin gahrymanlarymyzyň görkezen edermenliklerine goýulan sarpanyň belentdigine şaýatlyk edýär. Watan gahrymanlarymyzyň atlary bu günki gün “Hatyra” we ”Şöhrat” kitaplarynda müdimilik ebedileşdirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlarymyzyň hormatyna bagyşlanan 2021-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň “Hatyra” kitaplarynyň gaýtadan işlenen ikinji neşirleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýine sowgat berildi. “Hatyra” kitaplarynyň muzeýiň hemişelik sergi zallaryndaky tekjelerinde sergilenilmegi ata-babalarymyzyň, şu durmuş üçin janyny gurban eden gerçeklerimiziň hatyrasyny belent saklamaklyk olaryň öňündäki belent borjumyzdyr. Watanymyza, halkymyza, milli gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde ýurdumyzyň muzeýleriniň uly ähmiýeti bardyr. Medeniýetimizi we sungatymyzy sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

No image
BAGTYÝAR WATANYMYZDA PARLA, ÝAŞYL BAÝDAGYM!

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän № 74-nji orta mekdebinde «Bagtyýar Watanymyzda parla, ýaşyl Baýdagym!» atly Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda edebi-sazly ertirlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza, her bir ýurtda geçirilýän olimpiadalarda, Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşyl tugy asmana galanda, biziň ýurdumyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abraýy, mertebesi belende göterilýändigi, Döwlet baýdagymyzyň mukaddeslik mertebesini saklamak–Watanyňa we halkyňa bolan hormatdyr diýip täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary, aýdymlaryny uly höwes bilen aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde Türkmen Tugumyzyň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASY BILEN BILELIKDE HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI.

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Kitaphanalaryň akyl paýhas ojagydygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Munuň şeýledigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amal edilýän guwandyryjy işler aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň guruljak döwrebap täze binasy ýurdumyzda ýaş nesil hakynda aladanyň, kitaba, kitaphanalara goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň güwäsidir diýip belläp geçdiler. “Bilimli nesil kuwwatly Watan” diýlişi ýaly “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binasynyň we çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň bir ýerde ýerleşmegi çagalaryň geljekde giň gözýetimli, bilimli, sowatly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde, watanperwer, belent adamkärçilikli ynsanlar bolup kemala gelmeklerinde uly ähmiýete eýedir diýip, kitaphanaçylar öz çykyşlarynda bellediler. Çykyş edenler çykyşlarynyň ahyrynda kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASY BILEN BILELIKDE AŞGABAT TELEÝAÝLYMY BILEN BILELIKDE ÝAZGY GEÇIRILDI

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýazgy edilen söhbetdeşlikde çykyş edenler “Arkadag” futbol toparynyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasyna geçirmek hem-de ony Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelinmegini buýsanç bilen söhbet etdiler, bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň çagalar babatda alyp barýan dünýä nusgalyk sogaply işleriniň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasyna degişli şekil taslamalary bilen tanşyp, onuň “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtmagy hem ýaş nesil üçin giň mümkinçilikleriň döredilýänliginden aýdyň nyşandyr diýip, bellediler. Çykyş edenler çykyşlarynyň ahyrynda öz dürdäne eserleri bilen ýollarymyza nur çaýýan, kitaba belent sarpa goýýan, kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
PANAGIA THEOTOKOS WE BOZTEPE: TRABZONYŇ ASYRLARBOÝY TARYHYNYŇ YZLARY

Syýahatçylyk

14.05.2025

14-nji maýda Türkiýä gelen türkmen žurnalistleri gara deňziň kenaryndaky Wizantiýa binagärliginiň iň gadymy ýadygärliklerinden biri bolan Trabzondaky Panagia Theotokos monastyryna baryp gördüler. Monastyr XX asyrda ýapylan hem bolsa, taryhy ähmiýeti dikeldiş işleri arkaly dikeldildi we häzirki wagtda Wizantiýa döwründen galan gadymy freskleriň we binagärlik elementleriniň ajaýyp gezelençlerini hödürleýän myhmanlar üçin açykdyr. Türkmen wekiliýeti monastyrdan başga-da Trabzon we Gara deňziniň haýran galdyryjy görnüşlerini hödürleýän meşhur gözegçilik merkezi «Boztepe» depesine baryp gördi. Bu ýer taryhy taýdan şäheriň ruhy nyşany hasaplanýar we zyýaratçylary we syýahatçylary özüne çekýär. Boztepe diňe bir ybadat mekany bolman, eýsem, şäheriň taryhyna we sebitiň däp-dessurlaryna bagyşlanan çäreleriň geçirilýän medeni merkezine öwrüldi. Syýahatçylyk gezelenji deňziň kenarýaka şäherlerinde dowam eder.

No image
TÜRKIÝÄNIŇ TRABZON ŞÄHERINIŇ WIZANTIÝA DÖWRÜNE DEGIŞLI BINAGÄRLIK GURLUŞY SYÝAHATÇYLARY ÖZÜNE ÇEKÝÄR

Syýahatçylyk

14.05.2025

13-nji maýda Türkmen žurnalistleriniň Türkiýäniň Trabzon şäheri bilen tanyşdyryş saparynyň çäklerinde, hristian dünýäsiniň keramatly ýerleriniň biri bolan Sumela ybadathanasyna baryp gördüler. IV asyrda gurlan Sumela ybadathanasy deňiz derejesinden 1200 metre golaý belentlikde, ajaýyp Altyndepe jülgesiniň kert gaýasynda ýerleşýär. Toplumyň täsin ýerde ýerleşmegi hem-de dag gaýasynda gurlan ýaly görünýän binagärlik keşbi bilen syýahatçylary özüne çekýär. Syýahata gatnaşyjylar ybadathananyň taryhy, Wizantiýa döwrüniň ruhy we medeni durmuşyndaky orny hem-de desgany rejelemek we gorap saklamak boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdylar. Şeýle-de žurnalistler Trabzon sebitiniň taryhy künjeginde ýerleşýän Zenanlar ybadathanasyna baryp gördüler we onuň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Günüň ikinji ýarymynda XIII asyrda Trapezund imperiýasynyň höküm süren zamanynda gurlan Keramatly Sofiýa ybadathanasy Gara deňziniň kenarýakasynda gurlan ajaýyp ýadygärlikleriň biridir. 1964-nji ýylda muzeýe öwrülen bu bina ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. Onuň gaýtalanmajak binagärligi Wizantiýa däplerini ýerli gurluşyk usullary bilen özara utgaşdyrýar. Ybadathananyň içki bezeginde Injil sahnalaryny görkezýän XIII asyryň suratlary saklanyp galypdyr. Syýahatyň dowamynda žurnalistler «Ortamahelle» atly taryhy ýere ýola düşdüler. «Orta ýaşaýyş toplumy» diýlip tanalýan bu ýer osmanly döwrüniň şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýär. «Ortamahellede» şeýle hem Wizantiýa döwründen galan Keramatly Georgiýa ybadathanasy ýerleşýär. Köpasyrlyk taryhy we dini däpleriň dürlüligini beýan edýän bu ybadathana sebitiň taryhy hem-de medeni mirasynyň möhüm ýadygärligi bolup durýar.

No image
MEKDEP KITAPHANALARYNYŇ IŞINI HAS-DA KÄMILLEŞDIRMEGIŇ WEZIPELERI WE ÝOLLARY Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan kitaphana ulgamynyň işini has-da k

Kitaphanalar

14.05.2025

Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan kitaphana ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, giň okyjylar köpçüligini kitaphanalara çekmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde kitaba bolan sögüni döretmekde, höwesi artdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.Şu maksatdan ugur alnyp Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» durmuşa geçirmek hem-de bu Namalarda bellenilenleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Balkan welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Mekdep kitaphanalarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wezipeleri we ýollary» atly mekdep kitaphanalarynyň kitaphana işgärleri bilen bilelikde usuly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler kitaphanalaryň maddy enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, kitaphanalara häzirki zaman ösen tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmak, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini hil we mazmun taýdan kämilleşdirmek, çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak barada, kitaphana ulgamynda alynyp barýan işler, döredilýän mümkinçilikler, we ֿ«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» öňde goýulýan maksatlar dogrysynda giňişleýin söhbet etdiler.Umuman kitaphanaçylar ilkinji nobatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny wagyz edijiler bolup durýar. Maslahatyň ahyrynda ýene bir ýola ata Watanymyzyň dünýä derejesinde gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, işlemegi, okamagy, döretmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar halkymyzyň adyndan köp-köp sagbolsun aýtdylar.

No image
DÜNÝÄ UZAÝAN AK ÝOLLARYŇ SÖHBEDI

Täzelikler

14.05.2025

Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalar bagtyýar halkymyzy belent maksatly beýik işlere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyz goňşy we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary, dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bitarap Türkmenistan döwletimizde dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli netijeli ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler has-da rowaçlanýar. Hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Bitaraplyk ýörelgeleri halkymyzyň durmuşynda parasatly pederlerimizden gelýän ýoldur. Halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny dolandyrmakda hemişe ynsanperwer ýörelgelerden, dostlukly gatnaşyklardan ugur alypdyr. Agzybirlige gol berip ýaşapdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürýär. Parahatçylyk, hoşniýetlilik ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda, diňe bir ýurdumyzda däl, dünýäde parahatçylygyň, howpsuz durmuşyň höküm sürmegi ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde dünýäde ykrar edilýär hem-de parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri has-da baýlaşdyrylýar. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, halkara ähmiýetli taryhy waka boldy. Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda, Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, aýdymçylarynyň, artistleriniň gatnaşmagynda geçirilen , «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem bu şanly senelere bagyşlandy. Döredijilik duşuşygyna «Demirýollary» agentliginiň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Aşyrmät Garlyýew gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä uzaýan dost-doganlyk ýollary, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyň, merdana pederlerimizden gelýän watansöýüjilik terbiýesiniň esasydygyny öz çykyşlarynda giňişleýin beýan etdiler. Parahatçylygyň belent düşünjeleriniň çuňňur many-mazmunynyň Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynyň gymmatly pikir-garaýyşlarynda beýan edilýändigini, «Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýen setirlerinde aýdyň açyp görkezdiler. Bu goşgynyň dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk baradaky arzuwlary, ýagşylyga, ynsanperwerlige ýugrulan pikir-garaýyşlary bilen sazlaşýandygyny bellediler. Şeýle hem, häzirki döwürde dünýäniň döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi netijesinde, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan döwlet hökmünde halkara abraýyny belende göterýär. Döwletleriň ynanyşmak arkaly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde ynamly gatnaşyklaryň dabaralanmagy bolsa parahatçylygyň kepiline öwrülýär. Dünýä ýurtlary ynamly we ygtybarly gatnaşyklaryň netijesinde ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar-diýip nygtadylar. Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowanyň hem-de welaýatyň ussat aýdymçylarynyň döwrümiziň belent ösüşlerini, özgerişlerini wasp edýän aýdymlary bu çärä ýakymly öwüşgin çaýdy. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky döwrebap ösüşlerini has-da belende götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Ogulgurban GAŞLAKOWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
SUNGATDA PARAHATÇYLYGYŇ WASPY

Täzelikler

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «2025-nji ýyl–Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Sergide mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik taslamalary şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Döredijilik sergisinde Şöhrat Mämmedowyň «Parahatçylyk bagy» atly nakgaş eserinde taryhy ýadygärliklerimiz hem-de paýtagtymyzyň ak mermere beslenen ajaýyp binalary bilen çeper sazlaşykly beýan edilýär. Bu daragt bagynda Watanymyzyň taryhy hem-de şu günki günümiziň ösüşleri öz beýanyny tapýar. Bu sergide dürli temalar boýunça ýerine ýetirilen kiçi göwrümli heýkel taslamalarynyň arasynda Güljan Şöhratgeldiýewanyň «Parahatçylyk ülkämiň waspçysy» atly döredijilik eseri çuňňur mazmuny bilen diýseň tapawutlanýar. Bu heýkel eserinde asuda Watanymyzyň parahatçylygyny hem-de günsaýyn özgerýän beýik ösüşlerimizi wasp edýän goşgy setirlerini okap duran ýaşlaryň janly keşpde suratlandyrylmagy täsirli duýulýar. Heýkel taslamasynda älemgoşaryň şekili görkezilipdir. Munda bolsa asman giňişliginde ganatyny ýaýyp uçýan ak kepderiniň şekili suratlandyrylypdyr. Talyp ýaşlarymyzyň döreden paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň gözel binalarynyň kiçi görnüşli göwrüm taslamalary sergini has-da baýlaşdyrýar. Amaly-haşam sungatymyzyň nusgalarynda bolsa däp bolan şekili ýoýmazdan täzeçilik girizilen şaý-seplerimizi, haly önümlerimizi, zergärçilik sowgatlyk önümleri görüp buýsanýarsyň. Olarda milli medeniýetimiziň baý taryhy beýan edilýär. Selbinyýaz GARAÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi

No image
BAÝDAGYMDA BAGTYÝARLYK BADY BAR, KANUNYMDA HALKYŇ BEÝIK BAGTY BAR

Kitaphanalar

14.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe radiýogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň agzybirligini we ýurdumyzyň berkararlygyny alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini, berkitýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, döwlet baýdagymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.