logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BERKARARLYGYŇ SYNMAZ SÜTÜNLERI

Kitaphanalar

14.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkararlygyň synmaz sütünleri» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşyl tugymyz dünýä ýüzünde belentden parlap, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri äleme ýaýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Kanunymyzyň, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp, şu kanunyň kabul edilendigini hakynda gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Ylham» dutarçylar toparynyň aýdym-sazlary, çykyşlary, ýaşyl tugumyzy wasp edýän goşgulary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ADYL KANUN, ŞÖHLÄŇ DÜNÝÄ ÝAÝRAÝAR

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda, ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar» ady bilen edebi-sazly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatyň nyşany bolup türkmen halky Döwlet baýdagyny gözüniň göreji, başynyň täji hasaplaýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl tugy halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada asyrlarboýy eden arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň aňymyzda watançylygyň beýik ruhuny, häzirki wagtda özüniň ajaýyp geljegini gurýan halkymyzyň ruhubelentliklerini berkarar edýän milli mukaddeslik bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
AZIÝANYŇ FUTBOL KONFEDERASIÝASYNYŇ ÇAGYRYŞ LIGASYNYŇ ÇEMPIONY «ARKADAG» FUTBOL TOPARYNY GARŞYLAMAK DABARASY

Kitaphanalar

14.05.2025

Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna garşylamak çäresi geçirildi. Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde “Arkadag” futbol toparynyň gazanan taryhy ýeňşi mynasybetli ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen garşy alyndy. Halkara derejede ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göteren futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip, dabaranyň başlanýan ýerine geldiler. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. “Çagyryş ligasynyň çempiony” diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar. Toparyň türgenleri Akhan, Aba Annaýew hem-de Kärizek şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna tarap ugradylar. Ýol ugrunda ajaýyp ýeňiş gazanan futbolçylary Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, zähmetkeşleri şele-de Döwletmmämet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň agzybir zähmet söýer işgärleri, şatlyk-şowhun bilen garşylamak dabarasyna gatnaşdyk. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň nurana ýollarynyň ugrunda belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary “Arkadag” toparynyň taryhy ýeňşiniň waspyny ýetirdi. “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri 10 müň orunlyk stadionyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Ajaýyp ýeňiş gazanyp, halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşan futbolçylara türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, duz-çörek hödür edildi. Il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, ýaş türgenler futbolçylara ak ýol arzuw etdiler. Olaryň gazanan ýeňşi ýaş türgenler üçin nusgalyk göreldedir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen sportynyň hak howandary, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Ömürleri uzak bolsun! Il ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

No image
HALYPALARYŇ DÖREDIJILIK MEKDEBI

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy, ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli «Halypalaryň döredijilik mekdebi» ady bilen kitap sergisi guraldy. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem ýokarda ady agzalan ussat ýazyjy şahyrlarymyzyň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp eserleri goýuldy. Okyjylarymyz bu guralan kitap sergisinden özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.

No image
USSATLARYŇ DÖREDIJILIK ÝOLY

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy, ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli «Ussatlaryň döredijilik ýoly» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň halypa döredijilik işgärleri bolan Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy,ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy barada we olaryň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu ussat ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary,biziň şu günki döredijilik işgärlerimiz üçin uly döredijilik mekdebidigini nygtadylar. Sözüň sungaty hiç wagt könelmeýär. Bu günki gün biziň ýaş nesillerimiz ýokarda ady agzalan halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar. Çykyş edenler öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan ajaýyp işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK-DURNUKLY ÖSÜŞIŇ WAJYP ŞERTI

Täzelikler

14.05.2025

13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Kataryň, Hytaýyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Pakistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň alymlary, professor-mugallymlary we ýaşlar gatnaşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu abraýly gurama bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň martynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy degişli Kararnama bilen üçünji gezek ykrar edildi. 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY MESELELERI ÇÖZMEKDE IŞJEŇ ORNY EÝELEÝÄR

Täzelikler

14.05.2025

13-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Bu çäre dialog üçin möhüm meýdança bolup, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa sebitinden alymlary, bilermenleri we hünärmenleri, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny bir ýere jemledi. Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň täsin endemik ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrýan sergi guraldy hem-de “Türkmenistan: howanyň üýtgemegi we «ýaşyl» geçiş” atly wideoýazgy görkezildi. Çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edenler howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigine ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek durnukly ösüş meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi babatda ileri tutulýan ugurlary milli ösüş meýilnamalaryna, oba we suw hojalygynda, energetika pudagynda alnyp barylýan strategiýalara ornaşdyrmak üstünligiň wajyp şertidir. «Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin we milli syýasat: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly umumy mejlisde Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin bilermeni W.Grebnew bu möhüm strategik ugurda dürli pikir-garaýyşly gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. «Türkmenistan» gazeti

No image
2025-nji ýylyň 15-18-nji maýy aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

13.05.2025

______________________________________________________________________________ Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 15.05.2025ý. «Mukaddeslige tagzym» 18:00 16.05.2025ý. «Mukaddeslige tagzym» 18:00 17.05.2025ý. «Mejbury tebip bolan» 19:00 18.05.2025ý. «Gülki agşamy» 19:00 ______________________________________________________________________________ Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 16.05.2025ý. «Ynsap» 19:00 17.05.2025ý. «Balzaminowyň öýlenişi» 19:00 18.05.2025ý. «Körpe gelin» 19:00 ______________________________________________________________________________ Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 16.05.2025ý. «Gopbamja towşan» 11:00 17.05.2025ý. «Magnitafon» 19:00 18.05.2025ý. «Magnitafon» 19:00 _____________________________________________________________________________ A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 16.05.2025ý. «Волки и овцы» 19:00 17.05.2025ý. «Маша и медведь» 12:00 17.05.2025ý. «Сад без земли» 19:00 18.05.2025ý. «Али-Баба» 11:00 18.05.2025ý. «Али-Баба» 13:00 18.05.2025ý. «Мать» 19:00 ____________________________________________________________________________ Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 17.05.2025ý. «Ýediň enesi» 19:00 18.05.2025ý. «Gülki agşamy» 19:00 ________________________________________________________________ Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 15.05.2025ý. «Köňüller kelamy» 18:00 16.05.2025ý. «Köňüller kelamy» 18:00 17.05.2025ý. «Şowhunly tomaşa» 19:00 18.05.2025ý. «Ýagyş ýagan gijesi» 19:00 _____________________________________________________________________________ Türkmen döwlet gurjak teatry Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 17.05.2025ý. «Şadyýan sazandalar» 17:00 17.05.2025ý. «Aşyklar» 19:00 11.05.2025ý. «Janly gurjaklar» 12:00 11.05.2025ý. «Janly gurjaklar» 17:00 11.05.2025ý. «Juwan kalbym joşanda» 19:00 _____________________________________________________________________________ Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 16.05.2025ý. «Garry möjek» 17:00 17.05.2025ý. «Gumly gelin» 19:00 18.05.2025ý. «Bir güniň aladasy» 19:00 _____________________________________________________________________________ Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 17.05.2025ý. «Ýaşlyk ýelgini» 18:00 18.05.2025ý. «Aýdym-sazly edebi çykyş» 18:00 _____________________________________________________________________________ Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry Senesi Geçiriljek çäreler Wagty 17.05.2025ý. «Sensiz nädip ýaşaryn» 19:00 18.05.2025ý. «Gelin ýöreýşi» 19:00

No image
SURATKEŞLER ŞAHSY DÖREDIJILIK SERGISINI GEÇIRDILER

Täzelikler

13.05.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Merdan Kakabaýewiň, Azat Tuwakowyň 45 ýaşlarynyň dolmagy mynasybetli şahsy döredijilik sergisi geçirildi. Sergide, M.Kakabaýew “Türkmen medeniýeti” 2016ý., M.Kakabaýew “Gutlug Timur we Tekeş” 2018ý., M.Kakabaýew “Daşoguzyň mirasy” 2024ý., M.Kakabaýew “Kündükler we çaýyň taryhy” 2016ý., M.Kakabaýew “Üzümler we waharmanlar” 2025ý., M.Kakabaýew “Garrygyz” 2025ý., A.Tuwakow“ Amaly-haşam sungaty” 2012ý., A.Tuwakow “Sungaty öwreniş” 2012ý., A.Tuwakow “Jemgyýeti öwreniş” 2012ý., A.Tuwakow “Çeper gimnastika” 2025ý., A.Tuwakow “Çeper gimnastika” 2025ý. A.Tuwakow “Etýudlar” 2011ý. A.Tuwakow “Şäher gurluşyk ” 2010ý. Ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde watan söýgüsini, milli gymmatlyklarymyzy, peder mukaddesligini, buýsançly taryhymyzy, ruhy sütünlerimiz çeper beýan edilýär. Nakgaşçylyk, grafika eserleriniň aglabasynda ýagty reňkleriň kömegi bilen durmuşyň ajaýyp wakalarynyň we pursatlarynyň beýan edilmegi sergä aýratyn öwüşgün çaýdy. Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Merdan Kakabaýewiň, Azat Tuwakowyň 122-den gowrak nakgaş, grafika eserleri görkezilýär. Sergi öz işini 10 gün dowam eder

No image
TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ATATÜRK KÖŞGÜNDE

Syýahatçylyk

13.05.2025

12-nji maýda türkmen žurnalistleri Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherine syýahatçylyk gezelenji başlandy. Syýahatçylyk gezelenji Türkiýäniň esaslandyryjysy bolan Mustafa Kemal Atatürkiň taryhy we kaşaň öýi-Atatürk köşgüne gezelenjinden başlandy. Bu syýahat gezelenje «Medeniýet we syýahat» žurnaly, «Türkmenistan TV4» teleýaýlymy, «Biznes Türkmenistan», «Türkmenportal», «Orient», «News Central Asia», «Atawatan Türkmenistan» internet neşirleriniň wekilleri hem gatnaşdy. Žurnalistler Atatürkiň durmuşy we alyp baran işleri bilen baglanyşykly şahsy gymmatlyklar, irki mebeller, fotosuratlar we resminamalar saklanylýan muzeýiň içki zallaryny synladylar. Soňra žurnalistler Trabzonyň köçeleri boýunça gezelenç etdiler hem-de kenarýaka şäheriň ýerli binagärligi we gaýtalanmajak gözelligi bilen tanyşdylar. Syýahatçylyk gezelenji dowam 16-njy maýa çenli dowam eder.