logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN HALYSY-KÄMIL SUNGAT

Medeni miras

13.05.2025

Ajaýyp zamanymyzda ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Köpleri özüniň nepisligi bilen haýrana goýan türkmen halylarymyz toýlarymyzyň, öýlerimiziň bezegidir. Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda nepislenip, kämilleşip gelýär. Döwür özgerdigiçe gelin-gyzlarymyzyň el-hünäriniň görnüşleri hem kämilleşýär. Türkmen halylary ajaýyp kitapdyr, onda halkyň geçmişi, häzirki durmuşy we geljegi beýan edilýär. Türkmen halkynyň medeni mirasy hasaplanýan milli gymmatlyklaryň biri-de türkmen halylarydyr. Gözelligine taý tapylmaýan türkmen halylary taryhy öwrenmekde-de uly çeşme bolup durýar. Taryhyň geçmiş syryny saklaýan türkmen halylaryndaky nagyşlary, gölleri haly sungatynyň örän gadymylygyny görüp bilýäris. Haly dokaýan zenanlar oňa içki duýgusyny, yhlasyny siňdirýär. Islendik halyny üns bilen synlasaň, onuň aňyrsynda uly many bar. Halyçylyk işi örän inçe, hysyrdyly şol bir sanda jogapkärli iş hasaplanýar. Biziň on barmagyndan dür dökülýän çeper elli zenanlarymyz bu ajaýyp haly dokamak sungatynyň hötdesinden abraý bilen gelýärler. Türkmen halylarynyň esasyny döredýän materiallar orta ýerliginde, ululy-kiçili göllerden ybarat bolup, häzirki günde nepis haly gölleri berkararlykda binýady berkän döwletimiziň ajaýyp nyşanlarynda-Döwlet Tugunda we Döwlet Tugrasynda öz mynasyp ornuny tapandyr. Türkmen halylary türkmeniň milli buýsanjydyr. Şu günki gün türkmen halylarynyň ýüzündäki görünýän nagyşlar ýeke-täk ugurly taýpa-tireleriň belgileriniň nyşany bolup, nagyşlar biri-birine çylşyrymly meňzeşlikleri bilen, bu garaşsyz taýpalaryň düýbiniň bir kökdendigini görkezýär. Salyr, Salyk (Saryk), Ärsary, Ýomut we Teke nagyşlaryň bu meňzeşlikleri, türkmen kowumlarynyň düýbüniň bardygyny we olaryň tapawutlyklary bolsa, her taýpanyň öz ruhy-rowan häsiýetleriniň aýratynlyklaryny görkezýär. Türkmen halylarynyň owadanlygy olaryň gyralarynyň şekillendirişinde bolup ‘‘Älem”, “Gara”, “Uly toprak”, “Uly gara” we ş.m ýaly böleklerden ybarat bolýar. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň halk döredijiligi edebi eserlerinde, gadymy hem müdimi mirasymyzda iňňän uly orun eýeleýär. Munuň özi bir tarapdan, türkmen halkyny halysyz göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini, ikinji bir tarapdan, bu sungatyň türkmeniň durmuşynda maşgalanyň maddy taýdan üpjün etmekde uly orny eýeländigini alamatlandyrýar. 2019-njy ýylyň 9-14-nji dekabry aralygynda Türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu bolsa türkmen halky üçin diýseň buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şeýle-de türkmen halysynyň umumadamzat gymmatlygydygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagy Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde zähmetsöýer halyçylaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna, ylaýta-da halyçylara peşgeş beren ,,Janly rowaýat’’,,Arşyň nepisligi,’’Türkmen medeniýeti’’ atly kitaplarynda türkmen halysynyň gudraty, onuň uzaklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy, reňkleriň jadylaýjy öwüşgini, şeýle hem ezber elli halyçylarymyzyň çekýän asylly we halal zähmetine goýulýan sarpanyň uludygy bellenilýär. Bu kitaplar biz türkmen ýaşlary üçin hem uly gollanma bolup durýar. Kitapdaky gymmatly maglumatlar, esasanda biz öz geçmiş taryhymyzy, edim-gylymlarymyzy, türkmen zenanlarynyň tutanýerli, zähmetsöýerligini içgin öwrenýäris hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirýäris. Muzeýe syýahat etmäge gelýän her bir tomaşaçyda halylar, haly önümleri diýseň milliligi, nepisligi, gözelligi bilen haýrana goýýar. Muzeýde her ýylda bellenilip geçilýän türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli gurnalýan sergilerde haly önümleriniň hem orny örän uludyr. Muzeýde görkezilýän bu milli gymmatlyklar özüniň gadymy öwüşginleri bilen her bir syýahata gelýän daşary ýurtly syýahatçylarda hem uly gyzyklanma döredýär. Bu gadymy hem müdimi senet ençeme asyrlaryň inçe syrlaryny özünde saklaýar. Bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaklyga, gurmaklyga, döretmeklige we milli mirasymyzy dünýä wagyz etmekde hem-de öwrenmekde uly mümkinçilikler döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan il bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! Nowça BABANYÝAZOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni

No image
DÖWLET BAÝDAGY–ÖZYGTYÝARLYLYGYŇ NYŞANY

Kitaphanalar

13.05.2025

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Döwlet Baýdagy–özygtyýarlylygyň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Tugumyzy dünýä ýüzünde belentde parlatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
GAHRYMANLARY HATYRALAP...

Halkara gatnaşyklary

13.05.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly senelere beslenýän günlerinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly çäreler uly depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bu şanly senä bagyşlanyp, gazaply uruşda şirin janlaryny aýaman mertlerçe söweşen gaýduwsyz ýigitlerimiziň hatyrasyna uruş döwrüniň wakalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler geçirilýär. Ýaş nesilleriň kalbynda çuňňur watançylyk duýgusyny oýarýan ýürekleri buýsandyryjy bu taryhy waka diňe bir Türkmenistan ýurdumyzda däl, eýsem dünýä döwletlerinde hem giňden bellenip geçilýär. Şeýle buýsançly wakalaryň hatarynda ýaňy ýakynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty bolan Moskwa şäherinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen gala konsertini aýtmak bolar. Onuň çäginde Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň gatnaşmagynda birleşen ýaşlaryň uly horunyň ilkinji çykyşynyň gurnalmagy, şol çykyşda Türkmenistan döwletimizden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagy bolsa, täze taryhy döwrümizde dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Birleşen ýaşlaryň uly horuny döretmek boýunça başlangyçlara 2024-nji ýylda GDA-nyň agza ýurtlarynyň Sankt-Peterburgda geçirilen medeni hyzmatdaşlyk geñeşiniñ mejlisinde badalga berilipdi. Onuň ilkinji çykyşy hem Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň hatarynda meýilleşdirildi. Taslamanyň ýolbaşçysy hökmünde bolsa, Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasynyň rektory Aleksandr Ryžinskiý bellenildi. Şol bir wagtda konsertde ýerine ýetiriljek eserleriň meýilnamasy hem öňünden taýýarlanyldy. Beýik Ýeňşi dabaraly ýagdaýda bellemek babatynda taýýarlyk işleri uzak wagtyň dowamynda uly depginde alnyp baryldy. Dünýä döwletleriniň medeniýet hem sungat işgärleriniň, aýratyn hem ýaşlaryň irginsiz zähmeti konsert çykyşlarynda özüniň mynasyp ornuny gazandy. 250 adamdan ybarat bolan hor topary Beýik Ýeňşiň belentden dabaralanýan pursatlarynda “Священная война” (“Mukaddes uruş”), “Колокола” (“Jaňlar”) gimni we “День Победы” (“Ýeňiş güni”) ýaly aýdymlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Moskwa şäheriniň Kreml meýdanynda şatlyk-şowhuna beslenen konsert tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Ýer ýüzünde şunuň ýaly mukaddes işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen bütin adamzadyň asuda hem parahat durmuşy, azatlygy hem abadan geljegi ugrunda janyny pida eden merdana gerçekler hatyralanylýar, Beýik Ýeňşi gazanmaga uly goşant goşan watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar. Jeýran JORAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby

No image
AZIÝANYŇ FUTBOL KONFEDERASIÝASYNYŇ ÇAGYRYŞ LIGASYNYŇ ÇEMPIONY «ARKADAG» FUTBOL TOPARYNY SARPALAMAK DABARASY

Täzelikler

13.05.2025

12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň “Arkadag” futbol toparynyň gazanan taryhy ýeňşi mynasybetli ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Halkara derejede ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göteren futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip, dabaranyň başlanýan ýerine geldiler. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. “Çagyryş ligasynyň çempiony” diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar. Toparyň türgenleri Akhan, Aba Annaýew hem-de Kärizek şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna tarap ugradylar. Ýol ugrunda ajaýyp ýeňiş gazanyp, tutuş halkymyzy begendiren futbolçylary Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, janköýerler şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň nurana ýollarynyň ugrunda belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary “Arkadag” toparynyň taryhy ýeňşiniň waspyny ýetirdi. Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanydyr. Şäheriň durnukly ösüş, ekologik taýdan arassalygy, innowasion çözgütleri üçin köp sanly halkara güwänamalara we baýraklara mynasyp bolmagy bu ýerde iri şähergurluşyk taslamasynyň ýokary derejede durmuşa geçirilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň başynda Milli Liderimiziň tagallasy bilen esaslandyrylan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda ajaýyp ýeňiş gazanyp, festiwalyň Altyn baýragyna hem-de beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli şanly wakalara, beýik ýeňişlere beslenýändiginiň beýanydyr. “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri 10 müň orunlyk stadionyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Ajaýyp ýeňiş gazanyp, halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşan futbolçylara türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, duz-çörek hödür edildi. Il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, ýaş türgenler futbolçylara ak ýol arzuw etdiler. Olaryň gazanan ýeňşi ýaş türgenler üçin nusgalyk göreldedir. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

13.05.2025

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri-de alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işine guramaçylykly girişildi. Şeýle-de häkim Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almaga, ony talabalaýyk saklamaga taýýarlyk görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. «Türkmenistan» gazeti

No image
«BELENTDE PARLASYN, PARAHAT ÝURTDA ŞÖHRATLY TUGUM!» ATLY SERGI

Muzeýler

12.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň nyşany, halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir. Milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny hem-de ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň hormatyna gurlan ajaýyp binalar, beýik sütünde parlaýan Döwlet tugumyz watansöýüjileriň döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Belentde parlasyn, parahat ýurtda şöhratly Tugum!» atly sergi guraldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almammedowyň «Dag etegi», Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Meýdan gülleri», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy», Walentin Kudrýaşowyň «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni», Jennet Aýdogdyýewanyň «Meniň Garaşsyz Watanym», Tamara Kiselýowanyň «Sambo boýunça Dünýä Çempiony Geldiýewa Jennet», «Döwlet senasy», ýaly birnäçe ajaýyp sungat eserleri hem-de ussat heýkeltaraşlar Annameret Taganowyň «Gül», Maral Ataýewanyň «Hereket», Gülara Babaýewanyň «Galkynyş» ýaly heýkel we keramika eserleri sergilendi. Serginiň mazmuny dürli-dürli bolup, nakgaş, heýkel, keramika eserleriniň ýeten kämil derejesiniň üsti bilen ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler görkezilýär. Baýramçylyk sergidäki eserlerde ýurdumyzyň gülläp ösüşleri, parahatçylygy, tebigy gözellikleri, milli tugumyz bilen özara sazlaşykly beýan edilýär hem-de parahat ýaşaýan halkymyzyň durmuşyndan bir pursady açyp görkezýär.

No image
KONSTITUSIÝA–DÖWLETIŇ MIZEMEZ BINÝADY

Kitaphanalar

12.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa–döwletiň mizemez binýady» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatyň nyşany bolup türkmen halky Döwlet baýdagyny gözüniň göreji, başynyň täji hasaplaýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl tugy halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada asyrlarboýy eden arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň aňymyzda watançylygyň beýik ruhuny, häzirki wagtda özüniň ajaýyp geljegini gurýan halkymyzyň ruhubelentliklerini berkarar edýän milli mukaddeslik bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGY MIZEMEZ MUKADDESLIKDIR» ATLY DABARALY MASLAHAT

Muzeýler

12.05.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ajaýyp ýylymyzda toýdur-baýramlar goşa-goşadan gelýär. Goşalanyp gelýän baýramlar bagtyýar halkymyzyň her biriniň göwün guşuny ganatlandyrýar. Demokratik hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet Baýdagynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy diýarymyzyň çar ýanyny toý lybasyna besläp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» bellenilýän joşgunly çäreleriň üstüni ýetirdi. Goşa mukaddesligiň şanyna Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Uly ruhubelentlikde ýokary guramaçylykda geçirilen maslahatyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Bu gurnalan wagtlaýyn sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi görkezildi. Sergide ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baý medeni ruhy hem milli mirasyny şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapdy. Diýseň köp adamly bolan bu sergi täsirligi bilen tapawutlandy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar asuda, parahat, eşretli zamanada ýaşamaga, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin parahatçylygyň beýik taglymatçysy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny sagbolsunlaryny beýan etdiler.

No image
SÖZ MÜLKÜNIŇ BOSSANY

Kitaphanalar

12.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri, paýtagtymyzyň kitaphanalarynda zähmet çekýän kitaphanaçylary şeýle hem «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde gurnamaklarynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda «Söz mülküniň bossany» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde şol bir sanda eziz Diýarymyzda hem wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şular dogrusynda ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalar ulgamynyň zähmetsöýer kitaphanaçylary hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Duşuşygynyň ahyrynda ylymlaryň-bilimleriň ojagy bolan kitaphanada ýerleşýän dürli pudaklara degişli çuň manyly kitaplary giň okyjylar köpçüligine ýetirmäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
BEÝIK ÝEŇŞIŇ WASPY

Muzeýler

12.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her bir täze gün, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, üstünlikli durmuşa geçirýän işleri, Türkmenistan diýarymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly aýdyň öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy biz ýaşlary begendirýär hem-de buýsandyrýar. Bu şygar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan–Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly, ajaýyp goşgusy esasynda saýlanyp alyndy. Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistan döwletimiziň ýaş nesillerini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandökşükli döwür hökmünde giren 1941-1945- nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýeren, merdana watandaşlarymyz doganlyk halklarynyň wekilleri bilen egin-egine berip, aldym–berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Mary welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem ýeňiş baýramçylygy mynasybetli sergi guraldy. Sergide uruş ýyllaryna degişli lybaslar, şekillendiriş sungatyna degişli suratlar, foto suratlar, kitaplar, söweşen gerçekleriň oreden-medallary ýerleşdirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz saýasynda, diýarymyzyň her bir güni toýlardan toýlara baýramlardan-baýramlara ulaşýar. Ýaş nesilleriň geljegi ugrunda örän uly alada edýärler. Goý, türkmen halkymyzy şeýle ajaýyp zamanada ýaşatýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.