logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
WATAN IŇ BEÝIK MUKADDESLIKDIR

09.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Watan iň beýik mukaddeslikdir» atly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan il-ulsumyzyň kalbynda Watan, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar. Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşguny bolup durýar. Watanyň näderejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine Gahryman Arkadagymyzyň ýürek joşgunyndan, milli ruhy buýsanjyndan syzylyp çykan «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplaryny okanyňda, aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby ýaşlary watansöýüjilik ruhunda, ýokary milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Bu ajaýyp kitapda Watanymyzyň ezizligi hakyndaky gymmatly duýgular giňden beýan edilýär. Kitapda watansöýüjilik, agzybirlik, parahatçylyk, dost-doganlyk, adalatlylyk, halallyk, birek-birege hormat goýmak, ýaly ajaýyp duýgular kalbyňy gurşap alýanlygy barasynda täsirli gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Ýurdumyzy parahat durmuşda, asuda günlerde ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun. Il ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw etdiler.

No image
«BEÝIK ÝEŇŞIŇ ŞANYNA» ATLY BEÝIK ÝEŇIŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

Kitaphanalar

09.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäheriniň № 51-nji orta mekdebinde «Beýik ýeňşiň şanyna» atly Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlap mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. Watanyň taryhynda halkyň durmuşynda mukaddes hakyda öwrülip, nesiller tarapyndan hatyralanyp, her ýyl bellenilýän seneleriň üýtgeşik terbiýeçilik ähmiýeti bar. Her ýylyň 9-njy maý güni ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni uly dabara bilen bellenilýär. Parahat diýarymyzyň ähli künjeklerinde, mekdeplerde söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzyň sarpasyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Geçirilýän çärede mekdep okuwçylary urşa gatnaşan gerçeklerimiziň hormatyna suratlaryny ellerinde göterip nyzama durdylar. Olaryň hormatyna baş egip, gül desselerini goýdular. Şeýle hem wetaranlarymyzyň hormatyna sahnalaşdyrylan oýun, goşgy, aýdym aýdyp, çykyş etdiler. «Beýik ýeňşiň şanyna» atly geçirilen çärede türkmen, rus ýazyjy şahyrlarynyň kitaplaryndan sergi gurnaldy. Geçirilen ertirligiň ahyrynda asuda we parahat ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ŞAHYRY

Kitaphanalar

09.05.2025

Çagalaryň ýüreklerinde yz galdyran çaga ýürekli şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň 95 ýyl ýubileýi mynasybetli Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda welaýatyň döredijilik işgärleri bilen duşuşyk agşamy geçirildi we bu mynasybetli kitaphana gaznasyndan «Çaga ýüreginiň owazy» atly göçme sergisi hem-de Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda körpeje çagalarymyz üçin wagtlaýyn sergileri gurnaldy. Dünýäniň çagalar edebiýatynda G.H.Andersen adyndaky Halkara baýragynyň merkezi Aziýa boýunça ýeketäk eýesi şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň ömür beýany hakynda gatnaşan şahyrlar, habarçylar we welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Institutynyň Dil we edebiýat kafedrasynyň mugallymlarynyň beren gyzykly gürrüňleri gurnalan göçme sergileri gatnaşan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda medeniýete sungata uly sarpa goýýan, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝAŞLARYMYZA GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

09.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýaşlarymyza görelde mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde täze taryhy eýýamyzda eziz ýurdumyz ösüşiň kämil derejesi bagta barýan ak ýollarda batly ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek we olary ylymly–bilimli giň dünýä garaýyşyny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Her bir tutumda bize nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri bu günki gün her bir ýaşlarymyzy Watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma mekdebi bolup durýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagy üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
SÖZ MÜLKÜNIŇ BOSSANY

Kitaphanalar

09.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň kitaphanalarynda zähmet çekýän kitaphanaçylar bilen «Magtymguly Pyragy» seýilgäh toplumynda «Söz mülküniň bossany» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Şeýle-de beýik dagyň gerşinde agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň we parahatçylygyň wagyzçysy Magtymguly Pyragynyň keşbi janlandyrylan ajaýyp heýkel barada hem täsirli gürrüňler edildi. Duşuşyga «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

09.05.2025

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, hususan-da, ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlar degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek arkaly kämilleşdirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 9-sy kabul edildi. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek bilen bagly we beýleki kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 5-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 19-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan okuw maslahatlarynyň 36-syna gatnaşdylar. Milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 11-si amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň hem-de olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi. «Türkmenistan» gazeti

No image
WATANY GORAN GAHRYMANLARA ŞÖHRAT

Kitaphanalar

08.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Ýasmansalyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Watany goran gahrymanlara şöhrat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly weteranlarymyzyň bütin durkuň bilen Watanymyzyň mukaddesliklerine uýmak, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap saklamak, ynsan mertebesini belent tutmak, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmak, manyly ömür sürmek baradaky öwüt-ündewlerine hem-de nesihatlaryna eýerip, eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAKYDYR DÜNÝÄDE ÝEŇIŞ BAÝRAMY

Kitaphanalar

08.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hakydalarda gaýduwsyzlygyň, watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hakyky mertligiň mekdebi bolan, parahat, asuda, ýaşaýşyň binýadyny berkarar eden, parahatçylyk we azatlyk ugrunda söweşen Watan ogullarynyň edermenlikleri her ýylyň 9-njy maýynda uly dabaralar bilen ýatlanyp geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Beýik Watançylyk urşuna türkmen ýigitleriniň hem gatnaşandygy, olaryň mukaddes topragymyzyň asudalygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda görkezen edermenlikleri barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ŞÖHRAT BOLSUN WATAN GAHRYMANLARYNA!

Täzelikler

08.05.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli «Şöhrat bolsun Watan gahrymanlaryna!» ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çärede çykyş eden kitaphana hünärmenleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan weteranlarymyza we olaryň ojagyny saklan enelerimize goýylýan sarpanyň örän ýokarydygy barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler watany beýgeldýär» atly kitabyndaky «Watan biziň her birimiz üçin elýetmez mertebedir. Munuň-da sebäbi, Watan söýgüsi soňlanýan däldir. Watana söýgi hemişe joşup duran mukaddes duýgudyr. Şeýle bolanlygy üçinem, diňe mertler, Watanyň mert ogullary Watany beýgeldýärler. Köňli nurly Watan ogullaryna şöhrat bolsun!» diýen parasatly setirleri ýaşlary watançylyk ruhynda terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bardyr. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi we gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, watandaşlarymyzyň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir. Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!» diýip örän jaýdar belläp geçýär. Bu günki gün türkmen halkymyz 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygyny uludan baýram edip belleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmen zenanlary uruş ýyllarynda Goranmak gaznasyna köp mukdarda gymmatly şaý-seplerini tabşyryp, hakyky watansöýüjiligini, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydyklaryny görkezdiler. Beýik watançylyk urşunyň gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan Türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan «Hatyra» we «Şöhrat» atly köp jiltli kitaplarda ebedileşdirildi. Däp bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda Ýeňiş güni mynasybetli, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna sowgatlar gowşurylýar. Şeýle beýik, asylly işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty, taýsyz tagallalary ýatandyr. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy parahat we erkana durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Maral NURYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
EDERMENLIGIŇ BEÝIK NUSGASY

Kitaphanalar

08.05.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Sakarçäge etrabyndaky 45-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Edermenligiň beýik nusgasy» atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşly döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary, merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant-goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-tenden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan gerçeklerimizi hormat goýup, sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.