logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«BEÝIK GAHRYMANLAR ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

Täzelikler

05.05.2025

KITAP PAÝHAS UMMANY Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 1941-1945-nji ýylyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Beýik gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Mukaddes Watanymyň beýik gahrymanlary», «Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde edermen gerçeklerimiziň keşbi», «Ata-babalarymyzyň edermenliklerine beslenen şöhratly ýeňiş», «Miras bolan merdanalyk mekdebi», «Türkmen sungatynda Watanymyzyň şöhlelenilişi», «Türkmen şekillendiriş sungatynda Köneürgenjiň binagärlik mirasy», «Türkmen halkynyň edermenlik däpleri», «Pederleriň mertlik ýoly», «Taryhy ýadygärliklerimiziň çeperçilik çözgütleri», «Heýkeltaraşlyk sungatynda Watan gerçekleriniň keşbi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler beýik ýeňşiň gahrymanlarynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna belent sarpa goýulýandygy, şeýle-de Watana, öz halkyna wepaly hem-de oňa tüýs ýürekden hormat goýýan ýaşlary terbiýelemegiň ähmiýeti barada çykyş etdiler.

No image
PEDERLERIMIZIŇ EDERMENLIGI–GÖRELDE MEKDEBI

Muzeýler

05.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Pederlerimiziň edermenligi–görelde mekdebi» atly sergi geçirildi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda, parahatçylykly Bitarap Watanymyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, watansöýüjiligi, mertligi, edermenligi gahrymançylygy bilen taryhda ebedilik yz goýan merdana pederlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanmagynyň 80 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçýär. Ýokary batyrgaýlyk, edermenlik hem-de gahrymançylyk ruhuna beslenen köp asyrlyk taryhymyzda pederlerimiziň Watan goragynda görkezen gahrymançylygy türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Adamzat nesliniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin söweşen edermen ýigitlerimiziň söweş meýdanlarynda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, nusgalyk edermenligine biz bu günki gün çäksiz hormat goýýarys. Beýik Ýeňşiň 80 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet «Pederlerimiziň edermenligi–görelde mekdebi» atly sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hormatly il ýaşululary hem çagyryldy. Olar öz gezeginde şol gazaply uruş ýyllarynda tylda halkymyzyň çeken ýadawsyz zähmeti, türkmen ýigitleriniň watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, görkezen gahrymançylygy barada gyzykly gürrüň etdiler. Soňra myhmanlar muzeýde guralan sergä aýlanyp gördüler. Olar sergide görkezilen Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna degişli bolan taryhy gymmatlyklaryň galdyran täsiri barada özara pikir alyşdylar.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK SYÝASATY-HALKARA HOWPSUZLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Muzeýler

05.05.2025

Azatlygy we erkinligi goran ata–babalarymyzyň harby edermenligine buýsanç duýgusyny kalbymyzda besleýän bu ajaýyp we mukaddes baýramçylyk ýeňşiň nähili tagallalar bilen gazanylandygyny bize hemişe ýatladyp durýar. Şol ýowuz günlerde watan gerçekleriniň görkezen gahrymançylygy bize geljekde-de watançylygyň, edermenligiň hem-de durnuklylygyň nusgasy bolup hyzmat eder. Ýeňiş baýramy türkmen halky üçin iň bir mukaddes baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar. Şu günler Türkmenistan Diýarymyzyň ähli künjeginde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» geçirilýän dabaralar bilen utgaşýar. Hut şu mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty-halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlap «Bakylyga öwrülen mertler» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Bu gurnalan wagtlaýyn sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi görkezildi. Sergide ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baý medeni ruhy hem milli mirasyny şöhlelendirýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşyna degişli ylmy maglumatlary, taryhda yz goýan uruş ýyllaryň taryhyndan söz açýan Türkmenistanly gahrymanlarymyz hakyndaky fotosuratlar, Beýik Ýeňşiň dabaralanyşy we Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sylagy hem-de Lebap welaýatyň «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplary ýaly taryhy gymmatlyklarymyz sergide öz beýanyny tapdy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar asuda, parahat, eşretli zamanada ýaşamaga, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri, şertleri üçin parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny sagbolsunlaryny beýan etdiler.

No image
«Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek»

Kitaphanalar

05.05.2025

Ýaňy ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň döredilmeginiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ähli pudaklaryndan alymlar, sungat we medeniýet işgärleri we welaýat çagalar kitaphanasyndan myhmanlar geldiler. Olar ylym-bilim ýoluna ilkinji gadam basan günlerini talyp döwürleriniň şu kitaphanadan başlandygyny täsirli gürrüň etdiler. Şeýle hem ýaşajyk okyjylarymyz hem bizde myhmançylykda boldular. Hünärmenler çagalaryň öz halaýan ertekili kitaplaryndan, tanymal şahyrlaryň goşgularyndan okap berdiler. Maslahatyň dowamynda kitaplaryň sergisi gurnaldy. Çäräniň soňunda biziň ýaş nesillerimiz üçin döredilip, berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BEÝIK ÝEŇŞIŇ MERDANALARY

Kitaphanalar

05.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gezelenç gurady. Bu ýerde 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda Watanyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky ot» «Milletiň ogullary» ýadygärliklerinde söweş meýdanynda edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy hormatlamak üçin gül desselerini goýdular. Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň türkmen edebiýatyna şan getiren «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» romanynda Watana il-güne topraga, onuň duzuna kerem-keramatyna bolan söýgüniň juda güýçlidigine eserde hereket edýän gahrymanlaryň biri-birinden ýaş tapawudy boýunça saýlansalar hem bir bütewi maksada gulluk edýänligi barada täsirli gürrüňleri berdi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny baky parahat, asuda durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PAÝHAS ÇEŞMESI» ATLY GYMMATLY KITABY HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

03.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitaby hakynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler her bir sözi pähim-paýhas ummany,atalar sözi bolan türkmen nakyllarymyzyň her biriniň many-mazmuny barada giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda öz ynsanperwer syýasaty bilen atlary dünýä dolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAP PAÝHAS UMMANY

Kitaphanalar

03.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi,” Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap paýhas ummany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň alyp barýan işi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bölümiň gaznasy bilen tanyşdyryldy. Bu günki gün daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanma ep-esli artýar. Bölümiň esasy wezipesi daşary ýurt dillerini öwrenýän okyjylara hyzmat etmekden ybarat şeýle hem Türkmenistana degişli daşary ýurt dillerindäki edebiýatlarda bar bolan gymmatly çeşmeleri öwrenmek we okyjylara ýetirmek bolup durýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
SÖZ MÜLKINIŇ BOSSANY

Kitaphanalar

03.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi Türkmenistanyň Altyn asyr teleýaýlymynyň “Söz mülkiniň bossany” atly gepleşigi bilen bilelikde “Kitaphana işini kämilleşdirmek” atly söhbetdeşlik geçirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi, Türkmenistanyň Altyn asyr teleýaýlymynyň “Söz mülkiniň bossany” atly gepleşigi bilen bilelikde “Kitaphana işini kämilleşdirmek” atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýä garaýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin, bölümimiz tarapyndan saklanyp gelýän gadymy hem-de häzirki zaman neşirlerimizi okyjylarymyza ýetirmek maksady bilen kitap sergisi gurnaldy we has irki neşirler boýunça giňişleýin aýdylyp geçildi. Şeýle-de bölümde kitaplary elektrion kataloga ýüklemek işleri hem alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň gaznasyna “Galkynyş” kitap merkezinden kabul edilip alynýan täze kitaplara kartoçkalaryny ýazyp, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarda ýerleşdirimek, okyjylary hasaba almak we olara talabalaýyk hyzmat etmek, elektron katalogdan gerek bolan maglumatlary tapyp bermek boýunça özara tejribe alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda Seýrek neşirler bölüminiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Magtymguly adyndaky Dil, edebiýaty we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymy merkezi kitaphanasy bilen ýakyndan işleşýandigi barada hem bellenip geçildi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝAŞLARYŇ ÝOL-ÝÖRELGESIDIR

Täzelikler

03.05.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda bellenilen meýilnama esasynda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň eserleri ýaşlaryň ýol-ýörelgesidir” atly şygar astynda kitap sergisi maslahat duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan düzülen kitap sergisi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň kämil bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz :”Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys” diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat berýän ylmy-ensiklopedik we çeper eserleri ýaşlara durmuş tejribesini bermekde nazary we usulyýet esaslary bolup hyzmat edýär. Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplaryndan parasatly jümleleri gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndaky ynsaplylyk, agzybirlik, dostluk – asylly ýörelge, şeýle hem “Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym” atly bölümlerinden gyzykly rowaýatlar aýdyldy we talyplar hem öz gezeginde bu kitapdaky many-mazmunly rowaýatlaryň özlerinde galan täsirlerini terbiýeleýjilik ähmiýetini beýan etdiler. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle parastly jümle bar: ” Ata göreldesi-ogla, ene göreldesi gyza ýörelge”. Oglan çaganyň kakadan mertlige, lebizliligi, ygrarlylygy, durmuşa çydamlylygy, bir sözlüligi... ýene-de kän zatlar öwrenip bilýär. Oglan çagalary şonuň üçin kakalaryna meňzemäge çalyşýarlar. Türkmen maşgalasynda gyz çaganyň hem eneden öwrenmeli zatlary örän köp. Bu barada Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda : “Enesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini al” diýen türkmen nakylynyň üstünde kän duranymy bilmän galýaryn. Maşgalamyzda el hünäri türkmençiligiň bozulmaz kadasyna öwrülipdi. Ejem öz el işlerine söýgüsini mähirdir yhlasyny siňdirerdi. Elbetde, ejem gyz doganlarymyň uýalarymyň edep-terbiýesini-de birjigem ünsden düşürmeýärdi. Ejem uýalaryma öwüt berende , olara gatyrganmazdy, hiç haçan gygyrmazdy. Ýok, şu edeniň bolmandyram diýmezdi. Olara edebi öz hereketleri, oturyp-turşy, töwerege, adamlara gatnaşyklary bilen düşündirmäge çalşardy....” diýen parasatly jümleleri okap türkmen zenanlaryny gyz çaga nähili terbiýe bermelidiginiň görelde mekdebi bolup bolup durýandygyna magat göz ýetirmek bolýar. Pedagogika ylmynda hem terbiýe- ýaşuly nesliň ösüp gelýän ýaşlara öz durmuş tejribesini öwredip olary durmuşa taýýarlamagydyr diýip aýdylýar. Milli Lidermiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndaky ” Halk arasyndaky aýdylýan şeýle bir pähim bar : ”Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir” Dogrudanam, kämilligiň gözbaşy-terbiýe. Terbiýe - bu hazyna. Onuň berekedi ýyllar geçdigiçe has artýar. Men döwlet sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesi meselesine juda jogapkärli çemeleşmelidigimiz hakyndaky pikirimi ýene bir gezek nygtaýaryn” diýip perzet terbiýesi barada örän jaýdar jümleleri belläp geçýär. Perzent terbiýesinde ene-atanyň wezipesi gaty jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçin ata-eneler, perzentlerimizi terbiýelemek Magtymguly akyldarymyzyň: «Owwal, Magtymguly özüň düzetgil Özüňi sen özgelere göz etgil» diýip, belleýşi ýal, perzendiňe görelde bolmaklyk üçin görelde alarlykly hereket etmek, gep sözünde edep-ekramynda, geýim-gejiminde, bir söz bilen aýdylanda hemme babatda nusga bolmagy başarmak gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabyndaky “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär” diýip örän jaýdar belleýär. Çäräniň dowamynda onda çykyş bilim öwrenmekde, edep-terbiýeli, kämil nesiller bolup ýetişmekde kitap okamagyň ähmiýetiniň uly oryn eýeleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Maral NURYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
YLMY MASLAHAT

Muzeýler

03.05.2025

Liwiýa döwletiniň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly ylmy maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň tekstologiýa we edebi miras bölüminiň uly ylmy işgäri Amandurdy Nuraýew, Liwiýa Döwletiniň Tripoli şäherindäki Arap we Yslamy öwreniş kollejiniň direktory Kamal Elharama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Toýly Muhyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow çykyş etdiler. Dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça depginli ösdürilýändigi dogrusynda maslahatda giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle ajaýyp işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza dünýä döwletleri bilen medeni ynsanperwer ugurdaky medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde il-ýurt bähbitli, bütinadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!