logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI–NUSGAWY EDEBIÝATYŇ HAZYNASY

Kitaphanalar

03.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi–nusgawy edebiýatyň hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, joşgunly we şirin zybanly watançydygyny we halkynyň asuda, parahat ýaşamagyny arzuwlan şahyrdygyny, onuň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy hazynadygyny barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiligi türkmen edeibýatynyň müň öwüşginli almaz täjidigini hem-de ol manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagş eden, öz il-ýurduny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
POLŞA RESPPUBLIKASYNYŇ SURATKEŞI «TÜRKMENISTANDA BAHAR PASLY» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

03.05.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda 2025-nji ýylyň maý aýynyň 2-ne Watikanyň Türkmenistandaky Apostolik Nunsiýaturasynyň guramagynda Çeperçilik Sergiler Müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Apostolik Nunsiýaturasynyň myhmany, Polşa Resppublikasynyň suratkeşler Birleşiginiň agzasy Suratkeş Ioanna Galeckanyň “Türkmenistanda Bahar pasly” atly döredijilik sergisi geçirildi. Ioanna Galecka grafik hökmünde giňden tanalýar. Suratkeş Polşa Respublikasynyň gadymy we gözel ýadygärlikleri bilen tanalýan Krakow şäherinde zähmet çekýär. Suratkeşiň Krakow şäherinde özüniň ussahanasy bolup, ol ajaýyp nakgaş we grafik eserlerini döredýär. Suratkeş dünýäniň dürli döwletlerinde bolup 30-dan gowrak özüniň şahsy sergilerini üstünlikli geçirendigini belleýär. Suratkeş ilkinji gezek Türkmenistana 2001 - nji ýylda gelýär. Suratkeşi türkmen tebigaty, milli gymmatlyklarymyz, türkmen zenanlarynyň gözelligi we türkmen däp-dessurlary aýratyn täsirlendirýär. Şol täsirlenmeleriň netijesinde Türkmenistanda myhman bolan döwründe türkmen dünýäsi bilen baglanşykly ajaýyp sungat eserleriniň 25-den gowragyny bu sergä hödürledi. Sergide, suratkeş Joanna Galeckanyň “Türkmen zenanlary” 2025 ý., “Türkmen köli” 2025 ý., “Halylar” 2025 ý., “Deňiz” 2025 ý., “Owadan nagyşlar” 2025 ý., “Ýaz pasly” 2025 ý., “Tebigat ” 2025 ý., “Sähralar” 2025 ý., “Ene” 2025 ý. ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeşiň döreden sungat eserleriniň ählisinde türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky ajaýyplygy içgin açylyp görkezilýär. Türkmeniň kalby deýin sada tebigat, gözel sähralar, ýagyşdan soňky jülgeleriň gözel görnüşi kagyz ýüzüne ýagly reňkler bilen ussatlyk bilen geçirlipdir. Ioanna Galecka bol hasyl ýygnalýan ekin meýdanlaryny, türkmen saçagynyň, desterhanynyň aýratynlyklaryny, bagyň saýasynda türkmen ýaşulylarynyň mesaýy gürrüňlerini, çopan goşunyň gözelliklerini çeper mazmun bilen baýlaşdyryp sungata siňdirýär. Sungat elmydama kämillige tarap ýol salýar. Sungat özüniň gymmatyny wagt bilen kesgitleýär. Megerem şonuň üçin bolsa gerek üstünden asyrlar, heňňamlar geçen sungat eserleri hut ýakynda döredilen ýaly kalplara ýol salýar. Ioanna Galecka hem öz eserlerinde çeperçilik biliminiň ýokarlygyny we reňk çözgütleriniň aýratynlygy, çeperçilik usullaryny ulanmaklygyň ussatlygyny türkmen ýaşlaryna açyp görkezýär. Medeniýet halklary birleşdirýän köpri, hut şol nukdaýnazardan Polşanyň tanymal suratkeşi Ioanna Galeckanyň sergisi hem biziň halkymyz we ykbalyny sungat bilen baglan ýaşlarymyz uly täsirleri galdyrdy. Tejribeleri paýlaşmak, çeperçilik bilimiňi ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açyp berýän, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

No image
KITAP OKAN ÝOL TANAR

Kitaphanalar

03.05.2025

Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň tükeniksiz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ynsanyň ýaşaýşa, durmuşa bolan gözýetimi giňdir. Kitap adama edil howanyň, günüň, suwyň zerur bolşy ýaly, gerekdir. Sebäbi ol özüňi tanamagy, dünýäni öwredýär. Häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe geljege ynamly ýaşlarymyzyň kitaba, bolan çäksiz söýgüsi kalplarda gaýnap joşýar. Ynsanyň ýaşaýyş durmuşunda taryhymyzda we häzirki zamanda hem iň gymmatly hazyna ömrüňi nurlandyrýan kitapdyr. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynda döreýän ajaýyp kitaplary hem tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Söhbetdeşlikde şular dogrusunda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ BALKANABAT HALKARA HOWA MENZILINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Täzelikler

03.05.2025

2-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, öňdebaryjy öndürijileriň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglaryny ösdürmek, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça uzak möhletleýin strategiýa durmuşa geçirilip, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasy ilerledilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, pudagyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada giň gerimli strategik maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly bitewi multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hem Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir. «Türkmenistan» gazeti

No image
“Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym”

Kitaphanalar

02.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň bu gün bütin dünýäde dabaralanýandygy, ýurdumyzda beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek esasynda özara bähbitli gatnaşygyny yzygiderli ösdürilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýän ýyly bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI

Kitaphanalar

02.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik eserinden ybarat bolan hemişelik sergini gurnady. Köp jiltli ylmy neşir diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Her jildiniň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Kitap her jildiniň aýry-aýry ösümlikleriň kökleriniň, ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Baý mazmunly, üç dilde çap edilen ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary Türkmenistanyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan, halkymyzyň saglygy barada taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
MEDENIÝET GÜNLERINIŇ ÇÄKLERINDE «ADAMZADYŇ MEDENI ÖSÜŞINI AÇYP GÖRKEZMEKDE WE ARAP DILINI HEM-DE YSLAM MAGARYFYNY BAÝLAŞDYRMAKDA TÜRKMEN ALYMLARYNYŇ EÝELEÝÄN ORNY» ATLY MASLAHAT GEÇÝÄR

Muzeýler

02.05.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn ýörelgeleri esasynda Ata Watanymyz bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly we okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Liwiýa döwletiniň milli medeni mirasyň gazananlaryny öwrenmek hem-de halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda gözel ülkämizde Liwiýa döwletiniň medeniýet günleri geçirilýär. Türkmenistandaky Liwiýa döwletiniň medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Liwiýa döwletiniň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de sergi guraldy. Sergide yslam medeniýetinde çuňňur kök uran sungat bolan arap hat-ýazuwy we Liwiýanyň milli lybaslary, türkmen alymlarynyň arap dilinde ýazan çeper kitaplary we milli tagamlary sergilendi. Şeýle hem sergide milli däp-dessurlaryň baýlygyny , milli medeniýetlerini hem-de taryhynyň gazananlaryny görkezýän fotosuratlar ýerleşdirildi.

No image
KALPLARDA ORUN ALAN PYRAGY

Kitaphanalar

02.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kalplarda orun alan Pyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy-öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde adamzadyň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň dürdäne sözleri halkymyzyň edep-terbiýe mekdebiniň, ahlak-ýörelgeleriniň ählisi babatda kämilliginden habar berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, kämil eserleri ýagşylygyň we edepliligiň gönezligidir. Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklarynyň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi, terbiýelemekde uly ähmiýeti bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamaga, düýpli öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÇAGALAR ÝAZYJYLARY BILEN GEÇIRILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

02.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphananyň esaslandyrylmagynyň 90 ýyllyk toýuny belläp geçdi. Bu çäräniň dowamynda «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» atly maslahatda edilen çykyşlaryň kitaphana hünärmenlerinde galdyran täsiri dogrusynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynda kitaphanada zähmet çekýän birnäçe hünärmenler buýsançly gürrüňleri berdi. Dabaramyzyň hormatly myhmanlary, welaýat kitaphanalarynyň ýolbaşçylary we halypa kitaphanaçylaryň täsirli gürrüňleri tejribe alyşmaklyga aýratyn ýardam etdi. Aýdym-sazly çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar kitap we kitaphana işinde döwür bilen sazlaşykly parasatky işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygy beýan etdiler.

No image
«ÇAGALARA HYZMAT EDÝÄN KITAPHANALARYŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK» ADY BILEN KITAPHANAÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN MASLAHAT

Kitaphanalar

02.05.2025

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» bellenilen wezipeler boýunça «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» ady bilen maslahat, şeýle hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli kitaphanada welaýat çagalar kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de paýtagtymyzyň mekdep kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşanlar ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini has-da artdyrmak, olaryň ösen isleglerini, talaplaryny doly ýerine ýetirmek babatda öz kitaphanalarynda alyp barýan işleri barada özara tejribe alyşdylar. Maslahat tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli çagalar ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň sungat mekdepleriniň ýaşajyk aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Dabara ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, sungat ussatlary gutlag sözleri, şygyrlary hem-de aýdym-sazlary bilen dowam etdiler. Dabaranyň ahyrynda kitaphanaçylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şowhunly dabara gatnaşanlaryň ählisi kitaba, kitaphanalara uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.