logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN GÖÇME MEJLISI

Täzelikler

02.05.2025

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Hususan-da, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde guraljak parlamentara foruma taýýarlyk görülýär. Şunda bu forumyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty esasynda gazanan oňyn tejribesini, halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. Forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Mejlisde guramaçylyk iş topary döredildi. Şeýle hem deputatlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, türkmen Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. «Türkmenistan» gazeti

No image
«Gül ülkämiň bagtyýar çagalary» atly kitaphana gezelenç

Kitaphanalar

01.05.2025

Mary şäheriniň çagalar bakja bagynyň körpeleri bilen Mary welaýat çagalar kitaphanasynda «Gül ülkämiň bagtyýar çagalary» atly kitaphana gezelenç gurnaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşlerini üpjün etmek hem-de olaryň ylymly–bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Körpeje okyjylarmyzy kitaphana bilen ýakyndan tanyşdyryp, olara owadan suratly, gyzykly ertekili, goşguly kitaplary okap berildi. Şeýle ajaýyp zamanany peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ATLY KITABYNDAN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

01.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilip, türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýandygy hakynda buýsançly beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR–WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNDAN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

01.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar–Watanyň daýanjy» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşandyndan söz açýan bu gymmatly eser ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň geljegini ýaşlaryň mümkinçiliklerinde görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildirýän belent ynamynyň nyşanyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAPLYK WE PARAHATÇYLYK BAKY ABADANÇYLYK

Kitaphanalar

01.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýatynyň Maliýa-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Bitaraplyk we parahatçylyk baky abadançylyk» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle-de kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Galkynýar gül açýar Bitarap Watan» ady bilen kitap sergisi guraldy. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
«PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK HALKARA–GATNAŞYKLARYŇ ESASY ÝÖRELGESIDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

Täzelikler

01.05.2025

«Parahatçylyk we ynanyşmak» biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjeler bolup, ol halkymyzyň asuda hem abadan geljegini üpjün etmekde häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, mähriban Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýä derejesindäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak ýurdumyzyň her bir ulgamynda asylly däbe öwrüldi. Munuň bilen baglylykda gözel Diýarymyzyň her bir künjeginde halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Parahatçylyk we ynanyşmak–halkara gatnaşyklaryň esasy ýörelgesidir” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Maslahat konserwatoriýanyň hem-de onuň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary bilen bilelikde gurnaldy. Onda ilkinji çykyş etmek nobaty konserwatoriýanyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Otuzowa berildi. Mugallym maslahatyň başynda özüniň giriş sözleri bilen çykyş etdi. Soňra, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk taglymaty, adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän işleri barada gürrüň berdi. Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Umumy ynsanperwerlik we durmuş ykdysady dersler” bölüminiň müdiri Enejan Amangeldiýewanyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol öz çykyşynda Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Indiki söz nobaty “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowa berildi. Maslahatda mugallym Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň dürli ugurlar boýunça işleri alyp barýan halkara guramalaryna agzalyga kabul edilmegi, milli medeni mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hakyndaky täsirli maglumatlary diňleýjiler bilen paýlaşdy. Ol çykyşynyň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly kitabyndan “Şahyryň arzuw-umytlaryny hakykata öwürýäris. Şol pähim-paýhaslar, öwüt-nesihatlar, jaý maslahatlar arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýäris. Medeni gatnaşyklary ilerletmek bilen, dünýä halklarynyň arasynda ýürekleriň we maksatlaryň bir bolmagyny gazanýarys” diýen parasatly setirleri dile getirip, sözüni jemledi. Ylmy-amaly maslahat “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy Leýli Sapargeldiýewanyň çykyşy bilen dowam etdirildi. Onuň çykyşynda halkara guramalaryň döreýiş taryhy, dünýä ýüzünde uly abraý gazanan iň gadymy halkara guramalar barada gyzykly maglumatlar diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi. Soňra söz gezegi ýörite sazçylyk mekdebiniň “Umumy ynsanperwerlik we durmuş ykdysady dersler” bölüminiň mugallymy Gülkamar Gurtgeldiýewa berildi. Mugallym öz gürrüňinde 2025-nji ýylda giňden belleniljek baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli dünýä halklary bilen doganlygyň, dostlugyň has-da ýaýbaňlanan ösüşlerini gazanmaklyga gönükdirilen işler barada aýdyp geçdi. Maslahatyň ahyrky pursatlarynda “Sazşynaslyk” hünäriniň talyby Jeýran Joraýewa “Parahatçylyk we ynanyşmak–adamzadyň abadan geljegi” atly temasy bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň howpsuz, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri hakynda gürrüň berdi. Umuman, ylmy-amaly maslahatyň dowamynda diňleýjileriň dykgatyna ýetirilen çykyşlar özüniň täsirli mazmuny bilen olarda uly gyzyklanma döretdi. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde döwlet, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw edildi. Jeýran JORAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby

No image
ILKINJI TÜRKMEN ZENAN KOMPOZITORYŇ ESERLERINDEN DÜZÜLEN KONSERT

Täzelikler

01.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda her bir günümiz parahatçylyga, agzybirlige, abadançylyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, dosent we ilkinji türkmen zenan kompozitory Jeren Gurbangylyjowanyň 70 ýaş ýubileýidir. Bu dabaraly konserte Jeren Gurbangylyjowanyň maşgalasy, dostlary, kärdeşleri, muşdaklary, olardan başga-da ýokary okuw mekdebimiz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary ýygnandylar. Konsertde kompozitoryň belli eserleri ýerine ýetirildi. Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde J.Gurbangylyjowanyň döreden “Poema” eseri bilen açyldy. Bu eseri orkestr mylaýymlyk bilen täsirli owazlandyrmaklygy başardy. Eseriň şirin owazlanmagy ähli diňleýjileri özüne maýyl etdi. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti A.Berdiýewiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi B.Moşşyýewiň ýerine ýetirmeklerinde A.Hudaýnazarowanyň sözlerine döredilen “Guwan Türkmenim”, B.Moşşyýewiň aýtmagynda “Bedewim”, “Durnalar” eserleri ýaňlandy. Aýdylan aýdymlar biri-birinden tapawutlylykda diňleýjilere has hem ýarady. J.Gurbangylyjowanyň aýdym döredijiligi bilen bir hatarda, konsertiň dowamynda onuň ajayp sazlaryna hem orun berildi. Türkmenistanyň halk artisti O.Annanepesow, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijisi M.Aşirow we orkestriň ýerine ýetirmeklerinde Dutar we orkestr üçin konsertiň 1-nji bölümi owazlandy. M.Orazowanyň ýerine ýetimeginde Fortepiano we orkestr üçin 3 bölümden ybarat konsert ýaňlandy. Bu esere orkestr sazandarlyk etdi. Bu ýaş sazandalaryň üstünlikli ýerine ýetiren sazlarynyň diňleýjileriň göwnünden turmaklygy, çekilen zähmetiň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. Soňra dabaraly konsertiň dowamynda N.Annatyýewanyň sözlerine döredilen “Kim sen?” aýdymy Türkmenistanyň halk artisti S.Annadurdyýewa mylaýym owazy bilen ýerine ýetirdi. Konsert A.Berdiýewiň aýtmagynda “Seni ýatlap”, A.Berdiýewiň we A.Seýitkulyýewanyň ýerine ýetirmeklerinde “Ýagyşly gün”, A.Seýitkulyýewanyň “Men bagtly” eserler bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen aýdymlar orkestr bilen sazlaşykly owazlanyp, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Ý.Öwezowyň klarnetde ýerine ýetirmeginde owazlanan “В сквере” we “Двое под дождём”, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi D.Şammyýewiň ýerine ýetirmegindäki “Сквозь разлуку” eserler konserte ajaýyp bezeg berdi. Ýerine ýetirilen eserleriň köp bölegine simfoniki orkestr sazandarlyk etdi. Bu ýaňlanan eserlere konserwatoriýanyň uly mugallymy dirižýor N.Muhyýew we ýokary okuw mekdebimiziň IV ýyl talyby K.Bäşimow dirižýorlyk etdiler. Dirižýorlar özleriniň ussatlyklaryny eserlere siňdirip, ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlary inçe duýgular bilen diňleýjilere ýetirmekligi başardylar. Yzygiderli ýaňlanan dürli görnüşdäki eserler ýatdan çykmajak baýramçylyk görnüşini döretdi. Dabaranyň ahyrynda tomaşaçylar kompozitora gül sowgatlaryny gowşuryp, özleriniň minnetdarlyklaryny bildirdiler. Konsertiň diýseň gyzykly geçendigini, lezzet alyp diňländiklerini aýdyp, kompozitora janynyň sag bolmagyny, döredijilik ýolunda üstünlikleriniň ýar bolmagyny arzuw etdiler. Mähri GURBANGULYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazşynaslyk hünäriniň IV ýyl talyby

No image
BAKYLYGA ÖWRÜLEN MERTLER

Muzeýler

01.05.2025

Merdana Watan ogullarynyň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylyklary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaş nesilleri üçin Watanyňy, eziz halkyňy söýmegiň, onuň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir. Şonuň üçin Ýeňiş baýramy türkmen halky üçin iň bir mukaddes baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar.Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän şeýle çäreleriň biri hem Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, Türkmenabat şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Bakylyga öwrülen mertler» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlap «Bakylyga öwrülen mertler» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Bu gurnalan wagtlaýyn sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi görkezildi. Sergide ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baý medeni ruhy hem milli mirasyny şöhlelendirýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşyna degişli ylmy maglumatlary,taryhda yz goýan uruş ýyllaryň taryhyndan söz açýan türkmenistanly gahrymanlarymyz hakyndaky fotosuratlar,Beýik Ýeňişiň dabaralanyşy we Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sylagy hem-de Lebap welaýatyň «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplary ýaly taryhy gymmatlyklarymyz sergide öz beýanyny tapdy.Diýseň köp tomaşaçyly bolan sergi täsirliligi bilen tapawutlandy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar asuda, parahat, eşretli zamanada ýaşamaga, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri şertleri üçin parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny sagbolsunlaryny beýan etdiler. Gurbangözel RAHMANOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri

No image
BEÝIK ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «PARAHAT DURMUŞYŇ GORAGÇYLARY» ATLY DABARA

Muzeýler

01.05.2025

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyl ýurdumyzda Watan gerçeklerini hatyralap Beýik Ýeňşiň baýramçylygy uludan baýram edilip bellenilýär. Ynha bu ýyl bolsa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunuň belleniljek ýylynda Beýik Ýeňşiň gazanylandygyna 80 ýyl dolýar. Hut şu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerimli dabaraly çäreler geçirilýär. Bu gün Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýinde dabara gurnaldy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň welaýat komiteti, etrap, şäher komitetleriniň işjeň agzalary, Lebap welaýat kazyýeti, Lebap welaýat gümrükhanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar muzeýde Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň frontda we tylda görkezen edermenligini, merdanalygyny, halkymyzyň belent ruha, watançylyk duýgusyna ýugrulan gahrymançylygyny beýan edýän gymmatly we köptaraplaýyn muzeý gymmatlyklary jemleýän sergä tomaşa etdiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym Berdimuhammet Annaýew nusgalyk durmuşy barada çykyşlar dabara gatnaşanlarda örän uly täsir galdyrdy. Muzeý ildeşlerimiz tarapyndan sowgat berlen dürli görnüşli gymmat baha şaý-sepler türkmen halkynyň Beýik Ýeňişiň gazanylmagyna uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäginden uzaklarda mukaddes Watan goragynda gahrymançylykly söweşip, wepat bolan türkmen gerçekleriniň atlary «Hatyra» kitabynda baky orun alandyr. Şonuň bilen birlikde Beýik Watançylyk urşunda mukaddes ojaklaryna ýeňiş bilen gaýdyp gelen Türkmenistanly esgerleriň atlary «Şöhrat» kitabyna girizildi. Olaryň uruşda we tylda görkezen edermenligi, geçen gahrymançylykly we şöhratly ýoly asyrlar boýy ýaşar. Oňa «Beýik Watançylyk urşy» muzeýinde jemlenen muzeý gymmatlyklary aýdyň şaýatlyk edýär. Aýratyn buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bellenilýän Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Beýik Watançylyk urşy muzeýine 2 sany medalyň ýadygärlik sowgat berilmegi ildeşlerimizi bu baýramçylyk gününde begendirdi we buýsandyrdy. Sowgat iberlen medallar muzeý gymmatlyklarymyzyň gaznasyny has-da baýlaşdyrdy.

No image
BEÝIK ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «GAHRYMAN GERÇEKLERIŇ KEŞBI ÝAŞ NESILLERIŇ KALBYNDA» ATLY DABARA

Muzeýler

01.05.2025

Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramaklarynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi we giň göwrümli sergi guraldy. Oňa ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Goý, Watan ogullarynyň gahrymançylygy nesillerden-nesillere geçip, ebedilik ýaşasyn, çünki olaryň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylyklary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaş nesilleri üçin Watanyňy, eziz halkyňy söýmegiň, onuň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp edilen çykyşlarda Watan ugrundaky söweşlerde türkmen esgerleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ilhalar ynsan, gaýduwsyz esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň görkezen merdanalygy nesillere nusgalykdyr diýlip bellenildi. Maslahatyň dowamynda Watan mukaddesligi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tutýan orny barada edilen çuňňur mazmunly çykyşlar bu ýere ýygnanan ildeşlerimiziň kalbynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Dabaraly maslahatdan soňra, Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Gahryman gerçekleriň keşbi ýaş nesilleriň kalbynda» atly surat bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşige hödürlenen surat eserleriniň her birinde türkmen gerçekleriniň ýowuz jeňde görkezen gahrymançylygy, ildeşlerimiziň tylda çeken merdana zähmeti, taryhy ýeňşiň gazanylmagyna türkmen gelin-gyzlarynyň goşan goşandy çagalaryň tämiz kalby bilen beýan edilipdir. Suratlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetiniň, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ilkinji gezek ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň mazmunyny açyp görkezýän pursatlaryň beýan edilmegi ýaş nesilleriň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda we halkara derejesinde alnyp barylýan beýik işlere ýaş zehinleriň sarpasynyň beýanyna öwrülmegidir.