logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
EBEDI ŞÖHRATYŇ BEÝIK NUSGASY

Muzeýler

01.05.2025

Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen ýörelgeleridir. Dünýä taryhynda örän pajygaly döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýerýän merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular. «Watan mukaddesligi» muzeýinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazga geçirmeginde «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» atly gepleşik geçirildi. Gepleşikde muzeý hünärmenleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden Gahrymanlarymyz baky ýaşar diýip, örän jaýdar belleýişleri ýaly Watan ugrunda göreşen gerçeklerimize, urşuň yzynda galyp ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de tylda zähmet çeken enelerimize hemişe uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ FEDERAL PREZIDENTI BILEN TELEFON

Täzelikler

01.05.2025

30-njy aprelda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Gahryman Arkadagymyz we Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri telefon arkaly söhbetdeşlik üçin GFR-iň Federal Prezidentine minnetdarlyk bildirip, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz «Merkezi Aziýa-Germaniýa» formatynda geçirilen sammitiň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Frank-Walter Ştaýnmaýer hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimize iňgowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Gatnaşyklaryň hukuk binýady ikitaraplaýyn resminamalaryň 100-e golaýy bilen berkidildi diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara syýasy gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin german tarapyna minnetdarlyk bildirdi. BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň biridir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu halkara maslahata Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi. «Türkmenistan» gazeti

No image
DÖWLET RUS MUZEÝINE WIRTUAL GEZELENÇ

Muzeýler

30.04.2025

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus muzeýine wirtual gezelenç boldy. Sanly ulgam arkaly guralan bu muzeýiň Mihaýlowskiý köşgine bolan wirtual gezelenji «XII-XIX asyrlarda rus medeniýeti» ady astynda geçdi. Muzeýiň bölüm müdiri Walentina Gorlowa Mihaýlowskiý köşgünde Döwlet Rus muzeýiniň dörediliş taryhyny gürrüň bermek bilen şu ýyl muzeýiň açylanyna 130 ýyl dolýandygyny belledi. Ol muzeýiň zallary we onda sergilenen rus suratkeşleriniň eserleri bilen içgin tanyşdyrdy. Rus çeperçilik medeniýetiniň XII-XIX asyrlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Suratkeşler A.Rublýow, I.Nikitiniň, K.Brýullowyň, I.Aýwazowskiniň, I.Repiniň eserleriniň suratlandyryş usullary hakyndaky gürrüňleri has-da täsirli boldy. Şeýle gezelençler geljekde hem yzygiderli guramak meýilleşdirilýär.

No image
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Kitaphanalar

30.04.2025

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 74-nji orta mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde parahatçylyk taglymatynyň ýer ýüzüne edýän ajaýyp täsirleri barada hem-de kitaphanamyzda ýylymyzyň ady bilen baglanyşykly alynyp barylan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet kitaphanasy, onuň bölümleri, bölümleriniň işleri bilen içgin tanyşmaga, ýagny özlerine gerekli bolan edebiýatlary saýlap almaklaryna ýardam edýär diýip, söhbetdeşlikde giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
PARAHATÇYLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Kitaphanalar

30.04.2025

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 74-nji orta mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi bilen bilelikde «Parahatçylyk geljege iň mukaddes mirasdyr» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle hem ýurdumyzyň tanymal ýazyjy şahyrlarymyzyň ýazan kitaplary sergide giňişleýin ýerleşdirildi. Şeýle hem özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar.

No image
TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Kitaphanalar

30.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet Medeniýet instituty, «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde, «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup,tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr diýip, giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMEN TAHÝASYNYŇ TARYHY

Kitaphanalar

30.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmen tahýasynyň taryhy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgäri biziň milli mirasymyzyň ajaýyp nusgasy bolup, ene-mamalarymyzdan şu günlerimize gelip ýeten türkmen tahýasynyň taryhy hakynda giňişleýin söhbet etdi. Öz bilişimiz ýaly,öňden gelýän däp-dessurymyza görä tahýalar ýaşajyk oglan-gyzlara, ulylara niýetlenip dikilipdir. Gyz bilen oglana niýetlenen tahýa biri–birinden tapawutly bolup, olara aýratyn nagyş salnypdyr. Şeýle tahýalary geýýän oglan-gyzlar göze has hem ýakymly görünýär. Häzirki wagtda biziň ýaş nesillerimiz şeýle hem ýaşuly adamlar hem şeýle ajaýyp tahýalary geýýärler. Munuň özi biziň türkmen gelin gyzlarymyzyň eliniň çeperliginiň ýene bir subutnamasydyr.

No image
MEDENI GATNAŞYKLARYMYZYŇ ÖSÜŞI

Kitaphanalar

30.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Medeni gatnaşyklarymyzyň ösüşi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň eziz Watanmyzyň dürli ýurtlar bilen dost-doganlyk,medeni,ynsanperwer gatnaşyklary, ýurdumyzda ylym-bilimiň ösüşi şeýle hem biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşi barada giňişleýin söhbet etdiler. Biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ulgamy bolan kitaphana işi hem gün-günden döwrebap ösdürilýär. Ýaş nesillerde kitaba bolan, okamaklyga bolan söýgüni artdyrmakda kitaphana işgärlerine hem uly borç degişlidir diýip,çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

No image
HALYPA HORMATY

Kitaphanalar

30.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň dogulan güniniň 105 ýyllygy mynasybetli «Halypa hormaty» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge uly goşant goşan ussat halypalarymyzyň atlaryny ebedileşdirmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny giň gerimde dowam etmek, halypalaryň nusgalyk ýollaryny ýaşlara geçirmek bilen baglanşykly uly işleriň alnyp barylýandygyny, şeýle ussat halypalarymyzyň biri hem meşhur opera aýdymçysy, sazly sahnada ajaýyp keşpleriň ençemesini döreden, halkymyzyň söýgüsini gazanan Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ussadyň öz döwüründe aýdan aýdymlary şeýle hem gatnaşan opera eserlerinden birnäçe sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda halypa ussatlarymyzy, şahsyýetlerimizi ýatlamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATLYK-DÜNÝÄ DOLAN BAGTYMYZ

Kitaphanalar

30.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Baýramhan» seýilgähinde «Parahatlyk-dünýä dolan bagtymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler parahatçylyk ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýandygy, muňa döwletimiziň dünýäni parahatçylyga çagyrýan, adamzady ynanyşmaga ugrukdyrýan ýurt hökmünde tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly ajaýyp goşgularyny talyplaryň labyzly okamaklary, çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda parahat Diýary, rahat durmuşy, eşretli zamany halkyna peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.