logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

BAKY BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞINI NUSGALY ÝOLY

Kitaphanalar

10.04.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Baky Bitaraplyk–parahatçylygyň we ösüşini nusgaly ýoly» atly söhbetdeşlik geçirdi.

DAŞARY ÝURT DILLERINDÄKI ESERLER

Kitaphanalar

10.04.2025

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi, «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy bilen bilelikde «Daşary ýurt dillerindäki eserler» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.

SPORT-GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGLYK WE BELENT RUH

Kitaphanalar

10.04.2025

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi, «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy bilen bilelikde «Sport-güýç, gözellik, saglyk we belent ruh» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

10.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty gezelençde boldylar.

KITAP–RUHY BAÝLYGYŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

10.04.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Kitap–ruhy baýlygyň çeşmesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

KITAP–DÜNÝÄNIŇ AÇARY

Kitaphanalar

10.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» :Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap–dünýäniň açary» atly söhbetdeşlik geçirildi.

BILIMLI ÝAŞLAR WATAN KUWWATY

Kitaphanalar

10.04.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäherini orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda «Bilimli ýaşlar Watan kuwwaty» ady bilen maslahat geçirildi.

HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ WISE-PREZIDENTI MONAKO KNÝAZLYGYNDA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Halkara gatnaşyklary

10.04.2025

Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyrdy.

«GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Täzelikler

10.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda «Gyz gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

YNSANYŇ SAGLYGY–ÝURDYŇ PARAHATÇYLYGY

Kitaphanalar

10.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we Sport institutynyň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Ynsanyň saglygy–ýurdyň parahatçylygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.