logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

SAGDYN NESIL-SAGDYN JEMGYÝET

Kitaphanalar

10.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde «Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Täzelikler

10.04.2025

9-njy aprelda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

ONLAÝN OKUW MASLAHATY

Muzeýler

09.04.2025

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus muzeýiniň arasynda onlaýn okuw maslahaty geçirildi.

BILIMLI NESIL-KUWWATLY WATAN

Kitaphanalar

09.04.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Bilimli nesil-kuwwatly watan» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

SAGLYK-ABATLYK

Kitaphanalar

09.04.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda «Saglyk-abatlyk» atly söhbetdeşlik geçirildi.

ŞYGRYÝETIŇ ÜLKERI

Kitaphanalar

09.04.2025

«Ylham» medeni-seýilgäh toplumynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp «Şygryýetiň ülkeri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.

SUNGATA SARPALY ŞAHYR

Kitaphanalar

09.04.2025

«Ylham» medeni-seýilgäh toplumynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp «Sungata sarpaly şahyr» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI

Kitaphanalar

09.04.2025

Her ýylyň 7-nji aprelinde, asylly däbe görä, Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Şu gün Türkmenistanda asylly däbe görä Bütindünýä Saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan

XII TÜRKMEN-GERMAN FORUMY: SAGLYGY GORAÝŞYŇ ÄHLUMUMY MESELELERINI ÇÖZMÄGE BILELIKDÄKI GOŞANT

Täzelikler

09.04.2025

8-nji aprelda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.

BILDIRIŞ

Täzelikler

08.04.2025

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp «Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly döredijilik sergisi açylýar. Sizi döredijilik sergimize çagyrýarys!