logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Teatryň halkara üstünligi

Teatr we kino dünýäsi

01.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli teatr sungatymyz halkara ülňülerine laýyklykda ösýär, kämilligiň täze belentliklerine ýetýär. Sahna oýunlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan kuwwatly güýji dabaralandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, milli teatr sahnalarymyzda dünýäniň nusgawy drama eserlerini sahnalaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlarymyzy beýik watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli baýlyklarymyza, şöhratly pederlerimiziň nurana ruhlaryna ygrarly bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Teatr sahnalarynda umumadamzat gymmatlyklarynyň göwher gaşyna öwrülen milli baýlyklarymyz çeper sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar hem-de milli teatr sungatymyzyň, teatr sungatynyň wekilleriniň abraý-mertebesi dünýä dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, 2026-njy ýylyň maý aýynyň 22-31-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Moskwa şäherinde belli rus ýazyjysy we dramaturgy A.P.Çehowyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen «Melihowanyň bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry hem gatnaşdy. Teatryň döredijilik topary ýaş režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran «Çehowyň degişmeleri» («Чеховские водевили») sahna oýny bilen gatnaşdylar. Sahna oýnunyň pýesasy belli rus ýazyjysynyň ýaşlaryň watanperwerlik, adamçylyk terbiýesine täsir edýän inçe psihologik oýlanmalaryna ulaşýan degişmelerini özünde jemleýär. Sahna oýny başdan-aýak janly saz bilen bezelýär. Oýnuň sahna bezegindäki çeperçilik çözgütleri ynsanyň ýaşaýşa bolan söýgüsini joşdurýar, nesilme-nesil aşyp gelýän maşgala mukaddesliklerini dabaralandyrýar. Türkmen teatrynyň halkara sungat baýramyna işjeň gatnaşmagy milli sahna sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik berdi. Türkmen sahna ussatlarynyň rus dilinde oýnan bu sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Esasan hem, sahna oýnunyň režissýorlyk kämilligi aýratyn baha eýe boldy. Bu halkara festiwalyna 10-dan gowrak döwletden 27 sahna oýny gatnaşdy. Türkmen teatr artistleri mundan başga-da, festiwalyň çäginde beýleki döwletleriň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahna oýunlarynyň ara alnyp maslahatlaşmalaryna, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar. Döredijilik duşuşyklarynda türkmen hünärmenleri hem çykyş edip, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, şeýle hem, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyzda hem-de sirklerimizde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanýan abraýly ýeňişleri barada çykyş edip wideoşekilli görnüşleri görkezdiler. Geçirilen bu döredijilik duşuşyklaryna dünýäniň belli teatr we kino sungatynyň wekilleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri, dramaturglar, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we belli döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy ösdürmekde, berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlarynyň, dünýä döwletleri bilen häzirki zaman medeni gatnaşyklarynyň barha berkemeginde alyp barýan işleriniň nusgalyk ýörelge bolup durýandygy bellenildi. Moskwada geçirilen bu sungat baýramynyň netijeleri boýunça A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy. Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna gatnaşmaga, sungat we medeniýet işgärleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi daşary döwletlerde wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň binýadynyň has-da berkemegi, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin.

No image
Aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary

Täzelikler

01.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän ajaýyp sungat eserleri, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr. Şu ýylyň 26-njy maýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet hory, ýokary derejeli horuň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanow dagy gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, göwünleri galkyndyrýan ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň dünýädäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Agzybir halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlary halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegi. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilmegi, at üstünde ýerine ýetirilýän milli oýunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ulgamyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri arkaly indi ençeme asyrlar bäri dünýä halklaryny haýran galdyrýar. «Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynda, halkymyzyň gadymy atçylyk däplerini we atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen iri möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary diňe bir atçylygy ösdürmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize pugta ornaşdyrylmagyna oňyn şertleri döredýär. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalan pederlerimizden miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegi, halkymyzyň ruhy syrdaşy. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler örän netijelidir. Ýurdumyzyň atşynaslarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň netijeli zähmet çekmekleri, atçylyk pudagyny ösdürmekleri üçin ähli şertler döredilýär – diýip, çykyş edenler bellediler. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Akyldar şahyryň parahatçylyk, agzybirlik taglymaty bu günki gün tutuş adamzady daşyna jemleýär. Şahyryň watanperwerlik, döwlet berkararlygy, il agzybirligi ýaly taglymatlary esasynda nesiller terbiýelenip, ynsan kalbynda orun alan pelsepewi pikirli şygyrlary halkymyzyň ruhy dünýäsinde nakyl we akyl bolup ýaşaýar. Söz ussadynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň adamzadyň ruhuny tämizläp, barlygyň gözelligine, durmuşa bolan söýgini has-da ösdürýändigi baradaky pikirler hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýle hem, häzirki döwürde dünýäniň döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi netijesinde, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan döwlet hökmünde halkara abraýyny belende göterýär. Döwletleriň ynanyşmak arkaly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde ynamly gatnaşyklaryň dabaralanmagy bolsa parahatçylygyň kepiline öwrülýär - diýip nygtadylar. Döredijilik duşuşygy soňra Balkan welaýat kitaphanasynda dowam etdi. Duşuşyklaryň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgularynda, sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlarynda döwrümiziň bedew batly ösüşleri wasp edildi. Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany

Muzeýler

01.06.2026

Çaga – her bir maşgala üçin hem, döwlet üçin hem iň uly gymmatlyk bolup geljegimiziň dowamatydyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän alada tutuş jemgyýeti gurşap alýar. Olaryň sagdyn ösmegi, sowatly, hünärli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň uly baýram edilip bellenilmegi olara goýulýan hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde, ak mermere beslenen Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde giň gerimli, baý many-mazmunly, döwrebap öwüşginli medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu ajaýyp dabaralar ýagty ertiriň, röwşen geljegiň nurana dowamaty, döwletli ojaklaryň bagt ganaty bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigini şöhlelendirýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany” atly sergi gurnaldy. Onda mähriban enelerimiziň kalbynyň söýgüsi siňen, çagalar üçin niýetlenip tikilen milli egin-eşikleri: keteni köýnekleri, gyrmyzy donlarydyr ezýaka köýnekleri, çokaýdyr joraplary, oglanjyklar üçin niýetlenip dokalan horjunlary we torbalary, sümmen, ak gaýma we gültahýalary, şeýle hem zergärleriň çagalar üçin niýetläp ýasan gupba, burma, eginlik, bäzbent, goçbuýnuz we ok-ýaý ýaly şaý-sepleri görkezilýär. Mundan başga-da sergide Marguşdan we Nusaýdan tapylan, palçykdan ýasalan çaga oýnawaçlaryna orun berilýär. Şeýle-de çagalaryň irki döwürde we häzirki wagtda hem höwes bilen oýnaýan dürli görnüşli gurjaklary, aşyklary we ýaýlary görkezilýär. Çagalaryň oýun oýnaýan pursatlaryndan arhiw fotosuratlaryna, muzeýiň gaznasynda saklanylýan çagalaryň ýasan el işlerine hem sergide orun berilýär. Bu sergi diňe bir medeni gymmatlyklary däl-de, eýsem, çagalara bolan çäksiz söýgüni we olara goýulýan uly hormaty aýdyň şöhlelendirýär.

No image
Kitap gowşurylyş dabarasy

Kitaphanalar

01.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin, Birinji Sekretary He Çziweý duz-çörek bilen garşy alyndy. Soňra myhmanlar kitaphana aýlanyp gördiler hem-de ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan sowgat berlen kitaplaryň we dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň sergisi, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa bilen geljekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem, kitaphananyň hazynasynyň üstüni hytaý dilindäki kitaplar bilen baýlaşdyrmak boýunça söhbet etdiler. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna 3 dilde neşir edilen, 49 at ýazgy bilen 200 kitaby sowgat berdi. Öz gezeginde Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi.

No image
Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi

Kitaphanalar

01.06.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda, paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Garajaoglan” seýilgähinde öz körpeje okyjylary bilen 1-nji iýun, çagalary goramagyň halkara günine bagyşlap “Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Ýaşajyk okyjylarymyzyň özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara, döwrebap bilim–terbiýe almak, okamak, öwrenmek, dynç almak üçin döredilen mümkinçiliklere buýsanyp ýerine ýetiren goşgularynda, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary belentden ýaňlandy. Söhetdeşligiň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlyk bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.

No image
Watanyň geljegi- bagtyýar ýaşlar

Kitaphanalar

01.06.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda, paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Garajaoglan” seýilgähinde öz körpeje okyjylary bilen 1-nji iýun, çagalary goramagyň halkara günine bagyşlap “Watanyň geljegi- bagtyýar ýaşlar” ady bilen “Türkmenistan teleýaýlymynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Baýramçylyk dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdylar. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, erkana watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Şeýle-hem kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi hem çagalarda uly gyzyklanma we täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Haly – türkmeniň kalby

Kitaphanalar

01.06.2026

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, “Haly – türkmeniň kalby” atly aýdym-sazly edebi duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji çagalar bilen türkmen gyz-gelinleriniň on barmagynyň hünäri bolan nepis halylary, olaryň reňk aýratynlygy, gölleriniň taryhy barada täsirli gürrüňler etdiler. Kitap söýüji ýaşlar hem türkmeniň nesip halylary baradaky rowaýatlary, ertekileri uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Edebi duşuşygyň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Köňülleri birleşdirýän sungat

Konsertler

01.06.2026

Türkmen halky bedew bady bilen barha öňe barýar. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle wakalaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň kamera orkestri we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň bilelikdäki konserti geçirildi. Konsert kamera orkestrina Amandurdy Babajanowyň ýolbaşçylyk etmeginde Nury Halmämmedowyň “Kärizgenler” kinofilminden saz bilen açyldy. Soňra XX asyryň zehinli şahyry Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň sazyna “Özgeleri diňledim”, “Ýaýla hüwdüsi”, “Gyzlaryma” aýdymlaryny orkestriň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Aýdym tomaşaçylarda uly ruhybelentlik duýgusyny döretdi. Dabaranyň dowamynda Andreý Babaýew “Söýgülimiň gözleri”, Slimane “Mon Amour”, Aman Agajykow “Aýly agşam” aýdymlaryny kamera orkestrina Amandurdy Babajanowyň ýolbaşçylyk etmeginde Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň “Ýekelikde aýdym aýtmak sungatynyň” mugallymy Mähri Gurbanowa, Muslim Magamaýew “Sineýa weçnast” mekdebiň uçurymy Seýran Hydyrow ýerine ýetirdi. Ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň “Säher guşlar saýranda”, “Aýgytly ädim” kinofilminden Artygyň aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda tomaşaçylarda tolgundyryjy pursatlary döreden aýdymlaryň biri boldy. Konsertiň jemleýji pursatlarynda Türkmen halk sazy “Galan bar” Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary Bäşim Gylyjow we Serdar Aşyrow ajaýyp owazlar bilen ýerine ýetirdiler. Soňra Daňatar Hydyrowyň “Şadyýan gün” aýdymyny kamera orkestriniň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserda gatnaşyjylar şeýle çäreleriň ýaş talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, uly ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmen sungatynyň dünýä derejesinde ösdürmekde, döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy. Bize baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany, parahat durmuşy peşgeş beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konserti geçirildi

Konsertler

01.06.2026

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýylynyň her bir güni dabaralara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýörite sungat mekdepleriniň konsertleri geçirilýär. Şeýle konsertleriň biri nS.Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan aýdym-sazly konsertidir. Talyplar we konserte gatnaşyjylar ilkibaşda dürli temalarda taýýarlanan sergä tomaşa etdiler. Maýa Kulyýewanyň şekili çekilen portret sergä has hem özboluşly öwüşgin çaýdy. Sergi aýdym-sazly konsert bilen dowam etdi. Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Bu aýdym-sazly agşam diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem, aýdym-saz dili bilen dabaralanýan ylmy-medeni çärä öwrüldi. Konsertiň başynda M.Baýramowyň şahyr D.Annamyradowyň sözlerine döreden “Ýaşlar watanyň daýanjy” eseri gyzlar ansambly tarapyndan joşgunly ýerine ýetirildi. H.Rodrigesiň “Kumparsita”, A.Bazarowyň “Aýdylmadyk sözler”, A.Babajanýanyň “Noktýurn”, H.Allanurowyň “Toý walsy”, Ý.Doganyň “Wals”, A.Agajykow we R.Nepesowyň “Türkmen tango” eserleri diňlendi. Türkmen halk aýdym-sazlary we operalardan ýerine ýetirilen eserler hem dabaranyň bezegine öwrüldi. Şeýle hem hor topary B.Hudaýgulyýewiň A.Allanazarowyň sözlerine döreden “Goşa ýaz geler” a’capella eserini ýerine ýetirdi. “Mukamyň syry” kinofilminden N.Halmämmedowyň döreden “Karkaranyň aýdymyny” kamera orkestriň sazandarlyk etmeginde Bägül Maşadowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi R.Rejebowyň şahyr G.Kakabaýewiň sözlerine döreden “Türkmenistanym” eseri konsertiň jemleýji eseri boldy. Şeýle döredijilikli çäreler talyplaryň aýdym-saz sungatynyň inçe tärlerini özleşdirmekleri we dünýä saz mirasyna bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekleri üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bize parahat durmuşy, baky bagtyýarlygy, eşretli zamany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
Ýaşlar –Watanyň daýanjy

Kitaphanalar

26.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar –Watanyň daýanjy“ atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp kitabynda ýaşlar barada şeýle belläp geçýär. Ýaşlar döwletimiziň kuwwady güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr.-diýip belläp geçýär. Söhbetdeşlige gatnaşan okyjylarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris