logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

KITAP-YLMYŇ MIWESI, MEDENIÝETIŇ GÜLÜDIR

Kitaphanalar

11.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap-ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir» atly söhbetdeşlik geçirildi.

DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY

Täzelikler

11.03.2025

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

11.03.2025

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

SANLY ULGAMYŇ ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

10.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sanly ulgamyň ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

PARAHATDYR DIÝARYM EZIZ, TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

10.03.2025

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Türkmenistanyň ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende galdyrjak 2025-nji ýylda öňümizde asylly maksatlara gönükdirilen möhüm wezipeler durýar.

No image
«MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI WE KEŞBI DÜNÝÄ SAZ MEDENIÝETINDE» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Kitaphanalar

10.03.2025

«MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI WE KEŞBI DÜNÝÄ SAZ MEDENIÝETINDE» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan aýdym-saz sungaty Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän milli aýdym-saz sungatyny düýpli öwrenmek, bu ugurda ýaş kompozitorlary täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak we bu sungatyň iň ajaýyp nusgalaryny dünýä derejesinde ýaýmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Döredijilik däpleriniň ajaýyp nusgasyny ýadygär goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet bossany, milli aýdym we saz medeniýetimizi hem baýlaşdyrdy. Magtymgulynyň goşgularynyň many-mazmunyna, düzüliş aýratynlyklaryna kybapdaş aýdymlaryň, heňleriň, mukam sazlarynyň ençemesi döredildi we döredilýär. Şahyryň döreden çuň mazmunly şygyrlary türkmen bagşylary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, diňleýjileriň köňül küýsegine öwrülip toý-dabaralary bezäp gelýär. Umumadamzat ähmiýetli şygyrlary bilen dünýä derejesinde tanalýan türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna we onuň taryhy keşbine bagyşlap kämil aýdym we saz eserleriniň döredilmegi şahyra goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Golaýda ÝUNESKO-nyň «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli uly dabara bilen geçirilýän we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» ady bilen ýurdumyzyň ýaş kompozitorlarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Suhan Tüýliýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Gurbanmyrat Muhammedow dagylar çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, şahyryň şygyrlarynyň türkmen aýdym-saz sungatyndaky orny barada gürrüň berdiler. Dabaranyň çäginde «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» ady bilen ýurdumyzyň ýaş kompozitorlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, 1-nji orna mynasyp bolan Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hudaýberdiýew Begmyrat, 2-nji orna mynasyp bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Jumagulyýew Kerim, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Baýlyýew Saparmyrat, 3-nji orna mynadyp bolan Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Hanow Döwletgeldi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Akmyradow Aman Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Diplomy we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň ýörite fortepiano bölüminiň okuwçysy Şirowa Tylla, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Jomartow Nurmuhammet, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Sätiýewa Tylla, Lebap welaýatynyň Saýat etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Täjow Nowruz Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Dabara ýaş kompozitorlar tarapyndan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen we şahyryň çeper keşbine bagyşlanan aýdymdyr sazlar bilen dowam etdi. Sungat ussatlarynyň baýramyny ýada salýan konsert oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Dabara umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzy täze-täze ilhalar aýdym-saz eserlerini döretmäge ruhlandyrýan, parahat, bagtyýar we abadan Diýarymyzyň abraý-mertebesiniň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz arzuwlar bilen tamamlandy.

No image
«ZENAN WATANYMYZYŇ BUÝSANJY» atly baýramçylyk duşuşygy

Kitaphanalar

10.03.2025

Ene ýüreginiň, Zenan kalbynyň baş arzuwy parahatçylyk, dünýäniň abatlygy, Watanyň asudalygy, abadanlygy we il-günüň bagtyýarlygydyr. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi her bir türkmen zenanyny buýsandyran, guwandyran we çäksiz derejede ruhlandyran wakadyr. Biziň parahat, asuda Türkmenistan Watanymyz uludan tutulýan toý-baýramly iň bir bagtyýar mekandyr. Ýurdumyzda bellenilýän iň arzyly baýramlaryň biri hem gözelligiň, näzikligiň, şol sanda merdanalygyň, zähmetsöýerligiň, döredijilik joşgunynyň, terbiýeçilik ukybynyň eýesi bolan zenanlara bagyşlanan 8-nji mart Halkara zenanlar baýramydyr. Bu baýram öý-ojaklarymyzyň eýesi-söýesi bolan enelerimize, türkmeniň çeper döredijilige baýlygyny döredýän el işleri, sungat eserleri bilen subut edýän gelin-gyzlarymyza goýulýan bimöçber sarpanyň we çäksiz hormatyň baýramydyr. Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Zenan Watanymyzyň buýsanjy» atly baýramçylyk duşuşygy hem 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlanyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň sungat ussatlary, artist, bagşy, sazanda zenanlar, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabaraly duşuşykda türkmen zenanynyň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny, ýurdumyzda zenanlarymyzyň erkin zähmet çekmegi, nesilleri terbiýelemegi, döwletiň, ýurduň ösüşine milli baýlyklarymyzyň baýlaşmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada täsirli çykyşlar boldy. Hoş owazly aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar bu baýramçylyk çäresiniň dabarasyny has hem belende göterdi. Dabaraly duşuşyga gatnaşanlar ömür-örkümiz mukaddes Watanymyzy, eziz Diýarymyzy zenana we onuň çekýän asylly zähmetine hormat goýmagyň nusgalyk ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz döredijilik üstünliklerini, jan saglygyny, türkmen halkyny röwşen geljege atarjak döwletli işlerinde täze-täze rowaçlyklary arzuw etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy

EDEP-TERBIÝE YNSAN BEZEGI

Kitaphanalar

10.03.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň kitaphanasynda «Edep-terbiýe ynsan bezegi» atly

«ZENANLARYŇ MAŞGALANYŇ BINÝADYNY BERKITMEKDÄKI ORNY» ATLY DUŞUŞYK

Muzeýler

10.03.2025

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi.

«ZENAN WATANYMYZYŇ BUÝSANJY» atly baýramçylyk duşuşygy

Medeni miras

10.03.2025

Ene ýüreginiň, Zenan kalbynyň baş arzuwy parahatçylyk, dünýäniň abatlygy, Watanyň asudalygy, abadanlygy we il-günüň bagtyýarlygydyr. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi her bir türkmen zenanyny buýsandyran, guwandyran we çäksiz derejede ruhlandyran wakadyr.