logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Garaşsyz ýurt dünýä ykrar, Arkadagly Gahryman Serdarly diýar

Kitaphanalar

24.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda hemişelik okyjylarynyň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlap "Aşgabat" teleýaýlymynyň "Bagtyýar çagalyk" gepleşiginiň ýazgy etmekliginde "Garaşsyz ýurt dünýä ykrar, Arkadagly Gahryman Serdarly diýar" atly gysgaça çeper okaýyş esasynda bäsleşik geçirdi. Kitaphanamyzyň işjeň okyjylary ajaýyp döwrümizi, Garaşsyzlygyň bize beren miwelerini hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp edip özleriniň döreden goşgularyny ýatdan we labyzly ýerine ýetirdiler. Şeýle-de kitaphanamyza ýazylyp iň köp kitap okamaklykda tapawutlyk görkezen okyjylarymyz hem bäsleşige gatnaşdylar.Özleriniň döredijilik başarnyklary we kitap okamaklykda öňe saýlanan ýaş okyjylarymyza Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň adyndan degişli Hormat haty bilen sylaglanyldy. Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýas nesillere okamaklyga, öwrenmeklige we döredijilik bilen meşgullanmaklyga diýarymyzda döredilýän uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Garaşsyz, Watanym – jennet mekanym

Kitaphanalar

24.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, Watanym – jennet mekanym» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhy bolan Watanymyz dünýä ýüzünde asuda, parahat, Garaşsyz döwletiň mekanyna öwrülendigi barada çykyş etdiler. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy iň naýbaşy baýramlaryň biri bolup, bu çäksiz bagta buýsanmak her bir ynsan üçin bagt bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Bu şanly sene mynasybetli talyplaryň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Garaşsyz diýarymda baýram bu gün, toý bu gün

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda “Garaşsyz diýarymda baýram bu gün, toý bu gün” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşan arzuw-umytlarynyň, erk-islegleriniň täze öwüşginde hasyl bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk – biziň milli buýsanjymyz we baky berkararlygymyz, Garaşsyz diýarymyzda toýlanýan her bir baýram halkymyzyň agzybir hem-de parahat durmuşynyň aýdyň beýanydyr diýip belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir gadyrdy. Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Garaşsyz, agzybir Watan goýnunda, türkmen toý-toýlaýar ýeriň ýüzünde

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, agzybir Watan goýnunda, türkmen toý – toýlaýar ýeriň ýüzünde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlygyň halkymyza getiren bagtyýarlygy, döwletimiziň gazanan ýokary sepgitleri hem-de milli agzybirligiň berkligi barada çuňňur mazmunly sözleri aýtdylar. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýandygy, bu şanly sene halkymyzyň agzybirlik we döredijilik ýoly bilen gazanan ýeňişleriň şaýady bolýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitaphanalar – akyl hazynasy

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar – akyl hazynasy» ady bilen Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalar durmuşa geçirilýändigi, diňe bir paýtagtymyzda däl, welaýat merkezlerinde hem döwrebap kitaphanalar gurlup ulanylmaga berilendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Kitaphanalar milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, ruhy hazynamyzy wagyz etmekde ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kitaba bolan söýgüni döretmekde ähmiýetiň uludygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Halk bähbitli geňeş

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen 95-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halk bähbitli geňeş” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgeleri ösdürilýändigi, milli demokratiýamyz rowaçlanýandygy, bu bolsa täze taryhy döwürde il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli alyp barmak esasy ugurlaryň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany, dünýä mälim etdi Türkmenistany

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy seýilgähinde «Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany, dünýä mälim etdi Türkmenistany» bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen halkyny dünýä tanadan, onuň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini, ruhy dünýäsini belende göterýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň arzuwlan ýoly bolup, bagtyýar halkymyz şanly toýuň 35 ýyllyk baýramyna batly gadam bilen, öz zähmet üstünlikleri bilen barýandyklary hakynda söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyz, Watanym jennet mekanym

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Watanym jennet mekanym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylan ýyllary içinde şan-şöhratly geçen ýollary, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, myhmansöýerlik däpleriniň asylly ýörelgelere öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan türkmen halky bu gün, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda, parahat durmuşda ýaşaýandyklary hakynda buýsançly beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk – Bitaraplyk ýürekleriň aýdymy

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk – Bitaraplyk ýürekleriň aýdymy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde şatlyk-şowhun bilen belleýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdymyzda gazanylýan üstünlikler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylan özgertmeler her bir ildeşlerimiziň göwnüni ganatlandyrýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aklyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gahryman Serdarly Türkmenistanym – Garaşsyzlyk waspy dilde dessanym

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Gahryman Serdarly Türkmenistanym – Garaşsyzlyk waspy dilde dessanym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli medeniýetimizi, edebiýatymyzy, sungatymyzy we taryhy mirasymyzy öwrenmäge hem-de geljekki nesillere ýetirmäge ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanmyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, milli medeniýetimizi wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.