logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym

Kitaphanalar

01.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy seýilgähinde «Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, ösüşleri, özgerişleri hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty parahatçylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarynda bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm

Kitaphanalar

01.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserine esaslanyp geçirilen “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahatyň çäginde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik hem gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyň many-mazmuny hakynda täsirli söhbet etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň milli gymmatlyklarymyzy döwrebap derejede ösdürmekde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelen asylly ýörelgelerini nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri edendigini zenanlarymyz buýsanç bilen bellediler.

No image
Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler- ösüşiň özeni

Kitaphanalar

30.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy kitaphana işgärleri bilen ylym-bilimiň ösüşi, ýaş nesilleriň terbiýesi dogrusynda ýazgy edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem uly ösüşlere ýetilýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap orta we ýokary okuw jaýlary, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulyp ulanylmaga berilmegem munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalaryň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny ylmy –usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap ylymly-bilimli edip terbiýelemekde, kitaby dost tutunmakda kitaphanaçylaryň hem paýynyň uludygy dogrusynda kitaphana işgärleri çykyş etdiler. Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm

Kitaphanalar

30.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserine esaslanyp, ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, maşgala mukaddesligini, däp-dessurlarymyzy, milletiň käbesi Ogulabat ejemiziň amaly-haşam sungatyny ýaş gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen, “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahat geçirildi. Maslahata dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin–gyzlar, kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň açylyp görkezilýändigini, şeýle hem ene-mamalarymyza goýulýan sylag-sarpa, maşgala gymmatlyklary ,eneden-gyza geçirilýän el hünäri dogrusynda çykyş etdiler. “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Medeniýet baýramy dabaralanýar

Kitaphanalar

29.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda Balkan welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşyp, öz ýürek buýsançlaryny “Altyn asyr” teleýaýlymynyň üsti bilen beýan etdiler. Kitaphanaçylar Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň milli medeniýetimize bagyşlanan neşirleriniň sergisi bilen tanyş boldylar we geçirilen okuw-tejribe maslahatyna gatnaşdylar. Bu bolsa ýene bir ýola ýurdumyzyň kitaphanalarynyň okyjylara hyzmat etmekde alyp barýan işleri bilen tanyş bolmaga we tejribe alyşmaga uly ýardam berdi. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
Milli mirasymyz bedew batly at-myradyň mekany

Kitaphanalar

29.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde “Milli mirasymyz bedew batly at-myradyň mekany” atly tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat çäresi gurnaldy. ”Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen çärede çykyş edenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýylyň täze şygar bilen atlandyrmagyň asylly däbe öwrülendigi, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygy hakynda täsirli çykyş etdiler we Watanymyzy wasp edýän şygyrlardan okap berdiler. Wagyz nesihat çäresiniň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserlerinde milli gymmatlyklarymyz

Kitaphanalar

29.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserleri dogrusynda döredijilik işgärleri bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden–nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi bolup durýandygy , “Ömrümiň manysy” atly eserinde esasy türkmeniň ahlak kadalarynyň we ýörelgeleriň beýan edilýändigi ,bu eserleriň her bir işimizde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigi dogrusynda täsirli çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
“Medeniýet günleri – birleşdirýär illeri” atly döredijilik duşuşygy

Kitaphanalar

29.06.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Medeniýet günleri – birleşdirýär illeri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen halkynyň milli medeniýeti, sungaty , olaryň taryhy kökleri, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de talyplar kitaphananyň bölümleri, kitaphana hünärmenleriniň ýerine ýetirýän işleri, okyjylara berilýän ýokary derejeli hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary esasynda gurnalar sergi talyp-ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri esasynda gurnalan sergiler talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Täsirli duşuşygyň ahyrynda bagtyýar talyp-ýaşlar okamagy, öwrenmegi, döretmegi, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri

Kitaphanalar

26.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzdaky “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphana hünärmenleri hem-de kitap söýüji ýaşlar gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy has-da ösdürip, dünýä ýüzünde belent derejelere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan belent maksatly beýik işler barada buýsançly gürrüňler edildi. Sungaty söýýän ýaşlar aýdym-sazly çykyşlary bilen aýratyn täsir galdyrdy. Gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşyga “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Milli Medeniýetimiz galkynýar

Kitaphanalar

26.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Milli Medeniýetimiz galkynýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyny, milli medeniýetiniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär. Medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda amala aşyrýan nusgalyk işleri dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetiň ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.