logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Okuw – tejribe maslahat

Kitaphanalar

26.06.2026

Balkan welaýatynda medeniýet hepdeliginiň çäginde Balkan welaýat kitaphanasynda “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmekde ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işiniň esasy ugurlary” atly okuw – tejribe maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamy hem kitaphanaçylyk işini has-da kämilleşdirmek hakynda şeýle hem ylym ojagy hasaplanýan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hereket edýän bitewi elektron kitaphana ulgamynyň üsti bilen çalt gözleg etmäge, diňe bir kitabyň asyl nusgasyny däl, eýsem onuň elektron görnüşini hem okamaga mümkinçilik döredilen. Şeýle-de Bitewi elektron kitaphana ulgamy kitaphana işini talabalaýyk alyp barmaga, okyjylaryň isleg bildirýän neşirlerinden bökdençsiz peýdalanmaklaryna ýardam berýär. Bu ýerde gelip gowuşýan neşir önümleriniň ähli görnüşleri, ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallardaky ylmy makalalar elektron kataloga salynýar. Munuň özi okyjylara gerek bolan maglumatlary peýdalanmakda giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de kitaphanalara sanly ulgamyň döredilmegi, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwesiniň artmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine uly itergi berýändigi hakynda okuw – tejribe maslahatynda giňişleýin beýan edildi. Ata Watanymyzda medeniýetimiziň sungatymyzyň pajarlap ösmegi ugrunda uly şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

No image
Medeniýet - dostluguň ýoly

Kitaphanalar

26.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Medeniýet - dostluguň ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli medeniýetimiziň belent waspa ýetirilýändigi hakynda gürrüň etmek bilen her ýylda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, Medeniýet hepdeligini geçirilýänligi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler milli medeniýetimizi dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
Okuw-tejribe maslahaty

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň Bazar.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda Balkan welaýatynda Medenýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medenýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň milli medenýetimize bagyşlanan neşirleriniň sergisi bilen ugurdaşlykda “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary” atly okuw-tejribe maslahatynda “Altyn-asyr” we “Türkmenistan” teleýaýlymlarynyň döredijilik toparlarynyň ýazgy etmekliginde söhbetdeşlikler gurady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kitaphanalary diňe bir paýhas ummanyna öwrülen geçen asyrlaryň kitaplary bilen däl, häzirki döwrümiziň ruhy öňegidişlikleri bilen tanyşdyrýan gollanmalar, maglumatlar, gündelik metbugat neşirleri bilen işlemäge şert döredýär. Ýurdumyzda kitaphanadan peýdalanyjylaryň maglumat, medeni, ylmy we beýleki isleglerini kanagatlandyrmak boýunça kitaphananyň işi, döredilen we döredilýän amatly şertleriň üsti bilen bökdençsiz amala aşyrylýar. Ine şular babatda söhbetdeşlikde täsirli gürrüňler edildi.

No image
Sungat eseri deýin äleme dolduň, Arkadag şäheri bagtyň şäheri

Kitaphanalar

25.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň 3 ýyllygy mynasybetli «Sungat eseri deýin äleme dolduň, Arkadag şäheri bagtyň şäheri» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde özüniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen, ösen milli medeniýeti bilen tanalýandygy, ýurdumyzyñ Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň her ýylda uly dabara bilen bellenilýändigi barada gürüň berdiler. Şeýle-de Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň ýokary görkezijisine öwrülendigi, bu şäheriň dünýäniň iň owadan, iň gözel, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda ägirt uly tagallalaryň edilýändigi hakynda buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym – Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

Kitaphanalar

25.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Maliýe institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym–Pyragynyň arzuwlan zamanasynda» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçilik, küýzegärçilik, halyçylyk, atşynaslyk sungaty bilen umumyadamzat medeni–ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda bimöçber tagallalaryň edilýändigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy, türkmen halkynyň milli baýlygy bolup, ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli medeniýetimizi, taryhy şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Geliň kitap okalyň

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 89-njy çagalar bakja-bagynda körpe nesil bilen “Geliň kitap okalyň” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, ondaky gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Täze gelen edebiýatlara syn

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Täze gelen edebiýatlara syn” ady bilen “Şahyr Hajymuhammet Kakalyýew (Doglan gününiň 75 ýyllygyna)”, “Alym, zenan arheolog Nurgözel Bäşimowa (Doglan gününiň 80 ýyllygy)” atly ýazylan bibliografiýa görkezijilerine syn geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň bibliografiýa görkezijilerini taýynlap okyjylara ýetirilýändigi hakynda aýdyldy. Çykyşyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýetleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini kitaphana synyna gatnaşan işgärler arzuw etdiler.

No image
Kitap bilen söhbetdeş bolsaň ýüregiň gysmaz

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda hemişelik okyjylarynyň arasynda “Kitap bilen söhbetdeş bolsaň ýüregiň gysmaz” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitap okamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz dynç alyş günlerinde kitap okamak, kitaphanalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda höweslije çagalara ündew etdiler. Çagalar kitap dükanyndan isleg bildirýän kitaplarynyň ençemesini satyn aldylar. Ýene-de ençeme kitaplary kitaphanamyzyň okyjylar zalyna gelip okajakdyklaryny uly höwes bilen aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň kitap bilen, kitaphanalar bilen dostlaşmagy, dynç alyş günlerini peýdaly zatlar öwrenmäge sarp etmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Medeniýet - milletiň aň kämilligi

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hemişelik okyjylary hem-de agzybir kitaphanaçylary bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet - milletiň aň kämilligi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige kitap söýüji ýaşlar hem-de çagalar gatnaşdy. Çagalar türkmen medeniýetini, sungatyny wasp edýän goşgulary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Medeniýet sözünden döwür gülleýär

Kitaphanalar

24.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet sözünden döwür gülleýär» atly Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi hem-de göçme kitap sergisi gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalara, Medeniýet hepdeliginiň uly toý-baýramlara beslenip geçirilýändigi hakynda söhbet etdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän dabaralar halkymyzda, aýratyn hem, medeniýet we sungat ussatlarynda täze ýeňişleriň ruhy joşgunyny döredýändigi, ýazyjy-şahyrlaryň kalbynda ylham joşup, bagşy-sazandalaryň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmunynyň gymmaty hakynda söhbet edilip, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde watançylyk duýgusyny has-da ösdürmekde kitaplaryň gymmatly gollanma bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler.