logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Watanym bagtym, Garaşsyzlyk ganatym

Kitaphanalar

23.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Watanym bagtym, Garaşsyzlyk ganatym» ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan sene bolup, köňülleriň buýsanjyna öwrülen bu şanly senäni halkymyz her ýyl zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygy, ony beýik ösüşler bilen şöhratlandyrýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň berdiler. Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuw eden parahat, özbaşdak, abadan hem bagtyýar durmuşynyň açary, Garaşsyzlyk baýramy eziz Watanymyzyň özygtyýarlygyny we bitewiligini, mizemezligini şöhratlandyrýan mukaddes baýram bolup, halkymyza öz ykbalyny özi çözmäge, dünýäniň alys hem-de goňşy ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikleri döredendigi hakynda beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, ösüşli Diýarymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda, bedew atym guwanjym hem buýsanjym

Kitaphanalar

22.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda, bedew atym guwanjym hem buýsanjym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň giň gerimden belleýändigini we Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýändigi babatda belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda ýokary okuw jaýynda okaýan talyplara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda bizi eşretli zamana ýetiren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gyz buýsanjy – gültahýa

Kitaphanalar

22.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gyz buýsanjy-gültahýa» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we wagyz etmek asylly ýörelgä öwrülendigi hem-de milli gymmatlyklarymyzyň içinde iň gözel hem nepis sungaty bolan türkmen el keşdeden edilen el tahýalary gadymdan gelýän milli mirasymyz bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de el keşde tahýalarymyz asyrlardan-asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize ene-mamalarymyzdan miras galan el-işleri nesilden-nesle geçirmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak her bir türkmen zenanlarynyň mukaddes borjy bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, nepis el-işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Ertekiler dünýäsine syýahat

Kitaphanalar

22.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda paýtagtymyzda ýerleşýän 97-nji çagalar-bakja bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen sesli okaýyş geçirildi. Çykyş edenler türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan ertekileriň çaga terbiýesinde çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de körpeje nesilleriň arasynda ertekileriň birnäçe görnüşlerinden sesli okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň keşpleri barada özara sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda, geljegimiz bolan çagalar barada edýän aladalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk – köňülleriň buýsanjy

Kitaphanalar

22.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk –köňülleriň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk – bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlygyny we bitewiligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdigi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň geljeginiň hatyrasyna beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren bagtyna çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýan mähriban halkymyz, bu mukaddes baýramy şatlyk-şowhun, uly dabara bilen giňden belleýändikleri barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar, gowşatmaz badyn

Kitaphanalar

22.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy, Baş bilim müdirliginiň 40-njy orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatmaz badyn” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolup, uludan toýlanyp, türkmeniň at-owazasyny äleme ýaýyp, milletiň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar eden baýramlaryň biridigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berendigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Garaşsyzlyk buýsanjym, milli mirasym

Kitaphanalar

22.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk buýsanjym, milli mirasym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli medeni we ruhy mirasymyz täzeden dikeldilip, döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi hakynda söhbet etdiler. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz, türkmen halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülendigi barada buýsançly beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda gadymy milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Mukaddes Garaşsyzlyk – halkymyzyň milli buýsanjy

Kitaphanalar

22.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde «Mukaddes Garaşsyzlyk-halkymyzyň milli buýsanjy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Geçirilen çärede halkymyzyň bagtyýar, erkana durmuşynyň özeninde duran, Berkarar döwletimiziň sarsmaz sütüni bolan Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde ýurdumyzyň ähli künjekleri şatlyk-şowhuna, toý-baýramlara beslenýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri esasynda gurnalan kitap sergisi çäräniň täsirini artdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk köňülleriň buýsanjy

Kitaphanalar

22.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy we Baş bilim müdirliginiň 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk köňülleriň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toý-baýramlara beslenýän Watanymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy uly dabaralar bilen bellenilýändigi, bu baýrama türkmen halkymyz öz zähmet üstünlikleri bilen barýandyklary hakynda beýan etdiler. Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty, geçen taryhy döwürleriň içinde eziz Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri, gazanan üstünlikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň çykyşlaryna orun berildi. Olar Watanymyzy, beýik ösüşlerimizi, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitaphana-hazynalar ummany

Kitaphanalar

22.09.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Usuly” bölüminiň gurnamagynda etrap kitaphana müdirleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Kitaphana-hazynalar ummany” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda kitaphanaçylaryň işini kämilleşdirmek, olaryň alyp barýan işlerinde çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini, elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak, ýaşlarda kitaba bolan söýgini ösdürmek we olary ylmy-döredijilik, tejribeçilik işlerine höweslendirmek boýunça, kitaphanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, kitaphana gelip gowuşýan täze kitaplaryň bellige alynyşy, barada çykyşlar edilip, kitaphanaçylar öz arasynda sorag-jogap alyşdylar.