logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITAPLAR–TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

23.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 45-nji çagalar bakja - bagynda “Kitaplar–terbiýäniň gözbaşy” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň edermençiligi hakynda gürrüň etdiler. Kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillere uly üns berilýär. Bu günki gün olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmaklyk üçin, watansöýüji, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda kitaphanalarda hem köp işler alnyp barylýar. Parahat ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
MÄHIR SIŇEN MIRASYM

Kitaphanalar

20.02.2026

Änew şäheriniň medeniýet öýünde Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Mähir siňen mirasym” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halkymyzyň milli egin-eşikleri, mertebeli lybaslary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýanlygy, ir döwürlerden bäri türkmenleriň milli lybaslary gaýtalanmajak owadanlygy, nepisligi we inçeligi bilen tapawutlanýandygy. Onuň şan-şöhraty beýleki nusgalardan öňe geçip, lybaslar dünýäsiniň özboluşly bölegine öwrülendigi barada söhbet edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/7452.jpg)

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERI

Kitaphanalar

20.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Türkmen halk ertekileri» kitaplary esasynda 141-nji çagalar bagynda sesli okaýyş geçirildi. Gürrüňdeşlikde türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekileri nesil terbiýesinde ornunyň örän uludygy barada belläp, ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak, hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk ýaly asylly sypatlaryň ýüzlerçesi eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmen halk ertekilerindäki dürli häsiýetli gahrymanlaryň türkmene mahsus asylly sypatlary, ýaş nesilleriň aňlarynyň, düşünjeleriniň sagdyn ösmeginde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny aýtdylar. Gürrüňdeşligiň dowamynda körpeje nesilleriň arasynda birnäçe türkmen halk ertekilerinden okalyp berildi we ertekilerdäki haýsy gahrymanlaryň keşplerinde bolmak isleýändikleri barada pikir alşyldy. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolan türkmen halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini ýaş nesillere ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNYŇ ÇAGA TERBIÝESINDÄKI ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

20.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 40-njy çagalar bagynda «Türkmen milli oýunlarynyň çaga terbiýesindäki ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler asyrlaryň dowamynda halk arasynda kämilleşip gelýän milli oýunlarymyz nesilden-nesile geçip, bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen milli oýunlary çagalarda çalasynlygy, ünslüligi, pikirlenmegi we sabyrlylygy terbiýeleýändigi bu bolsa, ýaş nesillerde tutanýerliligi, maksada okgunlylygy we erjelligi döredýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP–PÄHIM-PAÝHAS ÇYRAGY

Kitaphanalar

20.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Kitap-pähim-paýhas çyragy» ady bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň gezelenji gurnaldy. Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda gurnalan gezelençde ilki bilen talyplary kitaphana bilen içgin tanyşdyrylyp, kitaphananyň bölümleri, uly we kiçi ýaşly okyjylara hyzmat edilişi, kitaplaryň ýerleşdirilişi hakynda gürrüň berdiler. Kitaphanada bar bolan halk hazynasy matallaryň, tapmaçalaryň çeperçiligi, many-mazmuny, döreýşi, ýerine ýetirilişi hakynda we kitaphanalarda elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi, okyjylaryň sanynyň artmagyna, halkymyzyň neşir önümlerine, dürli habarlara bolan isleglerini çalt tizlik bilen tapyp, olaryň isleglerini kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilendigi barada bellediler. Şeýle-de Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ylym-bilim, medeniýeti ösdürmek babatda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi, bu günki gün ýurdumyzyň dürli künjeginde hereket edýän döwrebap kitaphanalaryň gurulyp ulanylmaga berilendigi barada aýtdylar. Gezelenjiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alkyş sözlerini aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/u00.jpg)

No image
BILER BOLSAŇYZ

Kitaphanalar

20.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdep bilen bilelikde «Biler bolsaňyz» atly täsinlikler dünýäsi barada gürrüňdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda mekdep okuwçylara hünärmenimiz ýurdumyzda uly işler alnyp barylýandygyny giňişleýin gürrüň berip, ýaş okyjylara tebigaty söýmäge, oňa hakyky hossar bolmaga çagyrýar. Şeýle-de biziň ýurdymyzyň taryhy ýadygärliklere baý ýurtdygyny we dünýäň täsinlikleri barada-da giňişleýin gürrüň berip,okuwçylara tema degişli soraglary berdi. Bu sorag-jogaply bäsleşik diýseň gyzykly boldy. Hünärmen dünýä ýadygärlikleriň ençemesi barada hem gürrüň berdi. Bu bolsa okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

No image
AK ÝOLLAR BAGTLY GELJEGE ELTÝÄR

Kitaphanalar

20.02.2026

Ahal welaýat kitaphanasynyň Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň gurnamagynda Ak bugdaý etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynda “Ak ýollar bagtly geljege eltýär” atly çeper okaýyş geçirildi. Çagalar baglarynda çeper okaýyş–körpeleriň dil baýlygyny, hyýal güýjüni we çeper sözleýiş ukybyny ösdürýän, ertekileri, goşgulary aýdyp bermek ýa-da okap bermek arkaly amala aşyrylýan terbiýeçilik işidir. Bu çäreler çagalarda kitap söýgüsini döredip, olaryň döredijilikli pikir etmegine we medeni taýdan ösmegine uly goşant goşýar.

No image
«SAGLYK-ROWAÇLYGYŇ BINÝADY» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

20.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Saglyk-rowaçlygyň binýady” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ensiklopedik kitaplary hem-de Saglyk Maksatnamasy ,şeýle hem ýurdumyzda täze gurulan saglyk ulgamyna degişli binalary, sport desgalary hakynda ýazylan eserler goýuldy.Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

No image
BEDEW BADYM, GÖWÜN ŞADYM, ZAMANAMYŇ HEŇINDEDIR

Kitaphanalar

19.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bedew badym, göwün şadym, zamanamyň heňindedir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrülip, her ýylyň özboluşly mazmun bilen atlandyrylmagy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady durmuşynda täze sahypalary açýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ahalteke bedewi türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasy bolup, ahalteke bedewlerine aýratyn orun berilmegi, biziň milli gymmatlyklarymyza bolan çuňňur sarpamyzy görkezýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşa alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY BEHIŞDI BEDEW–ŞANLY TOÝUŇ MÜBÄREK GARAŞSYZ WATAN

Kitaphanalar

19.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmeniň buýsanjy behişdi bedew – şanly toýuň mübärek Garaşsyz Watan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şu ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyz üçin taryhy gymmatlyklary, milli buýsanjy we geljege ynamy özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň mizemez esaslaryny, baky Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji syýasatyny we türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän atçylyk sungatynyň wasp edilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.