logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«HALK SAZ GURALLARY» KAFEDRASYNYŇ ÝAŞ MUGALLYMY RAHYMBERDI HOJAGELDIÝEWIŇ TALYPLARYNYŇ KONSERTI

Konsertler

24.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde edýän atalyk aladalary çäksizdir. Ýakynda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň ýaş mugallymy Rahymberdi Hojageldiýewiň talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertiň başynda Çarlz Manýanteniň “Wenesiýa karnawaly” eserini V ýyl talyby Aşyr Sadulaýew ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Soňra II ýyl talyby Amangeldi Baýramgeldiýew meşhur daşary ýurt kompozitory Astor Piazzollanyň “Libertango” eseri bilen çykyş etdi. Onuň yzysüre II ýyl talyby Didar Jumadurdyýew kompozitor Konstantin Mýaskowyň dost-doganlyk sazy bolan “Özbek tansy” eserini örän täsirli ýerine ýetirdi. Ussat kompozitor Waleriý Kowtunuň “Fantaziýa” uly göwrümli eserini hem-de “Kubinskiý karnawal” eserleri bilen IV ýyl talyby Jangeldi Hümmedow çykyş etdi. Bu çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy. Meşhur türkmen kompozitory Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Tokkata” eserini V ýyl talyby Rüstem Haýytow ýerine ýetirdi. Bu çykyş tomaşaçylar üçin täsirli çykyş boldy we gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy. Konserti II ýyl talyby Ylham Şerdalyýew ussat daşary ýurt kompozitorlary Wiktor Wlasowyň “Bossa-nowa”, Astor Piazzollanyň we Wladimir Zykiniň belli eseri “Libertango” eserleri bilen jemledi. Bu eserler tomaşaçylarda örän täsirli ýatlamalary galdyrdy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Halk saz gurallary” kafedrasynyň ýaş mugallymy Rahymberdi Hojageldiýewiň talyplarynyň konserti örän gyzykly we täsirli geçirildi. Konsert tamamlanandan soňra konsertde çykyş eden talyplar we tomaşaçylar ýadygärlik surata düşdiler. Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň kämil derejede ylymly-bilimli bolmagy, öz zehinimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin edýän atalyk aladalary üçin sagbolsunymyzy aýdýarys. _____________ Osman Sapargeldiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň V ýyl talyby

No image
DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ ÝAŇY TÜRKMENISTANDA: ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY KONSERTI

Konsertler

24.11.2025

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda edilýän işler çuňňur hoşallyga mynasypdyr. Bu hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň geçirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu çäre ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi, gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşigi bilen özara deňhukukly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarlydygyny we bu ýörelgäniň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigini belleýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurtda durnukly ösüşiň esasyny hökmünde medeniýetiň, bilimiň we ylmyň ähmiýetini berkidýän ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyklar has-da giň gerime eýe boldy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýärler. Şeýle hem bu gurama bilen dürli taslamalar we bilelikdäki maksatnamalar ençeme üstünlikli amala aşyrylýar. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açyp berýär. Bu çäreleriň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar, konsertler, ykdysady sapaklar, Ýewropanyň milli festiwallary we beýleki köp sanly çäreler iki tarap üçin hem täsirli bolýar. Türkmenistanyň medeniýet işgärleri Ýewropa Bileleşiginiň “Gerasimus” maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuwlaryň we iş duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, özleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy mynasybetli geçirilen konsert hem bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly boldy. Mukamlar köşgünde guralan bu ajaýyp saz agşamynda Polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçek, saz äleminiň dürli döwürleriniň kompozitorlarynyň eserlerini ýaňlandyrdy. Konserte dürli ýaşdaky tomaşaçylar höwesjeň gatnaşyp, ussat ýerine ýetirijiniň dünýä belli saz eserleriniň kalplara siňen täsirinden lezzet aldylar. Dabaraly konsertiň dowamynda W.A.Mozartyň 40-njy simfoniýasy, L.Wan Bethoweniň 5-nji simfoniýasy, F.Listiň “Söýgi düýşleri”, F.Şopeniň fortepiano üçin 1-nji konserti, N.Paganiniň №24 “Kapriz” ýaly nusgawy eserler bilen birlikde, K.Debýussiniň “Aý şöhlesi” we Isaak Albenisiň “Tango” ýaly impressionist döwrüniň eserleri hem ýaňlandyryldy. Konsertiň dowamynda dirižýor Rasul Klyçýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen Döwlet simfoniki orkestri hem Woýseh Waleçek bilen bilelikde konsert eserlerini ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetiriji ussat sazandalar tomaşaçylara dürli döwürleriň ajaýyp saz keşplerini ýaňlandyrdylar we gyzgalaňly el çarpyşmalar bilen garşy alyndylar. Ajaýyp saz agşamynyň soňunda meýilnamadan daşary Woýseh Waleçek ruhy buýsançly joşguny bilen Beýik Polýak kompozitory F.Şopeniň saz eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň kalbyna siňdi. Bu konsert, Ýewropa we Türkmen medeniýetleriniň sazlaşygynyň ajaýyp beýany bolup, gatnaşyjylaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu ýaly çäreler, iki halkyň medeniýetleriniň has-da ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegine we hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere ýetmegine uly goşant goşýar. Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleri, diňe bir sungat çäresi bolman, eýsem syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam berýän möhüm ähmiýetli forumdyr. Bu günleriň dowamynda geçirilýän dürli duşuşyklar we gepleşikler, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy syýasatynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalanmagyna hem öz goşandyny goşýar. Bu ugurda edilýän tagallalar, geljekde hem dowam etjekdigine we has-da rowaçlanjakdygyna ynanýarys. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. ______________ Ahmet Jumakulyýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji

No image
BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ–ŞANYMYZ

Konsertler

13.11.2025

Gün-günden özgerýär, gül açýar Diýar, Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň! Bedew bady bilen has öňe barýar, Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň! Ine bu gün bolsa halkara Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestrynyň taýýarlamagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda konsert geçirildi. Konsertde Türkmenistanyñ halk artisti, kompozitor Ç.Nurymowyň ajaýyp eserleri ýaňlandy. Dabara «Mukam» skripkaçylar toparynyñ ýerine ýetirmeginde, «Türkmenistan-gözel mekan», «Aşgabat» ýaly ajaýyp eserleriň ýaňlanmagynda açyldy. Soñra bolsa, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyñ simfoniki orkestriniñ sazandarlyk etmeginde, A.Amadowyñ ýerine ýetirmeginde «Dessan» konserti, «Türkmeniñ Altyn asyry» bäsleşiginiñ ýeňijisi Aşir Aşirowyñ ýerine ýetirmeginde «Fortepiano we orkestr üçin konsertiñ 3-nji bölümi», simfoniki orkestriniñ sazandarlyk etmeginde Ý.Ataýewiñ ýerine ýetirmeginde «Armanym galdy», P.Bakyýew bilen Ç.Gutlýewanyň ýerine ýetirmeginde «Toý aýdymy», simfoniki orkestrine K.Bäşimowyñ drižýorlyk etmeginde «Baýramçylyk uwertýurasy» ýaly eserler ýañlandy. Şeýlelik-de konsertiñ dowamynda M.Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyñ hor toparynyñ ýerine ýetirmeginde «Oýanmaz», «Näzlim uz maňa» ýaly mylaýym aýdymlar ýañlandy. Soňra «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Ý.Bahargüle söz berildi. Dabaraly konsert Konserwatoriýanyñ simfoniki orkestriniñ ýerine ýetirmeginde «Maru-Şahu jahan» atly 3-nji simfoniýa bilen jemlendi. Konsert halypa kompozitoryñ aýdymdyr, simfoniki eserleri bilen örän gyzykly we dabaraly geçdi. Şunuñ konsertleri, aýdym-sazly dabaraly geçirmäge giñ mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin! __________________ Aýnur Nuryýewa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» fakultetiniñ IV ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT GEÇIRILDI

Konsertler

04.11.2025

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kamera ansambly” kafedrasynyň hepdeligi badalga aldy. Hepdeligiň açylyş dabarasynda Garaşsyz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly konsert geçirildi. Bu konserta Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary we talyp-ýaşlar gatnaşdylar. Konsert maksatnamasy Läle Arazdurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde kompozitor W.Muhadowyň “Jan Türkmenistan” aýdymy bilen açyldy. Dabaraly konsertiň dowamynda diňe bir türkmen kompozitorlarynyň däl-de, eýsem, daşary ýurt nusgawy kompozitorlaryň W.A.Mosartyň, L.W.Bethoweniň, R.Ştrausyň, R.Şumanyň sonata eserleri we dürli aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Ýaş zehinli talyplar Leýli Salyhowa, Aýnur Otuzowa, Şasenem Rejepowa, Selbi Salyhowa, Bägül Täçmyradowa, Kiril Lebedew, Seýran Atanyýazow, Şaislam Komiljanow öz çykyşlarynda diňleýjilere skripka we fortepiano saz guralynyň bilelikdäki ajaýyp owazyny utgaşdyryp ýerine ýetirmekleri dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Zehinli talyp Merjen Gutlymyradowanyň sazandarlyk etmeginde F.Şubertiň “La pastorella” atly ajaýyp aýdymy bolsa Läle Arazdurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde has-da täsirli boldy. Ajaýyp konsert Elmira Jumakulyýewanyň sazandarlyk etmeginde Läle Arazdurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde K.Garowowyň “Mähriban siz eneler” aýdymy bilen dabaraly ýagdaýda jemlendi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli medeniýetimizi ösdürmekde, gadymyýetden gözbaş alýan aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmakda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler. ________________ Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby

No image
HALKARA BITARAPLYGYMYZYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «DÜNÝÄŇ OWAZLARY» ATLY BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI

Konsertler

03.11.2025

Ýurduň şu günki ýeten sepgitlerini hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak özgerişleriň özeninde hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren çäksiz mümkinçilikleri jemlenendir. Bitarap döwletimiz dünýäde agzybirlik, dostanalyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede sarpalanýan ojagydyr. Noýabr aýynyň ilkinji günlerinde diýarymyzda “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Dünýäň Owazlary” atly baýramçylyk konserti geçirildi. Aşgabat şäherindäki türkmen milli medeniýet ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konserte Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew we Döwlet horunyň (çeper ýolbaşçysy Haýdar Eminow, dirižýory Perman Miriýew) gatnaşmagynda Bitaraplygymyzyň ilkinji günlerinde ýerine ýetiren Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Gülle, Bitarap Türkmenistan!» aýdymy bilen konsert başlandy. Soňra dabaraly konsertiň dowamynda ýurdumyzda meşhur bolan şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň estrada we halklarynyň aýdymlary ýaňlandy. Türkmen we dünýä belli kinofilmerinden, multifilmlerden aýdylan aýdymlar konsertiň şowhununy hasda artdyrdy. Şeýle-de birnäçe aýdymly-tans kompozisiýalar görkezildi. Konsertiň üýtgeşik aýratynlyklarynyň biri–onda ýurdumyzyň belli artistleri bilen bir hatarda çagalar döredijilik toparlary hem üstünlikli çykyş etdiler. Konsertiň ähli çykyşlary örän gyzykly bolup diňleýjiler aýdymçylar bilen birlikde ähli aýdymlara goşluşup aýtdylar. Türkmenistanyň halk artistleri Gülnar Nuryýewanyň we Myrat Baýramgeldiýewiň “Arşin mal alan” kinofilminden aýdyşygy ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy, kompozitor Kerim Jumagulyýewiň çeper ýolbaşçylygynda “Joşgun” atly a’kapella çagalar hor toparynyň ýerine ýetirmeginde iňlis “Baby Şark” aýdymy tomaşyçylaryň aýratyn ünsüni özüne çekdi. Türkmenistanyň Döwlet hory dürli dillerde ýaňlanan aýdymlar we orkestriň ýerine ýetirmegindäki şowhunly sazlar, “Meňli” tans toparynyň hem-de Nebitgaz toplumynyň “Ruhubelent” çagalar tans toparynyň tanslary tomaşaçylarda has-da täsir galdyrdy. Her güni toýdyr-dabaralara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýän Diýarymyzyň şu günki konsertinde hem Aşgabat şäherindäki 4-nji sungat mekdebiniň çagalar hor toparynyn (çeper ýolbaşçy Gülälek Baýrammyradowa) ýerine ýetirmeginde “Waka Waka” (This time for Afrika) ýaňlanan aýdym tomaşaçylaryň ýüzünde şatlyk duýgusyny has-da artdyrdy. Konsertiň dowamynda ýurdumyzda başga-da birnäçe tanymal sungat işgärleri gatnaşdylar: Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa “Aşyr agaň hötjeklegi” kinofilminden “Owadan gözler”, “Türkmenistanyň Altyn asyry” Döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi Döwran Şammyýew Türkmenistanyň döwlet hory bilen bilelikde “Stand up” aýdymy, Döwlet horunyň Oglanlar kwarteti Ş.Bäşimowyň “Şirmaýy darak”, gruzin aýdymy “Gandagana” ýerine ýetirdiler. Konsert Türkmenistanyň döwlet hory we ähli konserte gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly aýdymy bilen jemlendi. Baýramlaryň seresi, bagtymyzyň çyragy, göwnümiziň küýsegi Halkara Bitaraplyk baýramydyr. Türkmen halky dine bir öz içinde däl, eýsem dünýä döwletleri bilen bir supranyň daşynda jemlendi. Eziz Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýol görkezijisi bolan Gahryman Milli Liderimize, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanç duýgularymyz dilimiziň senasyna, köňlümiziň owazyna öwrülýär. Belent maksatly menziller bilen ýurdumyzy täze rowaçlyklara tarap öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçly menzillerde diňe öňe rowan bolsun! ____________ Ogulsuraý Jumagulyýewa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

No image
«KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY» SAZ FESTIWALYNYŇ ÇÄGINDÄKI ÝAŞ MUGALLYMLARYŇ KONSERTI

Konsertler

27.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar barada uly tagallalary edýärler. Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” saz festiwalynyň çäklerinde “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymlary Rahymberdi Hojageldiýewiň we Baýramgül Amangeldiýewanyň hem-de “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowanyň bilelikdäki konserti geçirildi. Saz festiwalynyň çägindäki konsertda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Rahymberdi Hojageldiýew meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eseri bilen çykyşyny başlady. Soňra daşary ýurt kompozitorlarynyň P.Sarasate “Sygan heňleri”, A.Piazzolla-Wladimir Zykin “Libertango” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýerine ýetirdi. Onuň yzysüre “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Baýramgül Amangeldiýewa daşary ýurt kompozitorlarynyň A.Wiwaldi “Ýyl pasyllary” “Tomus” II,III bölümler, Ts. Oganesýan “Fantaziýa” №1, A.Byzow “Sha Shtil” eserlerini örän täsirli ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Soňra konserti “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowa dowam etdirdi. Ol türkmen halk sazy “Nergiz”, “Kerem geldi” eserleri bilen çykyş etdi. Bu täsirli çykyşyndan soňra türkmen kompozitorlary G.Kulyýew we S.Mämiýewiň “Baýramçylyk konserti” eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Konsertiň jemleýji çykyşyny “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymlary Rahymberdi Hojageldiýewiň we Baýramgül Amangeldiýewanyň hem-de “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowanyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde daşary ýurt kompozitory W. Monti “Çardaş” eseri ýaňlandy. Bu çykyş tomaşaçylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Konsertiň dowamynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Maýagözel Nazarowa, “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Amanjahan Rejepowa sazandarlyk etdiler. Konsert tamamlanandan soňra konserta gatnaşan tomaşaçylar çykyş eden mugallymlara gül çemenlerini gowşurdylar we ýadygärlik surata düşdiler. ___________________ Osman SAPARGELDIÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň V ýyl talyby

No image
«TANGO RITMINDE» ATLY KONSERT

Konsertler

15.10.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda “Tango ritminde” atly ajaýyp we joşgunly konsert geçirildi. Bu agşam sahnada çykyş eden zehinli bagşylar we sazandalar, diňleýjiler üçin tangonyň joşgunly we duýguly ritmlerine bagyşlanan dürli eserleri ýerine ýetirdiler. Konsert Astor Piazzollanyň meşhur “Libertango” atly eseriniň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Bu kompozisiýa Perhat Tagiýewiň (akkordeon), Gözel Matkarimowanyň (skripka), Mähri Doliýewanyň (skripka), Ýunus Orazowyň (alt), Ahmet Babagulyýewiň (wiolonçel) we Ysmail Sähetmyradowyň (kontrabas) ýerine ýetirmegi bilen diňleýjileriň ünsüni aldy. Eseriň ilkinji akkordlary, zaly hyjuw we joşgun bilen doldurdy. Soňra R.Nepesowyň täzeden işlemeginde A.Agajykowyň “Türkmen tango” atly eseri diňleýjilerden uly minnetdarlyk aldy. Bu eser gündogar owazynyň we argentin tangosynyň utgaşma täsinligini beýan etdi. Ýusup Öwezowyň (klarnet) we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetiren Piazzollanyň “Cмерть ангела” we “Tango-café 1930” eserleri, sazlaryň çuňňur duýgusy we dramatizmi bilen diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetiren “Yo soy Maria” we “Утомленное солнце” atly aýdymlaryny hem aýratyn bellemek gerek. Onuň duýguly ýerine ýetirilişi diňleýjileriň ýüregine çuňňur täsir etdi. 4-nji çagalar sungat mekdebiniň «Saýrak bilbiller» çagalar hory, Gülälek Baýrammyradowanyň ýolbaşçylygynda S.Ekimowyň “Танго мухи” eserini ýerine ýetirip, diňleýjileriň ýüreklerini mähir bilen doldurdy. Aýratyn hem A.Gaýnuliniň “Eýforiýa” atly eseri has uly gyzyklanma döretdi. Bu eseriň ýerine ýetirilmeginde Karina Sultanowa Ýelena Arakelýanyň sazandarlyk etmeginde öz tansy bilen tango duýgusyny we hereketini janlandyrdy. Konsertiň ahyrynda K.Gardeliň “Tango por una Cabeza”, R.Nepesowyň “Tango 13” we H.M.Rodrigesiň “La Cumparsita” ýaly meşhur eserler ýaňlandy. Bu eserler konserti jemläp, diňleýjilerde duýguly täsir galdyryp, batly elçarpyşmalar bilen garşylandy. Bu konsert, ýerine ýetirijileriň ýokary ussatlygyny görkezdi, konsert zaly bolsa tango joşguny, saz we sungaty bilen doly boldy. Her bir çykyş, diňleýjileriň ýüreklerinde güýçli täsir we ýatdan çykmajak owazlary galdyrdy. ______________________ Dünýägözel ALMOWOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy

No image
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISLER MERKEZINDE GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERTI GEÇIRILDI

Konsertler

27.09.2025

26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Mejlisler merkezinde baýramçylyk ruhunda bezelen sahnada emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününi täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň buýsanç duýgularyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hemme baýramçylyklar we dabaraly çäreler sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Olar milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak we täze zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredilen döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara aýratyn öwüşgin çaýýar. Munuň şeýledigine bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýene bir gezek göz ýetirdiler.

No image
GARAŞSYZLYK BAÝRAMY GIŇDEN TOÝLANÝAR

Konsertler

25.09.2025

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bosagada dur. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi. Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Muhammetgulyýewiň talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertde türkmen kompozitorlary A.Ablyýewiň, N.Halmämmedowyň, B.Hudaýnazarowyň, A.Abdullaýewiň, G.Kulyýewiň we S.Mämiýewiň, daşary ýurt kompozitorlaryndan M.Buhwostowyň, G.Mitýewiň, I.S.Bahyň eserleri, H.Muhammetgulyýewiň akkordeon saz guraly üçin täzeden işlän türkmen halk sazy “Durdy bagşy” eserleri ýerine ýetirildi. Konsertiň başynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby A.Tagandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde A.Ablyýewiň “Ussada” atly eseri ýaňlandy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Muhammetgulyýewiň gürrüň bermegine görä, 1970-nji ýylda şahyr H.Allamyradow, S.Jepbarowyň 65 ýyllyk ýubileýine bagyşlap “Bagşydyň” atly şygryny döredipdir. Türkmenistanyň halk artisti A. Ablyýew hem şol goşga saz döredip, Sahy bagşynyň ýanyna baryp şol sazy diňledipdir. Halypa A. Ablyýewe “Men diri gezip ýörkäm, muny dutar saz guralynda A. Çaryýew saz edip çalaýsyn” diýipdir. Şonda Türkmenistanyň halk artisti A. Çaryýew bu sazyň üstünde birnäçe günläp zähmet çekip dutar saz guralynda ilkinji bolup ýerine ýetiripdir. Soňra bolsa maslahatlaşyp, bu sazyň adyna “Ussada” diýip at beripdirler. Eseri ussat dutarçy Akmyrat halypa 1970-nji ýylda S.Jepbarowyň 65ýyllyk ýubileýinde ilkinji gezek ýerine ýetiripdir. 1977-nji ýyldan soň aýdym görnüşini Türkmenistanyň halk artisti Oraznepes Döwletnazarow ilkinji bolup aýdypdyr. Soňra daşary ýurt kompozitory N.Buhwostowyň “Аккордеонные буги” eserini A.Tagandurdyýew “Durdy bagşy” türkmen halk sazyny, N.Rimskiý-Korsakowyň “Arynyň uçuşy”, I.S.Bahyň “Prelýudiýa we fuga” a-moll eserini talyp Ş.Babaýew G.Mitýewiň “Prelýudiýa we fuga”, N.Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eserini, M.Hojyýew, B.Hudaýnazarowyň “Älemgoşar”, A.Abdullaýewiň “Bahar tansy” eserlerini, G.Kulyýewiň we S.Mämiýewiň türkmen temalaryna “Fantaziýa” eserini M.Nazarowanyň sazandarlyk etmeginde Y.Garaýew ýerine ýetirdi. Konsertde ýerine ýetirilen ajaýyp sazlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar arkaly garşy alyndy. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, şeýle gyzgalaňly konsertleri geçirmäge uly-uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen aýdym-saz sungatyna uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmekliklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güniniň şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de gülläp össün! _________________ Ogulbeg ÝEGENOWA., Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
BELENTDEN ÝAŇLANÝAR BAGTYŇ OWAZY!

Konsertler

22.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda medeniýet we sungat işgärleri, sahna ussatlary çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ylhamlanyp, şirwan perdä galan medeniýet we sungat ussatlarynyň owazy bagtyýarlygyň buşlugy bolup ýaňlandy. Konsertdäki çykyşlar bitewülikde parasatly döwlet Baştutanymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň waspnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň toýlara ulaşýan günlerinde kalby joşgunly ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa uzak ömür, jan saglyk, tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler!