logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BEÝIK ÝEŇIŞE BAGYŞLANAN ESERLER

Täzelikler

08.05.2025

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeler bolup, olar dünýä taryhyna örän pajygaly, gandökşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941-1945-nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykdy. Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, XX asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular. Olaryň içinde türkmen şahyrlary we sazandalary hem bardy. Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okap ýören, türkmeniň meşhur bagşysy Sary bagşynyň körpe ogly, ýiti zehinli sazanda Nury Saryýew bu gazaply urşa meýletin gidip, gahrymanlarça wepat boldy. Onuň ady Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň Hormat tagtasynda altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistanyň halk artistleri, doganlar Weli we Nury Muhadowlar, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Çary Artykow, kompozitor Orazmuhammet Gurbannyýazow ýalynly ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşyp, sag-aman Ata Watana dolanyp geldiler. Olar görkezen edermenlikleri üçin, birnäçe orden-medallara mynasyp boldular. “Türkmen sazynyň goja bagbany” hasaplanýan Mylly Täçmyradowyň uruş döwründe döreden “Ugradyş”, “Hüjüm”, “Ýeňiş” atly sazlary öz çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Döredijiliginde uruş temasy eriş-argaç bolup geçýän halypa kompozitorlaryň biri hem, Türkmenistanyň halk artisti, professor Weli Muhadowdyr. Ussat kompozitoryň 2-nji “Gahrymançylyk” simfoniýasyny Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň ýadygärligine bagyşlap, 1984-nji ýylda döredipdir. Urşuň aýylganç ýüzüni öz gözleri bilen gören kompozitor, 4 bölümden ybarat bu iri simfoniki eserinde dartgynly wakalary, soňky bölüminde bolsa, gazanylan Beýik Ýeňşi simfoniki orkestriniň üsti bilen ussatlarça suratlandyrýar. Kompozitoryň Weli Muhadowyň Beýik Ýeňşe bagyşlap wokal-simfoniki eserlerini ýatlamak bolar, “Ýeňiş” kantatasy, “Kommunist hakynda kyssa” atly poemasy, “Parahatlyk aýdymy” ýaly aýdym hem-de, Durdy Nuryýewyň “Elegiýa” akapella eserinde ata Watanymyzyň Ýeňşini suratlandyrýar. Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedow 1974-nji ýylda meşgur şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgusyna “Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine” atly wokal-simfoniki poema özboluşly triptih bolup durýar: “Giriş”, “Esgeriň ýatlamasy”, “Rekwiýem”. Poemanyň sazy çuňňur watansöýüjilik duýgusyndan doludyr. Halkyň söýgüsini gazanan ýene bir eser, kompozitor Nury Halmämmedowyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden “Gahrymanlar hakynda balladasy”, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna “Front ýollarynda”, “Sagbol, ene mekan” aýdymlaryny döretdi. Türkmenistanyň halk artisti Amandurdy Agajykowyň “Bakydyr olar”, “Jahany goraň”, Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebowyň döreden “Watan gerçekleri” atly aýdymlarynda watansöýüjilik temasy eriş-argaç bolup öz beýanyny tapýar. Türkmen kompozitorlarynyň uruş temasynda döreden ajaýyp eserleri häzirki bagtyýarlyk döwründe-de, öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Ussat halypa kompozitorlarymyza we bagşy-sazandalarymyza uly hormat goýýan, olaryň mirasyny öwrenmäge uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin. Maýagözel AMANGELDIÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Hor dirižýor” bölüminiň mugallymy

No image
KITAPHANAMYZYŇ ELEKTRON DÜNÝÄSI

Kitaphanalar

08.05.2025

Mary welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Mary welaýat kitaphanasynyň kompýuter zalynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly kitaphana täze gelen edebiýatlaryň elektron görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Islendik ýurduň ösüşi, ilki bilen onuň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin jemgyýetiň arasynda ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda gaýragoýulmasyz işleriň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da artdyrmagy ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmak maksadyny wezipe edip goýdy. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

No image
KITAPHANA GEZELENÇ

Kitaphanalar

08.05.2025

Mary welaýat kitaphanasyna Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda gezelenç geçirildi. Mary welaýat kitaphanasyna Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň, mugallymlarynyň gelmegi kitaphana hünärmenlerini has-da begendirdi, buýsandyrdy. Talyplar kitaphananyň ähli bölümlerine aýlanyp, döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary basgançaklara götermegi öz öňlerinde borç hasaplaýarlar. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
«ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ŞAHYRY» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY KAÝUM TAŇRYGULYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP GEÇIRILEN EDEBI SAZLY ERTIRLIK

Kitaphanalar

08.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, ýaňy- ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän №74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde «Çagalaryň söýgüli şahyry» atly Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlap edebi sazly ertirlik geçirildi. Edebi sazly ertirlige Türkmenistanyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow, hem-de şahyryň ogly «Diýar» žurnalynyň foto habarçysy Ahmet Taňtygulyýew, gyzy Maýa Taňrygulyýewa gatnaşdylar. Myhmanlar şahyr Kaýum Taňrygulyýew hakynda gyzykly we täsirli gürrüňler edip berdiler. Mekdep okuwçylary şahyryň pasyllara degişli goşgularyny, birnäçe matallar, ýaňlytmaç häsiýetli goşgularyny labyzly edip aýdyp berdiler. Hünärmenler şahyryň kitaplaryndan sergi gurnadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan ediler.

No image
BAROKKO DÖWRÜNIÑ USSAT KOMPOZITORLARYNYÑ ÝUBILEÝI BELLENILDI

Täzelikler

08.05.2025

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Sazyň nazaryýeti» kafedrasy tarapyndan barokko döwrüniň görnükli wekilleri I.S.Bahyň we G.F.Gendeliň 340 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäre geçirildi. Ýubileý çäresiniñ çäginde «Barokko stili sungatda we edebiýatda: taryhy, özboluşly aýratynlyklary we görnükli wekilleri» atly ylmy-amaly maslahaty hem-de «Sazşynaslyk» hünäriniñ talyplarynyň ýerine ýetiren diwar gazetleriniñ bäsleşigi geçirildi. Maslahaty Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň uly mugallymy M.Saparmyradowa alyp bardy we «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň müdiri Ş.Annagylyjowanyň giriş sözi bilen açyldy. Ylmy-amaly maslahata Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Ýewropa dilleri we edebiýaty», «Rus dili we edebiýaty» kafedralarynyñ talyplary gatnaşdylar. Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýnur Nuryýewanyň «Barokko döwrüniň saz simwolikasy» atly çykyşy bilen dowam etdi. Maslahatda Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň talyplary barokko döwrüniň binagärliginiň, heýkeltaraşlygynyň we nakgaşlygynyñ çeper häsiýetlerini özleriniň çykyşlarynda beýan etdiler. Dabara aýdym-saz bilen utgaşdyrylyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kirişli saz gurallary» hünäriniñ talyplarynyñ ýerine ýetirmeginde I.S.Bahyň iki skripka üçin D-dur konsertiniñ I bölümi hem-de G.F.Gendeliň g-moll passakaliýasy ýañlandy. Ylmy-amaly maslahat Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Ýewropa dilleri we edebiýaty», «Rus dili we edebiýaty» kafedralarynyñ talyplarynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýjahan Abalakowanyň çykyşlary bilen tamamlandy. Arzuw AŞIROWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby

No image
ADYŇYZ HIÇ ÖÇMEZ EZIZ GERÇEKLER

Kitaphanalar

08.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Adyňyz hiç öçmez eziz gerçekler» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly we mukaddes bolup, tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýedigi, üstünden ençeme ýyllar geçendigine garamazdan, uruş ýyllarynyň agyr ýitgileri baradaky hasratly ýatlamalar dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hakydasynda baky ýaşaýandygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gahrymanlarça söweşen millionlarça adamlaryň parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezendikleri, ata-babalarymyzyň bu şöhratly, gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
GERÇEKLER HAKYDAMYZDA BAKY ÝAŞAÝARLAR

Kitaphanalar

08.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gerçekler hakydamyzda baky ýaşaýarlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebine öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyza goýulýan çuňňur hormatyň, hem-de türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watan gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝETI MIZEMEZ HAZYNA

Kitaphanalar

08.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň şygryýeti mizemez hazyna» atly kitap sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrlan ýylynda talyplaryň tejribe önümçiligini geçýän döwründe Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň gurnamagynda «Magtymguly Pyragynyň şygryýeti mizemez hazyna» atly kitap sergi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda:–Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir–diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar, Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.

No image
BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

08.05.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe her bir edara kärhanalarda şol sanda kitaphanalarda hem dürli medeni köpçülik çäreleri geçirilip durulýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary bilen bilelikde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Döwletimizde ýetilen uly sepgitler we ösüşler barada gürrüňdeşlik geçirildi we gezelenç geçirildi. Bize şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
MERT ÝIGITLER GAÝRAT ÜÇIN DOGULÝAR

Kitaphanalar

08.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabyna kitaphana syny geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2025- nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini ýöriteleşdirilen 131–nji orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabyna kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synymyz Beýik ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Synymyza mekdebiň ýokary synyp okuwçylary gatnaşdy we olarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.