HABARLAR


Aşgabatda Nýuşa bilen Olga Şultaýsyň konserti geçiriler

Konsertler

21.12.2023

Ýetip gelýän Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Aşgabat şäherinde daşary ýurtly sungat ussatlary Nýuşa bilen Olga Şultaýsyň baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Aşgabatda Türkiýeli ýyldyz aýdymçylaryň Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konserti geçiriler

Konsertler

21.12.2023

Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin baýramçylyk konserti geçiriler.

Aşgabatda Emir Raseniň baýramçylyk konserti geçiriler

Konsertler

21.12.2023

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabatda asly türkmen, eýranly meşhur aýdymçy Emir Raseniň baýramçylyk konserti geçiriler.

Aşgabatda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň «Täze ýyl şüweleňi» atly konserti geçiriler

Konsertler

19.12.2023

26-27-nji dekabrda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň «Täze ýyl şüweleňi» atly baýramçylyk konserti geçiriler.

Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy

Konsertler

15.12.2023

Şu gün Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri bolan «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

«Kamerata Aşgabat» toparynyň konserti geçirildi

Konsertler

12.12.2023

Aşgabat şäherindäki «Watan» kinokonsert merkezinde «Kamerata Aşgabat» toparynyň «Gyşyň ýyly aýdym-sazlary» atly konserti geçirildi. Toparyň sazandalary tomaşaçylara senenama laýyklykda, gyşyň gelendigini ýatlatdy we köp sanly muşdaklaryny öňümizdäki sowuk howada goldamak üçin «Watan» kinokonsert merkezinde konsert berdi.

Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi

Konsertler

11.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz mugallymy kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi.

Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi

Konsertler

11.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň aýdym-saz bölüminiň gurnamagynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça komitetiniň ugurdaş çäresi hökmünde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi.

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi

Konsertler

10.12.2023

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylyk edýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.

Mary welaýatynda Täze ýyl mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler

Konsertler

07.12.2023

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary ajaýyp konsertleri bilen çykyş ederler.