Aşgabatda Nýuşa bilen Olga Şultaýsyň konserti geçiriler


Aşgabatda Nýuşa bilen Olga Şultaýsyň konserti geçiriler



Ýetip gelýän Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Aşgabat şäherinde daşary ýurtly sungat ussatlary Nýuşa bilen Olga Şultaýsyň baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň baýramçylyk şatlygyny artdyrmak maksady bilen 26-njy dekabrda geçiriljek baýramçylyk konsertinde Nýuşa bilen Olga Şultaýs özleriniň dünýä meşhur bolan ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler. Konsert Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlary sport toplumynda geçiriler.

Konsert 18:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

Mähriban watandaşlar! Konsertiň guramaçylar topary siziň Täze ýyl baýramçylyk şatlygyňyzy artdyrmak maksady bilen geçirilýän daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşjak myhmanlardan konsertiň wagtynda başlamagy üçin sagat 17:30-da öz bellenilen ýerleriňizde oturmagyňyzy haýyş edýär!

Maglumat hökmünde aýtsak, rus estrada aýdymçysy, kompozitor, we aktrisa Nýuşa 1990-njy ýylda Moskwa şäherinde sazandalar maşgalasynda dünýä inýär. Onuň doglan wagtyndaky ady Anna bolup, ol 17 ýaşynda öz adyny Nýuşa adyna resmi taýdan çalyşýar.

Olga Şultaýs barada aýtsak, rus pop aýdymçysy we kompozitory Olga 1986-njy ýylda Aşgabat şäherinde dogulýar. Onuň ýerine ýetirýän «Milli Miglia» atly aýdymy oňa sungat ýolunda uly üstünlikleri getirýär.

Nýuşa bilen Olga Şultaýs geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda birnäçe gezek konsert berdiler.