Aşgabatda Türkiýeli ýyldyz aýdymçylaryň Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konserti geçiriler
Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin baýramçylyk konserti geçiriler.
Konsertiň dowamynda türkiýeli ýyldyz aýdymçylar özleriniň sungat ýoluda meşhurlyk gazanan aýdymlary, şeýle-de täze döreden aýdymlary bilen çykyş ederler.
Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak konserti 25-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Konsertde ýerine ýetiriljek ajaýyp aýdymdyr sazlar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrar.
Konsert 18:00-da başlanar.
Habarlaşmak üçin 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
Mähriban watandaşlar! Konsertiň guramaçylar topary siziň Täze ýyl baýramçylyk şatlygyňyzy artdyrmak maksady bilen geçirilýän daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşjak myhmanlardan konsertiň wagtynda başlamagy üçin sagat 17:30-da öz bellenilen ýerleriňizde oturmagyňyzy haýyş edýär!
Belläp geçsek, Burak Bulut 1996-njy ýylda Türkiýäniň Elýagiz şäherinde dünýä inýär. Ýakynda Kurtuluş Kuş bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlary oňa sungat äleminde has-da uly üstünlikleri getirdi.
Kurtuluş Kuş bolsa 1997-nji ýylda Türkiýäniň Karamanda şäherinde dünýä inýär. Ol «Rüzýa Gibi», «El Insaf» ýaly aýdymlary bilen meşhurlyga eýe boldy.