Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy
Şu gün Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri bolan «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Türkmenistanda ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi ýaşlaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine, ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýylda guraýan bäsleşigine şu ýyl hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginiň birnäçe saýlama tapgyrlary ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirildi. Olaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp ses alan ýaşlary seçip aldylar. Bu gün bolsa olar baş baýragy almak ugrunda özara bäsleşdiler. Oňa aýdym-saz sungatynda meşhurlyk gazananlar hem gatnaşdylar.
Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Çykyş eden aýdymçylaryň arasynda tomaşaçylar köpçüligine tanyş bolan, aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary we ýokary okuw mekdepleriniň çeperçilik gurnaklaryna gatnaşyjylar hem-de oba ýerlerinden gelen, uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýän zehinli aýdymçylar bar.
Bäsleşik mahalynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler olaryň çykyşlaryny diňläp, saýlan aýdymçylaryna SMS ibermek we jaň etmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi ýaş estradaçylaryň arasynda guralýan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna giň köpçüligi çekmekde oňyn şertleri üpjün etdi. Şeýlelikde, ýaş aýdymçylaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji bäsleşige belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşa etmäge geldiler.
Örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn taýýarlanan ýaş aýdymçylar özlerine goldaw berýän tomaşaçylaryň ynamyny ödemek maksady bilen, yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmadylar. Olar baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada ähli ukyplaryny, zehinlerini görkezip çykyş etdiler.
Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi we watansöýüjilik aýdymlary ýerine ýetirildi.
Bäsleşikde ýerine ýetirilen her bir aýdym babatda meşhur sungat işgärleriniň pikirleri diňlenildi. Şeýle hem olar ýaş aýdymçylara özleriniň maslahatlaryny berdiler. Şol wagt bolsa ses bermek işi dowam etdi. Tomaşaçylardan gelip gowşan SMS habarnamalary hasaplanansoň, bäsleşigi alypbaryjylar onuň jemlerini yglan etdiler. Bu çözgüt tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň köp sesine mynasyp bolan aýdymçynyň kesgitlenmegini şertlendirdi.
Şeýlelikde, bu gezekki bäsleşigiň ýeňijisi bolan Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Oňa göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy. Ýeňijä kubogy Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa gowşurdy.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde Annaberdi Orazmämmedow birinji, Şatlyk Gurbannazarow ikinji, şeýle-de Perhat Öräýew üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Uly buýsanç duýgularyna, şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşigiň ýeňijileri çeper döredijilige yzygiderli üns berýän döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda edilýän tagallalara mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.