Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi


Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň aýdym-saz bölüminiň gurnamagynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça komitetiniň ugurdaş çäresi hökmünde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy hünäriniň talyplar ansamblynyň dutar saz guralynda ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.

Konsertiň dowamynda Ýoly Orazowyň «Zer olmaz», Berdimuhammet Atabaýewiň «Ýaşylbaş», Magtymguly Rozymämmedowyň «Sen ýetir», Kerim Pirnepesowyň «Paş eder seni», «Ýaranlar», Kerwen Agadurdyýewiň «Zamana geldi», «Il biläni» ýaly ýerine ýetiren türkmen halk aýdymlary konserte gatnaşyjylaryň şatlygyny artdyrdy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy hünäriniň talyp ýaşlarynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri dabara gatnaşyjylary has-da buýsandyrdy. Bu bolsa ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlan özboluşly sowgady boldy.