Mary welaýatynda Täze ýyl mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler


Mary welaýatynda Täze ýyl mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler



Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary ajaýyp konsertleri bilen çykyş ederler.

17-nji dekabrda geçiriljek konsertlerde Türkmenistanyň halk artistleri Zylyha Kakaýewa, Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Azat Oramadow, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijileri Serdar Çaryýew, Gülşirin Öwezmämmedowa, Gurbangeldi Ataýew dagy özleriniň diňleýjileriň söýgüsini gazanan, şol sanda Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlan täze aýdymlary bilen çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.