Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi


Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz mugallymy kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi.

Konsert rus kompozitory Mihail Glinkanyň «Жаворонок» aýdymy bilen açyldy. Soňra bolsa ol Sergeý Rahmaninowyň «Wokaliz», Frans Şubertiň «Баркарола» we «Форель» aýdymlary ýaňlanandan soň, aýdym aýtmagyň adam saglygyna peýdalary barada gürrüň berildi.

Keýik özüniň näzik, mylaýym owazy bilen Jakomo Puççininiň «Джанни Скикки» operasyndan «Лауреттanyň ariýasy», Çary Nurymowyň «Niçik söz tapaýyn, nähili aýdym ýene», Adrian Şapoşnikow we Weli Muhadowyň «Zöhre-Tahyr» operasyndan «Zöhräniň aýdymy» eserlerini ýerine ýetirdi. Konsert Durdy Nuryýewiň «Saňa garaşýan», «Aýgytly ädim» kinofilminden Nury Halmämmedowyň «Aýnanyň aýdymy» we «Hüwdi» aýdymlary bilen dowam etdi.

Keýigiň ýerine ýetiren Çary Nurymowyň «Toý aýdymy» atly eseri konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi. Bu aýdymlardan soňra konserte gatnaşan okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary aýdymçy talyp gyzy gutladylar we oňa üstünlik arzuw etdiler.