Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi


Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi



Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylyk edýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.

Konsert Durdymuhammet Gurbanowyň, Baýram Hudaýnazarowyň sazyna döredilen «Goý, aýdylsyn Bitaraplyk aýdymy» atly aýdym bilen açyldy. Ony simfoniki orkestr we solo aýdymçylary - Röwşen Baýramow we Arzygül Gylyjowa ýerine ýetirdiler.

Aýdym-sazly dabaranyň meýilnamasynda: «Leýli we Mejnun», «Görogly» operalaryndan ariýalar, Aman Agajykow tarapyndan täzeden işlenen «Şirin-Şeker», «Durdy bagşy» türkmen halk sazlary, «Magtymguly» filmi üçin Nury Halmämmedowyň döreden «Hüjüm» atly sazy, simfoniki eserlerden bölekler - Nury Halmämmedowyň «Türkmenistan», Aman Agajykowyň «Garagum», Weli Ahmedowyň «Türkmeniň» ýaly dürli eserler bardyr.

Dabaranyň çäginde Suhan Tüýliýewiň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Dünýa heý» aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew tarapyndan ýerine ýerine ýetirildi.

Aýdym-sazly dabara Suhan Tüýliýewiň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Türkmen binasy» atly aýdym bilen jemlenji. Aýdym Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory bilen simfoniki orkestr tarapyndan dabaraly ýagdaýda ýerine ýetirildi.