Bedew atyň keşbi gadymy nusgalarda


Bedew atyň keşbi gadymy nusgalarda



Meşhur ahalteke atlarynyň watany bolan Türkmenistan üçin bedewleriň şekilini suratlandyrmagyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Iň gadymy döwürlerden başlap biziň ata-babalarymyz olaryň keşbiniň hemişelik saklanyp galmagy barada alada edipdirler. Gadymy galalaryň medeni gatlaklaryndan ýüze çykarylan arheologik tapyndylar munuň gözli şaýadydyr.

Abiwerd galasyndan 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylan ylmy-barlaglaryň dowamynda «Eýerlenen atyň üstündäki çapyksuwaryň şekilini aňladýan syrçaly keramiki heýkeljik (XII-XIV asyrlar)», «Iç ýüzünde bedew atyň şekili çekilen keramiki gabyň bölegi (IX-XIV asyrlar)», «Hyýaly atyň çeper keşbi şekillendirilen hum küýzäniň bölegi (XI-XIV asyrlar)» ýüze çykaryldy.

Eýerlenen atyň üstündäki çapyksuwaryň şekilini aňladýan syrçaly keramiki heýkeljik örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilip ýaşyl reňkli syrça bilen syrçalanypdyr. Iç ýüzünde bedew atyň şekili çekilen keramiki gabyň böleginde bolsa gara reňkde ýerine ýetirilipdir.

Hyýaly atyň çeper keşbi şekillendirilen hum küýzäniň ýüzünde tegelegiň içinde täsinlik bilen şekillendirilipdir.

Şeýle hem «Kerki» taryhy-medeni döwlet gorahanasynyň hasabynda duran Mürzebeg galasyndan «Toýundan ýasalan atyň heýkeljigi (III-V asyrlar)» tapyldy. Bu tapyndylar 23-nji aprelde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Lebap welaýat kitaphanasynda «Bedew» baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen dabarada sergilenilip görkezildi. Hem-de bu tapyndylary beýan edýän kitapça taýynlanyldy.

Häzirki wagtda Abiwerd galasynda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň alymlary, hünärmenleri bilen bilelikde gazuw-barlag işleri dowam edýär. Bu alnyp barylýan gazuw-barlag işlerinde hem ýene-de gowy tapyndylar ýüze çykarylar diýp umyt edýäris.