Seýit Jemaleddin binagärlik toplumy


Seýit Jemaleddin binagärlik toplumy



Seýit Jemaleddin binagärlik toplumy XV asyrda gurulýar. Metjidiň daşky we içki diwarlarynyň ýüzleri täsin dürli reňklerden düzülen syrçaly mozaikalar bilen bezelipdir. Bu metjit 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan ýer titremesinde weýran bolýar. Häzirki wagtda metjidiň diwarlarynyň aşaky bölekleri we girelgesindäki beýik peştagynyň pilonynyň 9 metre golaý bölegi saklanypdyr. Şol pilonlaryň çep tarapdaky pilony gowy saklanypdyr. Onuň sag tarapdaky pilonynyň saklanan görnüşi has gyşarypdyr, onuň ýykylmazlygynyň öňüni almak üçin onda anyk ölçeg işleri geçirildi.

Ölçeg işlerini Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlik hem-de “Ýöriteleşdirilen” ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Alnyp barylan ölçeg işleri gutarnykly taýynlanandan soňra şol gyşaran pilonynda hünärmenler we ussalar bilen iş geçirmek meýilleşdirilýär.