Bitikgala


Bitikgala



Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan iki kitapdan ybarat «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly saldamly ylmy eseriniň neşir edilmegi ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri baradaky bilim-düşünjelerimizi has-da baýlaşdyrdy, medeni mirasymyza bolan buýsanjymyza buýsanç goşdy. Çünki milli Liderimiziň eserlerinde beýan edilýän maglumatlar, rowaýatlar hem-de ylmy garaýyşlar henize çenli ylmy dolanyşyga girizilmedik täzeliklere baýdyr. Arkadag Prezidentimiziň ylmy ösdürmek babatynda edýän bimöçber tagallalaryna we öňe sürýän taglymatlaryna eýerýän türkmen alymlary tarapyndan häzirki wagtda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda giň gerimli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu işe Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň arheologiýa we etnografiýa bölümleriniň tejribeli hünärmenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Geçen arheologiýa möwsüminde Jeýhunyň kenarynyň esasy güzeriniň çep kenarynda ýerleşýän Amul ýadygärliginde geçirilýän gazuw-agtaryş işleri taryhymyza mälim bolmadyk täzelikleri ýüze çykardy. Ol tapyndylaryň aglabasy gadymy Amul şäheriniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky esasy söwda merkezleriniň biri bolandygyny tassyklaýar. Amula Gündogardan gelýän kerwenler derýanyň sag kenaryndaky orta asyr Bitikgala şäherinde bolup, onuň täsin binalaryna tomaşa etmäge mümkinçilik tapypdyrlar. Onuň bol harytly bazarlaryndan seýrek duş gelýän harytlardan kerwenlerindäki düýeleriň horjunlaryny mas ýükläp, ýoluny dowam edipdirler.
Şäheriň arheologiýa galyndylary häzirki wagtda Farap etrabynyň Bitik obasynda ýerleşýär. Ýadygärligiň taryhy we onuň ilatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň hereket etmegindäki bitiren hyzmaty barada W.W. Bartoldyň işlerinde, M.Ý. Massonyň «Merwden Horezme we Mawerennahra çenli orta asyr söwda ýollary» atly iri göwrümli ylmy makalasynda ygtybarly maglumatlar beýan edilýär.
Bitikgalada alymlar W. Filipko, Ö. Orazow, A. Burhanow tarapyndan arheologiýa barlag çukurlary gazyldy we onuň düýbüniň tutulan senesi hem-de medeni gatlaklary anyklanyldy. Ýadygärligiň biziň döwrümize gelip ýeten arheologiýa depesiniň meýdany 0,4 gektardan gowrak bolup, ol demirgazykdan günorta 60 metre golaý meýdana uzalyp gidýär. Depäniň düýbüniň giňligi 74 metre barabardyr. Günbatardan gündogarlygyna eňňit bolup gidýän meýdany 72 — 82 metre çenli giňelýär. Bitikgaladan ýüze çykarylan küýze gap-gaçlary we beýleki gym- matly tapyndylar şäheriň düýbüniň biziň eýýamymyzyň başky asyrlarynda, ýagny giçki antiki döwürlerde tutulandygyny tassyklaýar. Mundan başgada, medeni gatlakdan ýüze çykarylan tapyndylar şäherde XI—XII asyrlarda, ýagny Beýik Seljuklar döwründe durmuşyň pajarlap ösendigini habar berýär. Bitikgalada XVIII — XIX asyrlara çenli ýaşaýşyň dowam edendigini tassyklaýan gymmatlyklar ýüze çykaryldy. Bitikgalanyň daş-töweregi uly bolmadyk palçykdan galdyrylan diwar bilen gurşalypdyr. Diwaryň yzlary orta asyrlarda galanyň tutýan meýdanynyň 20 gektara ýetendigine güwä geçýär. Galanyň gorag diwarlarynyň beýikligi takmynan 3 metre, ini 2,5 metre deň bolup, ýokarsynda atyşhana hökmünde ulanylan diş-diş gurluşlary bolupdyr. Şäheriň gurluşygynda, esasan, palçykdan pagsalar we çig kerpiçler ulanylypdyr. 33x22x7 santimetr ölçegdäki kerpiçler köp gabat gelýär. Arheologlaryň tassyklamagyna görä, Bitikgalanyň daşky gorag diwarynda dört sany agaçdan ýasalan äpet derwezesi bolupdyr. Umuman, arheologiýa tapyndylarynyň habar berşi ýaly, Bitikgala şäheri Amul bilen bir wagtda döräpdir. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, Jeýhunyň has amatly güzerinde ýerleşendigi sebäpli, taryhyň ähli döwürlerinde durmuşyň ähli ugurlarynda, hususan-da, söwdada pajarlap ösüş höküm sürüpdir. Mundan başga-da, bu şäherde söwda bilen birlikde senetçiligiň dürli ugurlary güýçli ösüpdir. Esasan hem küýzegärçilik sungaty ösüşiň belent derejelerine ýetýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda şeýle habar berilýär: «...Bitikgalanyň ýaşaýjylarynyň ýasan küýze önümleri diňe bir hojalyk-durmuş maksady üçin däl, eýsem, harby goranyşda hem giňden ulanylypdyr».
Orta asyr Bitikgala şäheriniň ady dilşynaslyk ylmynda hem uly gyzyklanma döredýär. Bu barada alymlaryň dürli garaýyşlary bar. Olarda, esasan, «bitik» sözüniň «hasapçy», «mürze» sözleri bilen manydaşdygy nygtalýar. Hakykatdan-da, entek hat diýen arap sözi ýaýramanka, biziň parasatly pederlerimiz baryp VI—VIII asyrlaryň gadymy Orhon- Ýeniseý ýazuw ýadygärliklerinde «bitig», «bitmek» sözlerini «bilim», «hat» manysynda ulanypdyrlar. Türki dilleri öwreniji alym W. Radlowyň ýazmagyna görä, bu sözüň köki bolan «bit», «pit» sözleri hytaý dilinde-de bar. Çyn-Maçynda esasy ýazuw guraly bolan galama «pit» diýilýär. Wenger dilinde bolsa «hat» sözüniň deregine häzirki wagtda hem «betii» sözi ulanylýar. Gadymy türki dilleriň ählisinde «hat», «ýazgy», has soňraklar bolsa «resmihat», hatda «kitap» manylarynda-da «bitik» sözi ýörgünli bolupdyr. Bu dilleriň käbirinde «bitik» sözi ýiteňkirleşip, «hat» sözi ulanylyşa giren bolsada, ol dillerde «bitik» sözi doly unudylmandyr. Meselem, türkmen dilindäki «daşa biten ýaly», «ýüzüne bitip oturmak» ýaly aňlatmalarda bitmek işligi şol gadymy manysyny saklapdyr. Belli alym S. Atanyýazowyň ýazyşy ýaly, Göktürkmenleriň döwletiniň köşkdiwanynda «bitikçi» diýen wezipäniň bolandygy bellidir. Olar döwletiň ýazuw işlerini ýöredipdirler. Bu wezipäniň ady ilkinji gezek XI asyryň türki ýazuw ýadygärligi «Kutadgu-biligde» duş gelýär.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda bu gadymy sözüň manysyna düşündiriş berip şeýle ýazýar: «Bitikgalanyň adynyň gönüden-göni Amyderýanyň esasy güzeri weonda alnyp barlan işler bilen baglydygyny bellemek gerek. Belli dilçi-etnografiýaçy alym S. Atanyýazow öz ylmy seljermeleri arkaly «bitik» adalgasynyň gadymy oguz sözüdigini subut edip, onuň manysynyň gadymy «mürze» sözi bilen manydaşdygyny, ýagny güzerden kerwenleri geçirmegi guraýanlaryň, olardan alynýan pajyň mukdarynyň hasabyny ýöredijileriň galasy diýmegi aňladýandygyny ýazypdyr». Görnüşi ýaly, gadymy Bitikgala şäheriniň täsin syrlara beslenen taryhy sahypalary bar. Olary içgin öwrendigiňçe, täze-täze maglumatlaryň üsti açylýar. Milli baýlyklarymyzy täzeçe garaýyş bilen öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýankitabymyza öwrülip, täze ylmy gözleglere ruhlandyrýar. Ogulgerek AGAJANOWA