“KÖNEÜRGENÇ” TARYHY-MEDENI DÖWLET GORAGHANANYŇ ÇÄGINDÄKI BINAGÄRLIK ÝADYGÄRLIKLERINDE ALNYP BARYLAN DIKELDIŞ, BERKIDIŞ, REJELEÝIŞ IŞLERI


“KÖNEÜRGENÇ” TARYHY-MEDENI DÖWLET GORAGHANANYŇ ÇÄGINDÄKI BINAGÄRLIK ÝADYGÄRLIKLERINDE ALNYP BARYLAN DIKELDIŞ, BERKIDIŞ, REJELEÝIŞ IŞLERI



“Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik we arheologiýa ýadygärliklerinde işler dowamly alnyp barylýar.

Ýadygärliklerde berkidiş, dikeldiş işleri alnyp baryldy. Köneürgenjiň iň bir gadymy ýadygärligi hasaplanýan Kyrkmolla galasynyň çig kerpiçden gadymy gala diwarlarynda berkidiş işleri, Akgala ýadygärligiň çig kerpiçden gadymy gala diwarlarynda suwag işleri geçirildi. “Kerwensaraýyň” derwezesiniň, Mätkerim işanyň kümmetiniň diwarlarynyň aşaky böleginde zaýalanan bişen kerpiçler söküp aýrylyp täze kerpiç bilen dikeldiş işleri, Soltan Aly ýadygärliginiň diwarlarynyň daş tarapynda bişen kerpiçden örümleriniň aralaryna genç suwagy bilen doldurmak işleri alnyp baryldy.

Gutlug Temiriň minarasynda hem iň ýokarky böleginiň daş tarapyndan ÝUNESKO-nyň hünärmenleri bilen terjribeçilikde bolan, türkmen hünärmenleri tarapyndan minaranyň çür depesinden daş tarapyndaky kerpiçleriň zaýalanan ýerlerinde dikeldiş işleri geçirildi. Nejmeddin Kubranyň kümmetiniň bezeginiň rejelenişi barada aýdanymyzda rejelemek üçin arhiw maglumatlary, fotosuratlary toplamak, edebiýatlar bilen tanşyp, görnükli alymlaryň bu ady agzalan ýadygärlik barada belläp geçen pikirlerini jemlenip, ylmy taýdan öwrenmek işine girişildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hem-de “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda XIV asyra degişli Nejmeddin Kubranyň kümmetiniň peştagynda ýerleşen stalaktitli karniziň saklanyp galan binagärlik tärleri ylmy taýdan öwrenildi we ölçeg-derňew işleri geçirildi. Birnäçe gözlegler we çyzgylar esasynda stalaktitli karniziň umumy görnüşi dikeldilip, nähili tertipde stalaktitleriň ýerleşdirilişi we olaryň jemleýji örümi bilen çyzga geçirildi.

“Gülleri ýadyňa salýan, sary terrakota we gök syrçalanan şekiller utgaşdyrylyp, adaty bolmadyk üç hatar stalaktitli owadan karnizli beýik peştak, öňünden seredilende has hem gyzyklandyrýar” stalaktitleriň şekili gülleriň ýapraklaryny ýadyňa salyp, olaryň aralaryndaky ýerleşdirilen terrakotadan we reňkli ýüzi syrçalanan ösümlik we geometriki şekilli nagyşly bölekler bolsa gülleri ýadyňa salýar. Karnizdäki saklanyp galan ösümlik şekilli terrakotadan ýasalan kiçi we uly bölekleriň ölçegleri boýunça çyzga geçirildi. Syrçalanan açyk gök bilen garamtyl gök reňkli ösümlik nagyşlarynyň hem birnäçe görnüşiniň ölçegleri boýunça çyzga geçirildi. Ýerine ýetirilen taslamalar esasynda karniziň içindäki inedördül kerpiçleriň ýetmeýän we zaýalanan bölekleriň ýerinde gadymy usulynda taýýarlanyldy berkidiş abatlaýyş işleri edildi.

Nejmeddin Kubra ýadygärliginiň stalaktitli karnizinde geçirilen berkitme-rejeleýiş işleri gadymy nusgasyny ýitirmän, asyl nusgasyny saklap galmak üçin edilen tagallalar ýerine düşdi. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirligi we “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasy bilelikde “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghananyň çäginde ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginde 2014-nji ýyldan bäri yzygiderli maksada laýyk gazuw barlag işleri geçirilip dur. Häzirki wagtda şol aýan edilen diwarlarda ýöriteleşdirilen ylmy rejeleýiş ussahanasynyň hünärmenleri tarapyndan gadymy nusgada dikeldiş işleri geçirildi.