Mäne baba kümmeti


Mäne baba kümmeti



Ahal welaýatynyň Kaka etrap merkezinden 116 km, Mäne obasyndan 7 km demirgazyk-günbatarda Abu-Seýit - Mäne baba kümmeti ýerleşýär. Ol orta asyr Mähne şäheriniň çäklerinde saklanyp galan ýeke-täk binagärlik ýadygärligidir.
Mäne baba kümmetini alymlar XI-XIII-XIV asyrlar bilen seneleýärler. Bu kümmet özüniň binagärlik gurluşy boýunça örän täsindir. Onuň girelgesiniň merkezinde diwardan öňe çykarylan peştag ýerleşýär. Şol peştagyň arkasynyň iç ýüzi syrçaly bezegler bilen täsin bezelipdir. Syrça bezeglerinde goýy we açyk mawy we ak reňkler geometrik, ösümlik nagyşlary ussatlyk bilen ulanylypdyr.
Uzak ýyllaryň dowamynda peştagyndaky täsin syrça bezegleri tebigy täsirleriň netijesinde bölekleýin ýere gaçýar. Şol bölekler hem «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarpyndan toplanylýar we görnüşleri boýunça toparlara bölünip taýýarlanyldy. Syrça böleklerini ylmy esasda öwrenip öz ornunda goýmak işiniň birinji tapgyry 2009-njy ýylda amala aşyryldy. Bu möhüm işiň nobatdaky tapgyryny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň alymlary, hünärmenleri bilen bilelikde şu ýylyň dowamynda amala aşyrmak meýilleşdirildi.