Uly Gyzgaladaky gyzykly gezelençler


Uly Gyzgaladaky gyzykly gezelençler

«Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşen ýadygärlikleri dünýäniň dürli künjeginden görmäge gelýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň we ýerli syýahatçylaryň sany barha artýar. Goraghananyň çägindäki Soltan Sanjaryň, Muhammet ibn Zeýdiň, Hoja Ýusup Hemedanynyň we Sahabalaryň hatyrasyna gurlan binagärlik ýadygärliklerine täsirli gezelençler gurnalýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýahatçylyk möwsüminde Gadymy Merw şähristanlygynyň görnükli ýadygärlikleriniň biri bolan Uly Gyzgala köşküne aýlanyp, soňky ýyllarda alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijesi bilen tanyşmaga mümkinçilikler açyldy. Irki orta asyr köşkünde geçirilen gazuw barlaglar daşky diwarlary gasnaklar bilen bezelen bu üýtgeşik ymaratyň VIII-IX asyrlarda bina edilip, Merwiň Arap halyfatynyň paýtagyna öwrülen ýyllarynda ýerli hökümdara degişlidigi tassyklandy. Diwarlary tutuşlygyna çig kerpiçden gurlan iki gatdan ybarat köşküň demirgazyk böleginde üsti açyk içki howly ýerleşdirilipdir. Ygal möwsüminde ýagan ýagyş-ýagmyryň suwlarynyň diwarlara zyýanly täsirini ýetirmezligi üçin içki howlynyň merkezinde ýörite guýy gurnalypdyr.

Milli binagärligimiziň ajaýyp nusgasynyň ilkibaşdaky gurluş taryhy barada ylmy maglumatlar esasynda berilýän gürrüňler ýadygärligi görmäge gelen syýahatçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirler galdyrýar.